Umumy adamzat siwilizasiýasynyň ösüşine mynasyp goşant goşan gadymy halkymyzyň Jeýtun (b.e.öňki VI müňýyllyk), Änew (b.e.öňki V-IV müňýyllyklar), Altyndepe (b.e.öňki III-II müňýyllyklar) ýaly köpöwüşginli medeniýetleri, gadymy dünýäniň Mesopotamiýa, Müsür, Hindistan, Hytaý ýaly merkezleri bilen bir hatarda gülläp ösen bäşinji siwilizasiýa merkezini- Goňurdepäni (Marguş, b.e.öňki III müňýyllyk) döredendigi buýsançly hakykat bolup, merdana ata-babalarymyzyň biziň eýýamymyzdan öňki döwürlerde hem müňlerçe kilometr aradaşlykdaky halklar we ýurtlar bilen aragatnaşyk saklandyklaryny subut edýän arheologik deliller ylymda giňden mälimdir. Dürli halklaryň we medeniýetleriň özara gatnaşygy, arabaglanyşygy we özara baýlaşmagy bolsa, umumyadamzat siwilizasiýasynyň ösüşine öňyn täsir edendigi şübhesizdir. Bu babatda Gündogar bilen Günbatary gury ýer we deňiz-derýa ýollary arkaly baglanyşdyran ägirt uly söwda-ýol ulgamy hökmünde taryha giren Beýik ýüpek ýoly has özüne çekijidir. Ata Watanymyzyň onuň esasy ýolunyň - trassasynyň hut merkezi böleginde ýerleşendigi bolsa, bizde has-da uly gyzyklanma döredýär. Sebäbi dürli yklymlary we halklary baglanyşdyran şeýle uly we çylşyrymly ýol ulgamy – yklymara we milletara ýakynlaşmagyň (integrasiýanyň) taryhdaky ilkinji nusgasy bolmak bilen, megerem, dünýäniň gadymy taryhynda başga bolmadyk bolsa gerek. Onuň müňlerçe kilometr aradaşlykdaky ýüzlerçe dürli-dürli halklary, onlarça ýurtlary, san-sajaksyz şäherleridir galalary, iň esasy-da, dürli medeniýetleri özara birleşdiren we has uzak taryhy döwürde (b.e.öňki II asyr - b.e. ХV asyry) üznüksiz hereket eden täsin söwda-ýol we aragatnaşyk ulgamy bolandygyna gojaman taryh şaýatlyk edýär. Orta asyrlarda Aziýada dowamly syýahatda bolan wenesiýaly söwdagär we syýahatçy Marko Polo tarapyndan bu kerwen ýollary “ýüpek ýollary” diýip atlandyrylandygyna garamazdan, ylmy dolanşyga ХIХ asyrda, has takygy 1877 ýylda nemes alymy Ferdinand fon Rihtgofen tarapyndan girizilen “Beýik ýüpek ýoly” adalgasy onuň “Hytaý” atly düýpli eserinde ilkinji gezek gabat gelýär. Alymlaryň tassyklamaklaryna görä, Beýik ýüpek ýolunyň taryhy öz gözbaşyny biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan, has takygy, hytaýly diplomat we syýahatçy Çžan Sýanyň b.e.öňki 128 ýylda Merkezi Aziýa gelip, bu ülkäniň şol eýýamda gülläp-ösen gadymy döwletlerinde saparda bolan döwründen gözbaş alyp gaýdýar. Biziň eýýamymyzdan öňki II asyra çenli Ýewropadan Aziýa uzaýan kerwen ýollary Hytaýyň serhetlerine çenli baryp ýetipdir we şondan aňry dowam etmändir. Çünki ondan aňry geçmeklige päsgel berýän tebigy böwediň, ýagny Aziýanyň belent daglarynyň – Týan-Şan, Gimalaý, Kun-Lun, Karakorum, Hindiguş dag ulgamlarynyň ýaýlyp ýatmagy Gadymy Hytaýyň özboluşly siwilizasiýasyny galan dünýäden üzňe halda saklaýardy. Gadymy hytaýlylaryň Merkezi Aziýa hakda bilmeklerine, netijede, Günbatarda ýerleşýän baý ýurtlara – özboluşly medeniýetleriň ajaýyp ojaklaryna tarap uzaýan ýoly açmaklaryna, iň esasy-da, medeniýetleriň we siwilizasiýalaryň arasyndaky üzňeligiň we nämälimligiň diwarynyň syrylyp taşlanmagyna bellibir taryhy wakalar sebäp bolupdyr. Hytaý sene ýazgylarynda “ýueçžiler” diýlip atlandyrylan (ylmy çaklamalara göra, grek çeşmelerindäki “toharlar”) b.e.