«Bagty gazanmak üçin göreşmeli» diýýärler. Ýöne ýeke özüň bütin ömrüňe bagtyň yzynda ser-sepil bolanyňda-da, «alyp biljek galaň» boljagy gümana. Diýmek, bagt ugrundaky göreş ýeke adamyň işi däl. Belki, ýekelikdäki göreşimiz bilen özümizi belli bir derejede bagtly etmegiň kenaryndan baryp bileris. Emma bu ahyrky netijede salgyma kowalaşan ýaly bir zat bolup galyberer. Çünki «Ýekäniň çaňy çykmaz» diýilýär. Tutuş adamzadyň bagty üçin köpçülik bolup göreşýän bolsak, maşgaladaky bagt üçin hem, iň bolmanda, maşgalabaşylaryň bilelikde hereket etmekleri gerek. Makalamyzyň baş maksady hem, ine, şundan gelip çykýar. Maşgala guran jübütler hakyky bagtyýarlygyň bir-biregi bagtyýar etmekdedigine düşünýän bolsalar, eýsem olar bu işi nähili amal edip bilerler?! Biz bu meselede käbir hünärmenler bilen pikir alyşdyk. Şonuň netijesinde umumylaşdyrylan pikirlerimizi siziň bilen hem paýlaşmak isleýäris. Pikirlerimizi aýratyn bölümler boýunça beýan etmäge çalşaýyn! Hawa, biziň öňümizde duran ilkinji basgançak şu soraga jogap bermekden başlanýar. Aslynda, bu sorag mesele hökmünde orta atylýan-da bolsa, bu çözülmeýän mesele däl. Onuň çözgüdi özümize bagly. Şeýlelikde, biz ýanýoldaşymyzy bagtyýar etmek üçin näme edip bileris?! Ilkinji nobatda, är-aýalyň arasyndaky sowuklaç degişmeleriň, ýaňsylamalaryň ornuny bir-biregiň adyna aýdylýan öwgi bilen çalyşmak zerur. Ýanýoldaş hökmünde biziň borjumyz diňe wepa bilen söýgi däl-de, taýymyza ýakyn dost, syrdaş bolup bilmekdir. Aýratyn hem, jübütlerifl çagalar dünýä inensoň, bir-birine mylaýym bolmaklary zerurdyr. Çagalaryň ilkinji we esasy göreldäni ata-enelerden alýandygyny göz öňünde tutsak, jübütleriň bir-birege hoşgy lawlylygy çaga terbiýesine hem oňyn täsirini ýetirýän esasy çeşmeleriň biri hökmünde orta çykýar. Erkek kişiniň işde we durmuşda gazanýan üstünlikleri gönüden-göni ýanýoldaşyna-da baglydyr. Maşgalada aýalyň işi diňe biş-düşi gowy taýynlap bilmek däl, ol her pursatda ýanýoldaşyny hem goldap durmaly. Öý bikesi adamsyna bolan minnetdarlyk duýgusyna gaplanan bolsa, onda ýanýoldaşynda öz edýän işine bolan ynamy hem artýar. Soňra bolsa erkek kişi öz ýanyndan şeýle pikir öwrüp başlaýar: «Eger meniň edýän işlerim we hereketlerim aýalymyň göwnünden turýan bolsa, diýmek, men gowy adam». Eger öý bikesi adamsynyň başarnygyna ynanýan bolsa, adamsy düýrmegi bilen ynam duýgusyna gaplanar we haýsy mesele bilen gabatlaşanda-da, ondan baş alyp çykyp biljekdigine öz ýanyndan ynanar. Her bir işe batyrgaý ýapyşar. Bu bolsa onuň geljekde üstünliklere ýetmegine badalga berer. Elbetde, ýokarky aýdylanlaryň erkek kişilere hem degişlidigini ýatlamak gerek. Aslynda, başgalara hormat goýup bilýän adam özüni hem sarpalamagy başarýandyr. Erkek kişileriň käbirinde özümi beýgeldýändirin öýdüp, ýanýoldaşynyň mertebesini peseltmek häsiýeti bar. Meselem, öýe myhman gelýär. Ine, şonda erkek kişi myhmanyň öňünde öýde özüniň hojaýyndygyny (aslynda, myhman muňa üns hem berýän däldir!) görkezmek üçin aýalyna azmly buýruk berýär. Ýöne, biziň pikirimizçe, bu hereketde myhman seniň hojaýynlygyňy däl-de, häsiýetiňdäki gödekligi görýär. Goý, öýümize gelen her bir myhman biziň ojagymyzdan diňe gowy duýgulary, ýakymly pursatlary alyp gitsin! Ýerlikli degişmeler maşgaladaky bagtyýarlygy, şadyýanlygy berkidýär. Ýöne her bir zatda. şol sanda maşgala degişmelerinde-de serhet ýagşy. Sebäbi degişmäni her adam özüçe kabul edýär. Bu onuň giň göwünliligine bagly. Degişme çygyrdan