Mele suwly Jeýhunyň kenarýakasy özboluşly gözellige eýe. Demirgazyk-günbatara sary uzap gidýän derýanyň giň hanasyny dolduryp, towlanjyrap batly akýan mele suwuň tolkunlary birsydyrgyn lummardaýar, birden peýda bolýan suw girdabyna düşen porruklar dessine gözden gaýyp bolup, soňra hol aňyrda, suwuň ýüzünde ýene-de peýda bolýarlar, toraňňylaryň gögümtil ýapraklary gün nuruna kümüşsöw öwşün atýar, ýabany igdeleriň düzüm-düzüm miweleri owadan monjuklara çalym edýär, ösgün ýekenleriň sarygylt-melemtil başlary, buýanlaryň süýrümtik melemtil-goňras tohumlary hatar-hatar bolup düzülen uzyn baldaklary, hyşalaryň seçelenip duran ösgün baldaklary, aksowult öwüsýän tüýjümek başlary ýeliň ugruna birsyhly yraň atýarlar, toraňňy tokaýynyň aňryýanyndan häli-şindi amyderýa sülgünleriniň batly jokguldysy eşidilýär, suwuň üstünden ösýän sergin şemalda edil ownujak suw damjajyklary bar ýaly, ähli ýerde täsin owazlylyk hem serginlik duýulýar. Toraňňy tokaýlygynda ýekegapan sürüsine, şagal, tilki, garagulak ýaly ýyrtyjylara, towşana, gulaklyja kirpä, torsuga, gamyş pişigine, dürli guşlara, mör-möjeklere gabat gelmek bolýar. Birçaklar bolsa Amyderýanyň tokaýlyklarynda buhara sugunlary we tokaý gaplaňlary adaty haýwanlar bolupdyrlar. Gynansak-da, häzirki wagtda buhara suguny diňe belli-belli goraghanalaryň çäklerinde, ujypsyz mukdarda saklanyp galypdyr we berk goraga mätäçdir. Mele tolkunlary towlanjyrap-lummurdap, batly akýan derýanyň kenaryna baranyňda, onuň öz gozbaşyny nirelerden, haýsy alys ülkelerden alyp gaýdyp, mele suwuny nirelere deňiç alyp barýandygy hakynda oýlananyňy duýman galýarsyň. Amyderýa Merkezi (Orta) Aziýanyň iň uly we meşhur derýasy bolup, onuň iň bir bol suwly bölegi- orta akymy hem-de aşakgy akymynyň bir bölegi güneşli Diýarymyzyň çäginden akyp geçýär. Amyderýa öz gözbaşyny Pamir-Alaý dag ulgamyndan, has takygy, Kiçi Pamirden we Hindiguşdan alyp gaýdýar. Hindiguşdaky 4900 metr belentlikde ýerleşýän buzlukdan gözbaş alýan Wahan derýasy Pamir derýasy bilen goşulyp, Penç derýasyny emele getirýär, ol hem öz gezeginde Gunt, Bartang, Ýazgulem, Wanç, Gyzylsuw we Wahş derýalary bilen birleşensoň, Amyderýany emele getirýär. Amyderýa 1514 km uzynlyga, Penç we Wahanderýany goşanyňda 2640 km uzynlyga eýedir. Soňra oňa sag kenardan Kafirnigan, Surhanderýa, Şerabat, çep kenardanam Surhab derýalary öz suwlaryny guýýarlar. Pamir-Alaý dag ulgamyndan suwlanan Amyderýa Köýtendag gerşiniň günbatarragyndan tekizlige çykansoň, Turan pesliginiň sähra-çöllerini söküp geçip, Aral deňzine (gadymyýetde Oksiýana köli diýlip atlandyrylan) baryp ýetýär. Amyderýa Owganystan, Täjigistan, Özbegistan we Türkmenistan döwletleriniň çäginden akyp geçýär. Amyderýanyň geçmişde Garagumyň içi bilen akan, häzirki wagtda guran hanasynyň sudurlary saklanyp galan Günbatar Uzboý goly öz suwuny Hazar deňzine alyp barypdyr. (Mysal üçin, taryhyň “atasy” saýylýan Geradot Araks derýasynyň (Amyderýanyň) hem, edil Hind derýasy