öňki II asyrda sýunlaryň (hunlaryň) gysyp çykarmagy zerarly bölünip, olaryň esasy bölegi - “uly ýueçžiler” (“ta ýueçži”) Günbatara göçüş edýärler. Az sanly “kiçi ýueçžiler” (“sýao ýueçži”) bolsa Týan-Şanyň günortasyna, kýanglaryň (tibetlileriň) ýurduna gidýärler. Bu ýagdaýlar zerarly Hytaýyň (Han imperiýasy) imperatory U-Di hunlara garşy göreşde ýueçžiler bilen ylalaşyk düzmek maksady bilen, b.e.öňki 138 ýylda Çžan Sýanyň baştutanlygyndaky ilçileri olaryň yzlaryndan ugradýar. Taryhy maglumatlara görä, ýueçžiler Gobi çölünden aşyp, Ili derýasynyň jülgesinde we Yssyk-Kölüň kenarlarynda mesgen tutmaga synanyşýarlar. Emma olara yusun taýpalary garşylyk görkezýärler. Netijede, ýueçžiler saý (sak ýa-da skif) taýpalaryny çym-pytrak edip, Dawanyň (Fergana) günbatarynda, Oksuň (Amyderýanyň) kenaryndan demirgazykda (Fararudda) ornaşýarlar. Soňra olar Oksdan geçip, Baktriýany basyp alýarlar we Parfiýanyň çäklerine süsňäp girip, ony-da basyp almak howpuny döredýärler. Uruşlarda Parfiýanyň şalary Fraat II we Artaban II wepat bolýarlar. Diňe Parfiýanyň şasy Mitridat II çozuşlary togtatmak başardýar. Soňlugy bilen Hindistanyň çäklerine çenli aralaşan ýueçžiler (toharlar) Kuşan şalygynyň düýbüni tutýarlar. Hytaýyň imperatory U-Diniň b.e.öňki 138 ýylda ugradan ilçileri uly kynçylyklara döz gelip, ýaýlyp ýatan Takla-Makan çölünden, Týan-Şan daglarynyndan geçip, on ýyla çeken hun ýesirliginden sag-aman gutulyp, ahyrsoňy b.e.öňki 128 ýylda ýueçžileri Merkezi Aziýanyň bag-bakjaly oazislerinden tapmagyň hötdesinden gelýärler. Çžan Sýan Merkezi Aziýada baý döwletleri, şäherleridir galalary, ösen medeniýeti, ekerançylygy, suwaryş desgalaryny, senetçiligi, ajaýyp “ganatly asman bedewlerini” görüp, juda haýran galýar. Şol döwürde bu sebitde, Gadymy Hytaýyň adalgalary bilen aýdanymyzda, Ansi (Parfiýa), Dasýa (Baktriýa), Kanszýuý (Sogdiana we Horezm), Daýuan (Dawan ýa-da Parkan) döwletleri bardy. Bu gadymy döwletler eýýäm şol döwürde Hindistan, Ýakyn we Orta Gündogar, antik dünýä bilen giň söwda gatnaşyklaryny alyp barýardylar. Hunlara garşy ylalaşyk düzmeklik başartmadyk-da bolsa, b.e.öňki 126 ýylda Hytaýa sag-aman dolanyp baran Çžan Sýanyň Merkezi Aziýadaky ýurtlarda gören-eşidenleri, şol sanda “ganatly asman bedewleri” hakyndaky maglumatlary uly gyzyklanma döredýär. (Çžan Sýanyň bellikleri b.e.öňki I asyrda Syma Sýanyň “Şi szi” (“Taryhy ýazgylar”) atly eserinde beýan edilipdir). Imperator U-Diniň “ganatly asman bedewlerini” parahatçylykly ýol bilen almak niýeti başa barmansoň, biziň eýýamymyzdan öňki 105-102-nji ýyllarda Han imperiýasy Merkezi Aziýa goşun çekýär. Şeýdip, Hytaý “ganatly asman bedewlerini” gola salmagyň hötdesinden gelýär we Merkezi Aziýada güýçli täsirini ornaşdyrýar. Bu taryhy wakalar yklymlary, ýurtlary we medeniýetleri özara baglanyşdyran gadymy kerwen ýollarynyň bütewi ulgamynyň emele gelmeginiň başyny başlaýar. Elbetde, Beýik ýüpek ýoly ozaldan hem bar bolan we dürli ugurlara alyp barýan birtopar bölekleýin kerwen ýollarynyň bir bütewi ulgama birikdirilmegi netijesinde döräpdir. Mysal