Haýsy pudagy alyp görseñ hem Hormatly Prezidentimiziñ ýadawsuz tagallary netijesinde görlüp eşdilmedik işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda gürrüñ açylanda bolsa ýurdumyzyñ bilim-ylym we ulgmyny agzap geçmek zerurdyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýaş nesillere ýokary hilli bilim-ylym bermek barada uly aladalar edilýär. Bu bolsa, ýurdumyzyñ ata-watanymyzyñ mundan beyläk-de gülledip ösdürmekde özüniñ mynasyp goşandyny goşmakda uly ýardam edýär. Şeýle-de, ýurdumyzda ylym-bilim ojaklarynyñ sany gün-günden artyp barýar, mekdepleriñ, çagalar baglarynyñ ençemesi gurlup ulanylmaga berilýär. Şu ýerde, esasy belläp geçmeli zatlaryñ biri häzirki wagtda ýaşlarymyz diñe bir öz yurdumyzda däl, eysem özleriniñ ylym-bilim derejelerini has-da ösdirmek we kämilleşdirmek maksady bilen, dünýäniñ beýleki döwletlerinde hem okamaga giñ mümkinçilik aldylar. Mundan başga-da, ýaşlarymyzy ýokary hilli bilim-ylymy edip ýetişdirmekde sportyñ hem uly ähmiýetiniñ bardygyny bellemek gerekdir. Yagny, ählimize mälim boluşy yaly, sagdyn durmuş ýörelgeleriniñ wagyz-nesihatçysy hem-de tarapdary bolmak bilen, watandaşlarymyza, ozaly bilen ýaşlara görelde görkezýän Yurt Baştutanymyzyñ başlangyjy bilen häzirki wagtda ýurdumyzda täze sport desgalary hem-de toplumlary, halkara ülñülerine gabat gelýän stadionlar, aylawlar we başga-da birnäçe sport ojaklary gurlup ulanylmaga berildi. Bulardan başga-da, 2017-nji ýylda geçiriljek yapyk görnüşli aziýa olimpiýa oýunlarynyñ hem biziñ ýurdumyzda, gözel paýtagtymyz bolan Aşgabat şäherinde geçiriljekdigi, ýurdumyzda sporta aýratyn üns berilýändigine şaýatlyk edýär. Şonuñ ýaly-da, gurlan we gurulýan sport desgalary, saglygy berkitmek we dikeltmek üçin hem-de bu toplumlarda türgenleşýän türkmen türgenleriniñ halkara derejeli ýaryşlara gatnaşyp, abyraýly orunlara mynasyp bolmaklary Hormatly Prezidentimiziñ durmuşa geçirýän işleriniñ, taýsyz tagallalarynyñ netijesinde, özleriniñ miwelerini berýändiginiñ aýdyñ şaýady bolup durýar. Ynsan saglygyny ähli zatlardan ileri tutýan Hormatly Prezidentimiz türkmen ýaşlarynyñ sagdyn hem-de ruhybelent ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin örän giñ mümkinçilikleri döredýär.