ýaly, öz gözbaşyny matiýenleriň ýurdundan alýandygy, kyrk gol boýunça akýan derýany Kir patyşanyň 360 akaba bölendigi, gollaryň ählisiniň diýen ýaly batgalyklary emele getirip gutarýandygy, diňe bir golunyň tekizlik arkaly akyp, Kaspi deňzine guýýandygy barasynda ýazypdyr). Amyderýanyň suwlulygynyň ýokary döwri - derýanyň joşmagy ýylda iki gezek bolup geçýär: mart-aprel aýlarynda, ýagny daglardaky garlaryň eremegi we ygalyň ýagmagy bilen baglylykda hem-de iýun-iýul aýlarynda, ýagny belent dag buzluklarynyň köp mukdarda eremegi bilen baglylykda. Derýanyň suwy örän bulançak bolup, ondaky gyrmançanyň mukdary ýokarydyr. Uzak taryhy geçmişde Amyderýa dürlüçe atlandyrylypdyr: “Awestada” ol “Wakş” diýlip atlandyrylan bolsa, grekler ony Oks, Oksus, Oksos, Araks ýaly atlandyrypdyrlar (b.e.I-II asyrlarynda). Bu adalga gadymytürki “oguz”, “okuz” sözleriniň gerekleşen nusgasydyr diýlip çaklanylýar. VI asyrda Amyderýanyň häzirki ady peýda bolupdyr. Ol gadymy Amul (häzirki Türkmenabat şäheriniň golaýynda ýerleşen), ýa-da biraz başgaça atlandyrylyşyna görä, Amu, Amuýe, Amuý şäheriniň ady bilen “derýa” sözüniň birikmesinden emele gelipdir diýlip çaklanylýar. IХ - ХI asyrlarda araplar tarapyndan Amyderýa “Jeýhun”, ýagny “Däli derýa” diýlip atlandyrylypdyr. Derýanyň orta akymynda ýurdumyzyň Lebap welaýaty ýerleşendir. Onuň ady “leb”- ýaka hem-de “ab” suw diýen sözlerden emele gelip, “suwuň ýakasy” diýen mana eýedir. Amyderýanyň bütin akymynyň, onuň gözbaş alýan Penç ýaly derýalarynyň ugrundaky tebigy gözelligi we köpdürliligi gorap saklamak maksady bilen, dürli ýyllarda, dürli döwletleriň çäklerinde goraghanalar esaslandyrylypdyr. Olardan Amyderýa döwlet goraghanasyny (Türkmenistanda, 1982 ýylda döredildi), Gyzylgum döwlet tokaý-çöl goraghanasyny (Özbegistanda, 1971 ýylda döredildi), Aşakky Amyderýa döwlet biosfera rezerwatyny (Özbegistanda, 2013 ýylda gysgaldylan Badaýtugaý döwlet goraghanasynyň ornunda döredildi), “Gaplaň käli” (täjik dilinde “Beşai palangon”, rus dilinde “Тигровая Балка”) döwlet tebigy goraghanasyny (Täjigistanda, 1938 ýylda döredildi) görkezmek bolar. Bu goraghanalar Amyderýanyň we onuň goşantlarynyň kenar-ýakalaryny örtýän toraňňy tokaýlyklarynyň we ýanaşyk ýerleşen çölleriň we daglaryň ekoulgamlaryny goramak, öwrenmek we dikeltmek ýaly asylly maksatlara gönükdirilendir. Şol sanda bu ekoulgamlara mahsus bolan buhara suguny ýaly ýitmek howpy abanýan haýwanlaryň populýasiýasyny saklap galmaklygy we dikeltmekligi maksat edinýärler. Mysal üçin, “Gaplaň käli” goraghanasynda 1958 ýylda iň soňky gezek tokaý gaplaňyna gabat gelnipdir. Güneşli Diýarymyzda ýerleşen Amyderýa döwlet goraghanasynyň ajaýyp tebigy aýratynlyklary toraňňy tokaýlarynyň we oňa ýanaşyk ýerleşen Gyzylgum çölüniň bir böleginiň ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gaýtalanmajak gözelligine göz ýetirmeklige, olary öwrenmeklige, goramaklyga, seýrek haýwanlaryň we balyklaryň, mör-möjekleriň populýasiýasyny