üçin, Merkezi Aziýadaky lazurit, nefrit, pöwrize, hakyk ýaly ýarym gymmatbaha daşlaryň gazylyp alynýan känleriniň önümleri öň hem kerwen ýollary arkaly Eýrana, Mesopotamiýa we Müsüre äkidilipdir, ýa-da Alynky Aziýanyň ýurtlaryna Sogdiananyň we Baktriýanyň hakyk daşy, Horezmiň pöwrize daşy alnyp gidilipdir. Ol ýurtlardan hem zerur we gymmatly harytlar getirilipdir. Taryhy maglumatlara görä, eýýäm biziň eýýamymyzdan öňki III müňýyllykda “Lazurit ýoly”, biziň eýýamymyzdan öňki II müňýyllykda “Nefrit ýoly” diýlip atlandyrylan kerwen ýollary arkaly söwda gatnaşyklary amala aşyrylypdyr. Beýik ýüpek ýoly örän alys aralyklara uzandygy sebäpli, ähli döwürde-de ony haýsydyr bir ýeke-täk döwletiň öz gözegçiliginde saklamagy uly kynçylyklary döredipdir. Diňe üç döwürde Beýik ýüpek ýoluna diňe bellibir ýeke-täk döwletiň gözegçilik edendigi taryhdan mälim: VI asyrda Türk Kaganaty, ХIII asyryň ikinji çärýeginde Çingiz hanyň imperiýasy, ХIV asyryň ahyrlarynda hem Emir Temiriň esaslandyran döwleti şeýle mümkinçilige eýe bolupdyr. Beýik ýüpek ýolunyň taryhynyň bütin dowamynda ony öz garamagynda saklamak ugrunda döwletleriň özara göreşi dowam edipdir. Netijede, ýoluň has iri böleklerine gözegçiligi iň güýçli döwletler öz golunda saklapdyr. Biziň eýýamymyzyň III asyryna çenli ýoluň iri böleklerine Rim, Parfiýa, Kuşan, Han döwletleri eýeçilik edip, olaryň synmagy sebäpli Beýik ýüpek ýoly pese düşüpdir. Diňe VI asyryň ahyrynda emele gelen Türk kaganaty merkezleşdirilen gözegçiligi ele alýar. Bu döwürde sogd täjirleriniň täsiri has artýar. Türk kaganatynyň synmagy we Hazar, Günbatar Türk, Gündogar Türk, Uýgur kaganatlarynyň döremegi bilen, ýeke-täk gözegçilik elden giderilýär. VII - VIII asyrlarda Beýik ýüpek ýolunyň esasy böleginiň gözegçiligi Tan imperiýasyna (Hytaý) degişli bolýar. VIII asyryň ikinji ýarymynda gözegçilik Arap halyflygynyň eline geçýär. (751 ýylda Talas söweşinde araplar hytaýlylary çym-pytrak edenden soň). XIII-XIV asyrlarda Çingiz hanyň imperiýasy Beýik ýüpek ýoluna ýeke-täk gözegçiligi amala aşyrýar. Imperiýanyň synmagy bilen, gözegçilik dört döwletiň - Hulagidleriň imperiýasynyň, Altyn Ordanyň, Çagataý ulusynyň we Ýuan imperiýasynyň eline geçýär. ХIV asyryň ahyrlarynda bolsa, Emir Temiriň esaslandyran imperiýasy ýeke-täk gözegçiligi ele alýar. ХV asyrda merkezi Aziýada ýüze çykan gapma-garşylykly ýagdaýlar zerarly Beýik ýüpek ýoly kem-kemden pese gaçyp ugrapdyr. Bu bolsa deňiz ýollaryna ünsüň has artmagyna getirip, geljekki Beýik geografik açyşlar üçin giň mümkinçilikleri kemala getiripdir. Muňa seretmezden, Beýik ýüpek ýolunyň belent daglyk sebitler arkaly geçip, Täjigistan, Owganystan, Pakistan, Hindistan ýaly ýurtlary baglanyşdyran käbir bölekleri boýunça kerwen gatnawlary hatda ХХ asyryň başlaryna çenli dowam edipdir. Elbetde, uzak taryhy döwrüň dowamynda ýer-ýurtlaryň, şäher-galalaryň, halklaryň atlandyrylyşy üýtgäpdir, gadymy medeniýetler kemala gelip, köneleri taryhyň gatlaryna siňip gidipdir, döwletler döräpdir, gülläp ösüpdir we synypdyr, emma Beýik ýüpek ýoly welin öz ugry boýunça üýtgewsiz dowam edipdir. Onuň bir ýarym müň ýyldan-da geçýän uzak taryhynyň bardygy haýran