Gündogar halklarynyň taryhy-medeni ýörelgelerini hem-de däp-dessurlaryny şöhratlandyrýan bu gadymy baýramyň UNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi we oňa belent halkara derejesiniň—Dünýä halklarynyň arasynda raýdaşlyk we hoşniýetli gatnaşyklar, medeni hyzmatdaşlyk hem-de özara düşünişmek güni diýen derejäniň berilmegi Nowruz baýramynyň ägirt uly ähmiýetiniň subutnamasydyr. Örän gadymy we hemmeleriň söýýän baýramy “täze gün” diýmegi aňladýar, gadymy djwürlerden bäri ynsan kalbynda iň arzyly arzuw-umytlarynyň hasyl bolmagyna umyt döredýär, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz belledi we bu röwşen baýramyň häzirki döwürde diňe bir milletimiziň agzybirligini hem jebisligini, onuň ruhy kämilligini alamatlandyrman, Gündogar halklarynyň umumy taryhy-medeni ýörelgelerini wagyz etmäge, olaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga ýardam berýä. Mälim bolşy ýaly, milli senenamamyzda aýratyn orny eýeleýän baharky gije-gündiziň deňleşmesinde adamlar biri-birlerine myhmançylyga barýarlar we sowgat berýärler, bagt, parahatçylyk we jan saglyk barada birek-birege arzuw edýärler.