dikeltmeklige gönükdirilen çäreleri alyp barmaklyga giň mümkinçilikleri berýär. Goraghana Lebap welaýatynyň Farap, Birata etraplarynyň we Seýdi şäheriniň çäklerinde ýerleşip, onuň meýdany (derýanyň akwatoriýasy – suwunyň meýdany hem hasaba alnanda) 49,5 müň ga. deňdir. Ol üç bölekden- sag kenarda ýerleşen Gyzgala-Nargyz böleginden we çep kenardaky Görelde we Gabakly böleklerinden ybaratdyr. Goraghananyň garamagynda 1970 ýylda döredilen, meýdany 103 müň ga. deň bolan Kelif çäkli goraghanasy (zakaznigi) hem bolup, ol Köýtendag etrabynyň çäginde ýerleşýär. Çäkli goraghana göçüp-gonýan guşlaryň göçüş ugrunda ýerleşendigi üçin, 200-den gowrak görnüşli guşlaryň höwürtgeleýän, gyşlaýan ýa-da göçüş döwri düşleýän mesgeni hökmünde uly ähmiýete eýedir. Amyderýa döwlet goraghanasy Turan pesliginiň demirgazyk çöl ýer üstli (relýefli) etrabynyň çäginde ýerleşip, oňa yssy we gurak, çürt-kesik kontinental howa şertleri mahsusdyr. Howanyň ýyllyk ortaça temperaturasy +10 ̊ C -dan +15 ̊ C –a çenli, ýylyň iň ýokary we iň pes temperaturalary +45 ̊ C -den -31 ̊ C –e çenli bolýar. Ygallar ýagyş we gar görnüşinde düşýär. Gyşyna 10 güne çenli saklanýan, galyňlygy 5-8 sm çenli bolan garyň ýagýan halatlary bolýar. Goraghananyň çäklerinde ýokary derejeli damarly ösümlikleriň 227 görnüşi, kömelekleriň käbir görnüşleri, öňurgasyzlaryň birnäçe ýüz görnüşi, balyklaryň 44 görnüşi, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenjileriň 29 görnüşi, guşlaryň 247 görnüşi (105 görnüşi şu ýerde höwürtgeleýär), süýdemdirijileriň 42 görnüşi gabat gelýär. Goraghananyň tokaýlyk bölegi we çöllük bölegi ösümlik we haýwanat dünýäsi babatynda tapawutlanýarlar. Çöl böleginiň ösümlik dünýäsi tokaýyňka garanda has köpdürlidir. Sebäbi toraňňy tokaýlygynyň aşakky gatynda otjumak ösümlikler diýerli ýokdur. Bu ýerde, esasan, çyrmaşyklaryň (liýanalaryň) käbir görnüşleri (Lemannyň çyrmaşygy, gündogar lomonosy we b.), hyşa, adaty ýandak, buýan, kendir, adaty gamyş, şorçaýyr giňden ýaýrandyr. Ýöne muňa seretmezden, Amyderýanyň kenaryndaky toraňňy tokaýlygy juda owadandyr. Bu ýerdäki toraňňydyr petdeleriň boýy 7-8 metre çenli ýetýär. Tokaýda agaçlardan toraňňy, petde, jungar söwüdi, igde has giň ýaýrandyr. Tokaýyň ýylgyn ýaly gyrymsy agaçlary we iri baldakly otlary barmasy kyn sümme jeňňellikleri emele getirýärler. Çöl böleginiň baý ösümlik dünýäsinde selmeler has köp ýaýrandyr, şonuň ýaly-da atanakgüllüleriň, çylşyrymlygüllüleriň, kösüklileriň wekilleri, efemerleriň (ösüş (wegetasiýa) döwri örän gysga bolan ösümlikleriň) köp görnüşleri, sazak, sözen, borjak, gandym ýaly çöl ösümlikleri ýaýrandyr. Goraghananyň çäginde Türkmenistanyň we Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl kitaplaryna girizilen ösümlikler gabat gelmeýär. Seýrek duşýan ösümliklerden çöl kriptodiskusyny, Bergiň gaz soganyny, Koganyň bergiýasyny, çöl şorasyny, çal ýaprakly süýtleňňiji görkezmek bolar. Goraghananyň çäginde mör-möjekleriň dürli görnüşleri, ylaýta-da möýler, tomzaklar, kebelekler, garynjalar giňden ýaýrandyr. Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen agaç hudaýatysy, Boliwaryň hudaýatysy, altynokat tomzak, toraňňynyň serhoş kebelegi, toraňňynyň pile egriji kebelegi gabat gelýär. Bol suwly derýanyň ihtiofaunasy özboluşly aýratynlyklara eýedir. Amyderýanyň endemigi hasaplanýan uly we kiçi amyderýa pilburny Türkmenistanyň we Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Çünki bu görnüşler dünýäniň başga hiç bir ýerinde-de gabat gelmeýär. Olar has gadymy balyklara degişli bolup, teňňeleri ýokdur, endamy süňkleşen örtgi bilen örtülendir. Pilburnuň süňkleşen kellesiniň ýer agdarýan pile çalym edýändigi üçin ol şeýle atlandyrylan bolsa gerek. Şonuň ýaly-da balyklardan lakga, söýgen, tüňňimaňlaý, ak amur, çortan şekilli akmarka, bekre balygy gabat gelýär. Soňky iki görnüş Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Amfibiýalaryň (ýerde-suwda ýaşaýanlaryň) iki görnüşi- ýaşyl gurlawuk we köl gurbagasy giňden ýaýrandyr. Goraghananyň çöl böleginde süýrenijiler (reptiliýalar) has giň ýaýrandyr. Şolardan zemzen we göklors Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Şeýle-de, bu ýerde gum patmasyna, torjumak suwulgana, sähra hažžygyna, sähra pyşdylyna, okýylana ýygy-ýygydan gabat gelmek bolýar. Köpsanly guşlar toraňňy tokaýyna we çöle aýratyn gözellik berýärler. Guşlaryň höwürtgeleýän, gyşlaýan döwürleri olaryň görnüşleri has-da artýar. Elbetde, bu ýerde hemişelik ýaşaýan iri guş bolan amyderýa sülgüni toraňňy tokaýynyň we jeňňelleriň ýaraşygydyr. Olaryň uzynguýruk horazlarynyň gyzyl-ýaşyl öwüsýän “lybasy” mäkiýanlarynyňka garanda, has owadan görünýär. Sülgün ürküzilen pursaty pasyrdap, dik ýokaryk batly göterilip, birdenem gapdallygyna uçýar. Ol gaty kän aralyga uçup bilmeýär, arany ep-esli açyp, ýene-de ýere gonýar. Sülgün tokaýyň buky jaýlarynda, ýerde höwürtgeleýär. Mundan başga-da, goraghananyň tokaýlarynda buhara jik-jikisi, akganatly daşdeşen, gijelerine gygyrýan melemtil-sary hüwüjik kän gabat gelýär, kertlerde kürkürek, gögerçin, gökgarga, hüýpüýpik höwürtgeleýär, suwuň kenarynda hokgar, suw serçesi, çuluk ýaly guşlar gabat gelýär. Höwürtgeleýän guşlardan bürgüt, ütelgi, ýylançy gyrgy, hüwi, togdary Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna, sähra göwenegi we mermer ördegi bolsa Türkmenistanyň we Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Gemrijilerden alaka we öý syçany has köp ýaýrandyr. Çölde uly, ikindi we gyzylguýruk alakalar, tüýlek aýakly atýalman, tokaýda ýylgyn alakasy gabat gelýär. Mör-möjek iýýänlerden gulakly kirpi, kiçi uzyntumşuklyja, çölde - alasyçan ýaýrandyr. Towşanlar ähli ýerde diýen ýaly gabat gelýärler. Seýrek gabat gelýän hindi oklukirpisi ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Ýyrtyjylardan bu ýerlerde şagal, tilki, torsuk, alajagözen, gamyş we sähra pişigi, ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna girizilen garagulak we segaby gabat gelýär. Toýnaklylardan tokaýda- ýabany doňuz we buhara suguny, çölde- keýik bar. Goraghananyň hazynasy saýylýan buhara sugunynyň sany ujypsyz bolup, ol Türkmenistanyň we Tebigaty Goramagyň Halkara Bileleşiginiň Gyzyl kitaplaryna girizilendir. Çölde ýaşaýan keýikler hem ýurdumyzyň Gyzyl kitabyna giren haýwanlaryň hataryna degişlidir. Sugunlar süri bolup ýaşaýarlar, derýanyň kenaryndaky tokaýlaryň dürli ýerlerine göçýärler, bahar aýlary bolsa, hatda sähralyga-da çykýan halatlary bolýar. Goşa şahy özboluşly bezeg berýän, gyzgylt-melemtil reňkli erkek sugun diýseň berdaşly görünýär. Ol başyna şahalanyp duran äpet jyga geýen “tokaý şasyna” çalym edýär. Höwür döwri olaryň täsin sesleri uzaklara ýaňlanýar. Toraňňy tokaýynyň has açygrak, giň meýdanynda gaýduwsyz sugunlaryň göreşi bolup geçýär. Sugunlar batly süsüşende, biri-birine karsyldap urulýan şahlaryň zarbyndan uçgun ýylpyldap gidýäne çalym edýär. Ýeňiji bolan iň güýçli sugun nesil dowamatyna hukuk gazanýar. Munuň tersine, şahsyz kellesiniň iki ýanyndaky süýrümtik gullaklary keýerip duran urkaçy sugunlar has ýuwaş görünýärler. Sugun owlajygy dünýä inende bolsa, onuň inçemik aýaklary, naşyja tumşujagy, owadanja keşbi has-da mähirli bolup görünýär. Goraghanada 1999 ýyldan bäri, Ýabany Tebigatyň Bütindünýä Gaznasynyň goldamagyndaky “Buhara sugunynyň populýasiýasynyň tebigy ýaşaýan ýeriniň goragyny goldamak” atly taslama boýunça iş alnyp barylýar. Türkmenistanda döwlet derejesinde tebigaty goramaklyga, daşky gurşawa aýawly çemeleşmeklige, ýerleriň şorlaşmagyna, zaýalanmagyna we çölleşmegine garşy göreşmeklige, ýurduň ähli ýerlerini bagy-bossanlyga öwürmeklige gönükdirilen gerimli we köpugurly çäreler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň 1996 ýylda BMG-niň Çölleşmä garşy göreş boýunça Konwensiýasyna hem-de Biodürlülik hakyndaky Halkara Konwensiýasyna goşulmagy, geçen döwürde bu Konwensiýalary berjaý etmek ugrunda ýutda gerimli işleriň durmuşa geçirilmegi, 2013 ýylda kabul edilen “Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy”, 2014 ýylda kabul edilen “Tebigaty goramak hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny Güneşli Türkmenistanyň gözel tebigatyny goramaklyga we baýlaşdyrmaklyga, ekologiýa şertlerini gowulandyrmaklyga gönükdirilen çäreleriň aýdyň mysallarydyr. Şonuň ýaly-da Türkmenistanda Garagumyň täsin ekoulgamyny, tebigy şertlerini, biologik köpdürliligini gorap saklamak maksady bilen, 2013 ýylda Bereketli Garagum goraghanasy döredilendigi goldawa mynasyp işdir. Ýurduň ähli goraghanalarynda Ülkäniň gözel tebigatyny gorap saklap, geljekki nesillere aýawly ýetirmek ugrunda netijeli gorag-dikeldiş, ylmy-barlag, usulyýet-ündew işleriniň sazlaşykly alnyp barylýandygy mälim hakykatdyr. Çünki Türkmenistanyň özboluşly tebigaty köpgörnüşli hem diýseň ajaýypdyr. Diýmek, geljekki nesiller şeýle ajaýyplygy öz gözleri bilen görüp, soňsuz lezzet almaklyga haklydyrlar.