galdyrýar. Beýik ýüpek ýoly Hytaýyň gadymy paýtagty bolan Çanan (Siýan) şäherinden başlanyp, demirgazyk Týan-Şanyň ugry bilen Beýik Hytaý diwarynyň gyra-çetinde ýerleşen Dunhuan şäherine çenli gelipdir. Şu ýerde ýol Takla-Makan çölüni demirgazykdan we günortadan aýlanyp geçýän iki şaha bölünipdir. Ýoluň demirgazyk şahasy Hami, Turfan, Kuça şäherleriniň üsti bilen Ili derýasynyň jülgesine çykyp, Kaşi şäherine ýetipdir, günorta şahasy-da Kiemo, Hotan, Şaçe şäherleriniň üsti bilen Kaşi şäherine gelipdir. Şaçede esasy ýoluň günorta şahasyndan aýrylan goşmaça ýol Hindistana ugur alypdyr. Kaşide ýoluň esasy iki şahasy birigip, ýene-de aýrylypdyr. Ýoluň demirgazyk şahasy Kokandyň, Şaşyň (Daşkent), Marakandanyň (Samarkant), Buharanyň, Amulyň (Türkmenabat) üsti bilen Merwe (Mary) gelipdir. Günorta şahasy hem Baktranyň (Balh) üsti bilen Merwe gelipdir. Bu ýerde birleşen ýol Parfiýanyň paýtagty Nusaýdan geçip, Eýranyň, Mesopotamiýanyň üsti bilen, Bagdad, Damask şäherlerinden geçip, Ortaýer deňzine baryp ýetipdir. Soňra ýol deňiz arkaly Aleksandriýa (Kair) we Rime sary dowam edipdir. Beýik ýüpek ýolunyň üçünji, Demirgazyk ýa-da Sähra ýoly diýlip atlandyrylýan has çylşyrymly şahasy Çanan bilen Dunhuanyň aralygynda demirgazyk şahadan aýrylyp, Gobi çölüniň çetinde ikä bölünipdir. Onuň bir şahasy Týan-Şan daglaryndan geçip, Fergana jülgesinde we Şaş oazisinde demirgazyk şaha bilen birleşip we ýene-de aýrylyp, soňra Oksiana köli (Aral) we Girkan (Hazar) deňizlerini aýlanyp ötüp, Gara deňziň (Pont Ekwin) kenarlaryna sary ugur alypdyr. Ýoluň ýokarky şahasy Altaýyň, Gazagystanyň, Aşakky Powolžýäniň, Günortarus sährasynyň üsti bilen geçip, Don derýasynyň aşakky akymynda Sähra ýolunyň beýleki şahasy bilen birigipdir. Beýik ýüpek ýolunyň bu şahasy hem uly giňişliklerden geçipdir we Ýewropa çenli dowam edipdir. Beýik ýüpek ýolunyň üç esasy şahasyndan daşary, birtopar goşmaça ýollary hem bolup, olar dürli-dürli ugurlar boýunça esasy şahalary baglanyşdyrypdyrlar. Ýoluň deňiz bölegi bolsa, Aleksandriýa (Kair) şäherinden başlanypdyr we Gyzyl deňzi we Hindi okeany arkaly Hindistanyň günbatar kenarýakasyndaky port şäherlerine çykypdyr. Ol ýerdenem Baktra (Balh), Tarmita (Termez) şäherine çenli gury ýer arkaly gelipdir. Soňra Oks (Amyderýa) arkaly Zemm (Atamyrat), Amul (Türkmenabat) şäherleriniň üsti bilen geçip, Horezme ýetipdir we Hazar deňzine bakan gönügipdir. Ýoluň bu ugry soňra Hazaryň kenaryndan aýlaw edip, gadymy Albaniýanyň, Iweriýanyň (Kawkazdaky gadymy döwletler) we Kolhidanyň (Gruziýa) çäginden geçip, Gara deňzine ýetipdir, onsoň Rime sary gönügipdir. Gury ýer ýollary deňiz ýollary bilen sepleşipdir. Hindi kenarýaka portlaryndan göni Merwe sary gaýdýan gury ýer ýoly hem bolupdyr. Ýoluň ýene-de bir ugry Aşakky Powolžýeden başlanyp, Hazaryň günbatar kenarýakasyndaky Derbendiň üsti bilen geçip, gadymy Parfiýa we Albaniýa baryp ýetipdir. Umuman, Beýik ýüpek ýoly Merkezi Aziýanyň çäklerinde kän şahalanypdyr. Bu bolsa biziň Ülkämizde gadymyýetde ösen medeniýetli ajaýyp şäherleriň, kämil senetçiligiň we baý ekerançylygyň gülläp ösendigine doly şaýatlyk edýär. VI-VIII asyrlarda Beýik ýüpek ýolunyň gury ýer arkaly