çykylancla. degişýän iň ýakyn adamyň bolaýanda-da gaharyň gelmäge başlaýar. Kalbyňy düşnüksiz kemsinme duýgusy gaplaýar. Şunlukda, ýerliksiz degişme üçin nähilidir bir gaýtargy bermäge hem synanşylýar. Äraýalyň arasynda bolup geçýän şeýle ýagdaýlaryň soňy bolsa, köplenç kiçijik närazylyklar bilen tamamlanýar. Şonuň üçin maşgala gatnaşyklarynda degişmeleriňize dykgatly boluň! Är-aýalyň biri-birinden nähilidir bir ýol bilen ýaňsylap boljak kemçilikleri däl-de, ýanýoldaşynyň özüne bolan yhlasyny, söýgüsini - urauman, onda özüni minnetdar edip biljek häsiýetleri gözlemegi gerek. Bir zada üns beriň, ýanýoldaşyňyza aýdan ýakymly sözleriňiz ahyrky netijede miwesini size berer. Şonuň üçin hemişe bir-birekden minnetdar ýaşaň! Öýüň şu günki howasy erkek kişiniň işden gelip, bosagadan äden ilkinji ädimine bagly. Gapydan ýylgyryş bilen, hal-ahwal sorap gelen ýanýoldaşyny öý bikesiniň hem ýylgyryp kabul etjekdigi şek-şübhesizdir. Siz, heý, ýüzdäki ýylgyryşyň manysy hakynda oýlandyňyzmy? Elbetde, oýlanansyňyz. Dogry, siziň hem pikir edişiňiz ýaly, ýylgyryşyň bar ýerinde söýgi bar, dostluk bar. Ýylgyryş är-aýalyň ikisini hem gözel duýgularyň gujagyna oklaýar. Şeýle bir durmuşy ýagdaýy ýatlalyň! Zenan maşgala öýdäki döreden sähel üýtgeşikligine (meselem, haýsydyr bir mebeliň ýerini üýtgedendir ýa perdeleri täzeländir.„) adamsynyň üns bermegini isleýär. Erkek kişileriň ownuk hasaplaýan şeýle ýagdaýlaryna üns bermegi gerek. Iň bolmandä, zenanlaryň göwni üçin... Maşgalada aýdylýan zatlar ýa edilýän hereketler bilen ylalaşylmaýan ýagdaýlar hem bolýar. Pikirleriň çaknyşmagy adaty zat Ýöne şeýle ýagdaýlardan hem çykalga tapmak mümkin. Ýanýoldaşymyzyň hereketlerine edýän belliklerimizi diňe ýalňyzlykda aýtmagymyz gerek. Çünki köpçülikde aýdylan bellikler ýanýoldaşyňyzy utandyrmakdan başga peýdasyny bermez. Etjek bolýan belliklerimize göwün göteriji sözlerden başlamaga üns bereliň! Elbetde, bir boýun almaly hakykat hem bar biziň käbirimize sypaýy bolmak kyn düşýär. Ýöne her näçe kyn bolsa-da, sypaýyçylyk maşgala agzybirliginde salgy berilýän dogry ýollaryň biridir. Tankyt belli bir şahsy nazarlamaly däl-de, herekete, edilen işe gönükmeli. Aýdaly, agşam öýe gelýärsiňiz weli, nahar bişirilmändir ýa içeri biraz bulaşyk. Siz öýke-kinäniň ýerine aşakdaky sözlemleri ulanyp görüň: Walla, öýde şeýle ýagdaýy ilkinji gezek görýäria Bu boluş saňa gelşenok welin, ýadawrak bolaasyň-da! Şu sözlemleri öý bikesini has üýtgeşik täsir bilen garşylajakdygyna ynanýarys. Belki, dessine naharyň taýynlanaýmagy ýa sähel salymda içeriniň gül pürkülen ýaly bolaýmagy ahmal. Biparh edilen iş babatynda «Şuny düzedip bilermiň?!» diýmek «Muny düýbünden täzele!» diýmekden has netijeli bolar. «Maşgala - kiçijik döwlet» diýýärler. Şeýle bolýan bolsa, döwlet hem ullakan maşgaladyr. Diýmek, döwleti dolandyrmak bilen maşgalany dolandyrmagyň arasynda meňzeşliklerem bardyr. Maddy, düzgün-nyzam, bir agza bakmak, däp-dessurlar ýaly meseleleri mysal getirmek bolar. Çözgüt bolsa maşgalany berkarar edijiler hökmünde är-aýala bagly. Olar bir-birine düşünip ýaşamak iiçin maşgala mukaddesliklerini goramalydyrlar, ýa-da tersine maşgala mukaddesliklerini goramak üçin düşünişip ýaşamalydyrlar. Şonuň üçin hem her kime «Bagt - öz elimizde» diýmek isleýäris. Ýatlaň, durmuş guranymyzda kalbymyzda nähili ajaýyp arzuwlar bardy. Diýmek, ine, bize şol arzuwlary durmuşa geçirmek pursady! Arzuwlaryňyz hasyl, maksatlaryňyz myrat tapsyn!