geçen esasy trassasy Siriýa – Eýran – Merkezi Aziýa - Günorta Gazagystan - Talas jülgesi - Çuý jülgesi - Yssyk-Köl çöketligi -Günorta Türküstan - Hytaý ugry boýunça geçipdir. Eýran bilen Wizantiýanyň arasyndaky gapma-garşylyklar zerarly, eýranlylaryň grek täjirlerine agyr paç salmagy netijesinde, Beýik ýüpek ýolunyň Demirgazyk Kawkazyň üsti bilen geçýän täze ugry has işjeň peýdalanylan döwri-de bolupdyr. Bu döwürde Hytaýdan gelýän kerwenler Eýrandan sowlup geçip, Merkezi Aziýanyň üsti bilen, Hazar deňzini günortadan däl-de, demirgazygyndan aýlanyp ötüpdir. IХ-Х asyrlarda gadymy Merw Merkezi Aziýanyň derwezesi hökmünde syýasy we söwda gatnaşyklarynda has möhüm orny eýeläpdir. Çünki Beýik ýüpek ýolunyň bütin taryhynda onuň esasy trassasy gönüden-göni şu ajaýyp şaheriň üstünden geçipdir.Ýeri gelende aýtsak, Merw gülläp-ösen Margiýananyň paýtagty bolup, dürli döwürlerde ol Mouru (Murgap jülgesiniň “Awestada” atlandyrylyşy), Marguş, Margiana, Margaw, Margiana Antiýohiýasy, Margiýana Aleksandriýasy, Maru-Şahu-Jahan, Merw ýaly atlandyrylypdyr. Orta asyrlarda ol “Şahu-Jahan” we “Horasanyň şäherleriniň enesi” ýaly belent derejeli atlara mynasyp görlüpdir. Merw gadymyýetde ägirt uly megapolis bolup, Buhara, Samarkand, Warahşa, Penjikent ýaly meşhur şäherlerem onuň bilen deňleşerden asgyn gelipdir. Gadymy zoroastrizm edebiýatlarynda aýdylyşyna görä, gadymy dünýäniň üçünji “Bolçulyk şahy (bulgury)” hut Merwe degişlidir. Käbir maglumatlara görä, orta asyrlaryň bellibir döwründe onuň ilatynyň sany million adamdanam geçipdir. (Gadymy Merwiň ýadygärlikleriniň ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä sanawyna” girizilendigi, 2014-nji ýylda GDA-ň medeni paýtagty, 2015-nji ýylda Türki dünýäsiniň medeni paýtagty ýaly abraýly derejelere mynasyp bolandygy bu taryhy hakykatyň halkara derejesinde giňden ykrar edilmeginiň ajaýyp mysallarydyr). Şonuň ýaly-da, Beýik ýüpek ýolunyň esasy şahasy, kähalatlarda bolsa goşmaça şahalary Merweden daşary, Diýarymyzda gadymyýetde gülläp ösen, taryhy müňýyllyklara uzaýan Nusaý (ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä sanawyna” girizilen), Amul, Köneürgenç (ÝUNESKO-nyň “Bütindünýä sanawyna” girizilen), Zemm, Abywerd, Maşady-Misserýan ýaly iri gadymy şäherleriň üsti bilen geçendigi mälimdir. Çünki Diýarymyzyň çägindäki Amyderýanyň orta we aşakgy akymynda, Murgap we Tejen derýalarynyň jülgelerinde, Köpetdagyň eteginde iň gadymy döwürlerden başlap iri medeniýet ojaklary kemala gelipdir. Güneşli Ülkämizde uzak taryhda gülläp ösen ajaýyp medeniýetleriň, şan-şöhratly döwletleriň we uly şäherleriň bolmagy Beýik ýüpek ýolunyň hut ata Watanymyzyň çäginden geçmegine esas döreden şertlerdir. Beýik ýüpek ýolunyň şeýle atlandyrylmagyna ýüpegiň sebäp bolandygyna seretmezden, bu ýol arkaly diňe ýüpek däl-de, ýüzläp dürli görnüşli harytlar daşalypdyr. Ýygjamlaşan özara söwda gatnaşyklary bolsa, dürli-dürli halklaryň ruhy we maddy medeniýetleriniň özara baýlaşmagy, täze tehnologiýalaryň alşylmagy, ylmyň ösmegi üçin giň mümkinçilikleri we şertleri döredipdir. Beýik ýüpek ýolunyň ösüşiniň başky döwründe Hytaýa Merkezi Aziýadan ýyndam bedewler, ýorunja tohumy we medenileşdirilen üzüm bilen bir hatarda, sogan, injir, sarymsak, gawun ýaly medeni ekinler we miweli agaçlar hem ilkinji gezek aralaşypdyr. Öz gezeginde, erik, tüwi, çaý ýaly ekinler we miweli agaçlar Hytaýdan getirilipdir. Mysal üçin, Çžan Sýan Merkezi Aziýada ilkinji gezek üzümi we ondan öndürilen ýokary hilli çakyry dadyp görüp, diýseň haýran bolan bolsa gerek. Sebäbi Hytaýda beýle ir-iýmişi we ondan ýasalan çakyry heniz görmändiler we bilenokdylar. Hytaýda çakyr diňe tüwüden öndürilýärdi. Merkezi Aziýada bolsa, üzümçilik we çakyr öndürmegiň tehnologiýasy ýokary derejede ösendi. Ýa-da Hytaýda ýüňden halydyr palas, kendirden, pagtadan mata dokamaklygyň tehnologiýasy-da mälim däldi. Şonuň üçin Hytaýda “ganatly asman bedewleri” bilen bir hatarda, Parfiýanyň gobelen usulynda dokalan matalary we haly-palaslary uly meşhurlyk gazanypdyr. Şonuň ýaly-da Hytaýda Merkezi Aziýanyň nah, ýüň we altyn sapaklar bilen dokalan gymmatbaha matalary, gawun, garpyz, şetdaly ýaly geň miwedir ir-iýmişleri, Samarkant çüýşesi örän geçginli bolupdyr. Şol bir wagtda kagyz öndürmegiň, farfor önümçiliginiň tehnologiýasy ýaly täzelikler Hytaýda oýlanyp tapylyp, Beýik ýüpek ýoly arkaly dünýäniň çar künjüne ýaýrapdyr. Bu taryhy maglumatlar biziň Ülkämizde dörän onlap ajaýyp medeniýet ojaklarynyň, gadymy döwletleriň adamzat siwilizasiýasynyň irki döwürlerinde hem gülläp ösendigine doly şaýatlyk edýär. Ýokarda ady agzalan medeni ekinleriň giňden ösdürilip ýetişdirilmegi Güneşli Diýarymyzda eýýäm gadymyýetde ýokary derejede ösen kämil ekerançylyk medeniýetiniň bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Ajaýyp bedewler, goýunlar, aw tazylary we öý haýwanlarynyň beýleki tohumlarynyň bolmagy dana pederlerimiziň ösen maldarçylygy, kämil, arassa tohum mallarynyň ajaýyp görnüşlerini döredendigine we giňden idedendigine doly güwä geçýär. Ýeri gelende aýtsak, medeni ösümlikleriň genetiki köpdürlüliginiň gelip çykyşynyň esasy merkezleriniň (ojaklarynyň) ylmy sanawynda möhüm orna eýe bolan Orta Aziýa (Amyderýadan Hind derýasyna çenli aralygy öz içine alýar) we Alynky Aziýa (“Bereketli ýarymaý” diýip hem atlandyrylýar, Kiçi Aziýany, Zakawkazýany, Eýrany we ýurdumyzyň Köpetdag we dagetek etraplaryny öz içine alýar) merkezleriniň düzüminde ata Watanymyzyň hem möhüm orny bardyr. Çünki bu merkezler köpläp medeni ösümlikleriň ilkinji (ýabany görnüşleriň ösýän we medeni görnüşleriň dörän), ikilenji (şol merkez arkaly beýleki ýerlere ýaýran) ojaklary hökmünde ylymda doly ykrar edilendir. Mysal üçin, Güneşli Diýarymyzyň ak bugdaýyň watany hökmünde şöhratlanmagy munuň bir ajaýyp mysalydyr. Şeýle hem, keremli Ülkämiziň köpläp medeni ekinleriň ata watanydygy ylmy taýdan doly subut edilen hakykatdyr. Beýik ýüpek ýolunyň taryhyna dolansak, dürli döwürlerde Merkezi Aziýadan Hytaýa, esasan, atlar, düýeler, harby enjamlar, altyn we kümüş, ýarym gymmatbaha daşlar, aýna we deri önümleri, ýüňden dokalan nepis halylar, ýüň we nah matalar, garpyz, gawun ýaly bakja ekinleri, goýunlardyr tazy itleri we beýlekiler alnyp gidilipdir. Hytaý öz gezeginde nepis farfor we ýüpek önümçiliginiň syrlaryna eýe bolandygy üçin, onuň bu önümleri beýleki yklymlarda juda uly islegden peýdalanypdyr. Hytaýyň meşhur lak önümleri, kagyzy, pafýumeriýa we derman önümleri, bürünçden ýasalan harytlary, metal gap-gaçlary, çaýy we tüwüsi hem geçginli bolupdyr. (Dürli taryhy döwürlerde önümleriň görnüşleri, elbetde, üýtgäpdir). Ýene-de bir nygtalmaly zat, Beýik ýüpek ýolunyň adamzat bilimleriniň, ýazuwyň, senetçiligiň, tehnologiýalaryň, maddy we ruhy medeniýetiň gymmatlyklarynyň, däp-dessurlaryň, dini taglymatlaryň, sungatlaryň ýaýramagyndaky bitiren uly hyzmatydyr. Çünki Beýik ýüpek ýoly Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky medeni-ruhy aragatnaşygyň ajaýyp köprüsini ýatladýar. Beýik ýüpek ýolundan gatnan kerwenleriň düýeleriniň (gadymy kerwenleriň esasy ulag malynyň) sany birnäçe onlukdan birnäçe müňe çenli ýetipdir. Köplenç kerwenler Beýik ýüpek ýoluny başyndan ahyryna çenli geçmän, alyp gelen harytlaryny belli-belli şäherlerde alyş-çalyş edipdirler. Çünki bu alys ýoly boýdan-başa geçmek üçin uly mümkinçilikler we köp wagt gerek bolupdyr. Ýoluň şol döwürdäki ýurtlar we şäherler üçin iňňän uly ykdysady ähmiýetiniň bolandygy ikuçsyzdyr. Şonuň üçin ýurtlar we şäherler kerwen gatnawlary üçin amatly we howpsuz şertleri üpjün etmeklige çalşypdyrlar. Kerwen gatnawlarynyň howpsuzlygyny üpjün edýän kanunlar çykarylyp, olaryň berjaý edilişine berk gözegçilik edilipdir. Ýollaryň ähli ugurlarynda kerwensaraýlar we beýleki zerur binalar gurlupdyr. Olarda kerwenleriň mallary üçin ot-iým gory, ammarlar, täjirler üçin jaýlar, durmuş şertleri doly üpjün edilipdir. Biziň ýurdumyzdaky gadymy kerwensaraýlar (mysal üçin, Lebap welaýatynyň Birata etrabynyň çägindäki Daýahatyn kerwensaraýy), içimlik suw üpjünçiligi üçin bina edilen sardobalar (mysal üçin, Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň Tallymerjen obasyndaky sardoba), köpsanly guýular gadymy kerwen ýollarynyň biziň günlerimize çenli gelip ýeten taryhy ýadygärlikleridir. Diýarymyzyň çäginden geçen Beýik ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, gadymy döwürlerde gülläp ösen ajaýyp şäherleriň taryhy-binagärlik ýadygärlikleri biziň günlerimize çenli gelip ýetipdir. Olar ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşip, döwlet tarapyndan goralýar we ylmy-arheologiki gazuw agtaryşlaryny we dikeldiş (restawrasiýa) işlerini alyp barmak arkaly yzygiderli öwrenilýär. Olaryň hatarynda: Altyndepe, Namazgadepe, Nusaý, Änew, Abywerd (Aşgabadyň eteginde), Sarahs, Şährislam (Ahal welaýatynda), Gadymy Merw, Marguş (Mary welaýatynda), Amul, Zemm (Lebap welaýatynda), Köneürgenç, Şasenem (Daşoguz welaýatynda), Maşady-Misserýan (Dehistan), Paraw (Balkan welaýatynda) ýaly gadymy taryhy ýadygärlikler bar. Ata Watanymyz Beýik ýüpek ýolunyň möhüm çatrygynda ýerleşip, Gündogar bilen Günbataryň arasyndaky medeni alyş-çalşyň merkezi hökmünde möhüm orny eýeläpdir. Täze ynançlar, maglumatlar, tehnologiýalar, senetler, sungatlar ilki bilen bu ýere getirilipdir we ondan aňry ýaýrapdyr. Mysal üçin, Hytaýyň kagyz öndürmek tehnologiýasy ilki bilen Merkezi Aziýada özleşdirilipdir, soňra beýleki yklymlara ýaýrapdyr. Beýik ýüpek ýolunyň ata Watanymyzyň üsti bilen geçmeginiň esasy sebäbi ýurdumyzyň diňe bir geosyýasy we geoykdysady taýdan amatly ýerleşmegi bilen çäklenmän, eýsem Ülkämizde ajaýyp medeniýetiň gülläp ösendigi bilen hem şertlendirilýär. Beýik ýüpek ýolunyň Alynky we Merkezi Aziýanyň, Ýewropanyň dürli sebitleriniň, Kawkazyň we Hytaýyň dürli halklarynyň ykdysady, syýasy we medeni gatnaşyklarynyň ösmeginde, tehnologiýalaryň, senetleriň, sungatlaryň we medeniýetleriň özara baýlaşmagynda iňňän möhüm ähmiýete eýe bolandygy üçin hem, häzirki zaman adamzat siwilizasiýasynyň ählumumy parahatçylyk, ösüş we abadançylyk, hoşniýetli we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýaly öňdebaryjy pikirleri we ýörelgeleri bilen ruhy we ideýa babatyndaky ýakynlygy aýdyň ýüze çykýar. Hemişelik Bitaraplyk we “Açyk gapylar” syýasatyny ýöredýän, bütin dünýä bilen hoşniýetli dostluk gatnaşyklaryny ýola goýýan, geosyýasy we geoykdysady taýdan örän amatly ýagdaýa we üstaşyr geçirmek babatynda uly transport mümkinçiliklerine eýe bolan parahatçylyksöýüji Türkmenistan öz energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ýetirmegiň köpugurlylygyna - diwersifikasiýasyna esaslanýan ýörelgeleri yzygiderli amala aşyrmak arkaly, Merkezi Aziýada gaz geçirijileriň täze, köpugurly ulgamynyň kemala gelmeginiň başyny başlan “Türkmenistan-Özbegistan—Gazagystan-Hytaý” transaziýa gaz geçirijisini ulanmaga girizmek bilen, ählumumy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň ýolunda anyk ädim ätdi. Eýran Yslam Respublikasyna mawy ýangyjy ibermekde ikinji gaz geçiriji - „Döwletabat-Sarahs-Hangeran“ gaz geçirijisi işe girizildi, golaýda Türkmenistan – Owganystan – Pakistan – Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berildi we “Günorta-Günbatar” gaz geçirijisiniň gurluşygy tamamlandy. Ýurdumyz deňiz, howa, demir ýol we awtomobil gatnawlaryny öz içine alýan “Gündogar-Günbatar” we “Demirgazyk-Günorta” ulag-üstaşyr geçelgeleriniň häzirki zaman ulgamyny döretmek boýunça uly taslamalary durmuşa geçirýär. “Demirgazyk-Günorta” demir ýolunyň gurluşygy eýýäm üstünlikli tamamlandy, “Türkmenistan- Owganystan-Täjigistan” demir ýolunyň gurluşygyna girişildi. Aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolan şu we beýleki taslamalaryň durmuşa geçirilmegi türkmen gazynyň energiýa serişdelerine islegi barha artýan Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzak möhletleýin iberilmegini üpjün etmek, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirmek mümkinçiliklerini has-da artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem sebitleriň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösmegi we rowaçlanmagy, ählimumy abadançylygyň we parahatçylygyň pugtalanmagy, hoşniýetli halkara gatnaşyklarynyň has-da berkemegi, medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň ýygjamlanmagy üçin kuwwatly itergi boljakdygy ikuçsyzdyr. Çünki Gündogar bilen Günbatary baglanyşdyrýan häzirki zaman ulag taslamalary müňýyllyklardan gözbaş alyp, yklymlary, ýurtlary we halklary birleşdiren Beýik ýüpek ýolunyň ählumumy parahatçylyk, abadançylyk, hoşniýetli gatnaşyklar we medeni hyzmatdaşlyk ýaly ajaýyp ideýalarynyň täzeden dikeldilmesi hökmünde dünýä ýaň salýar.