BIZDEN SORAÝAR — Oglum, bu gün haýsy harpy öwrendiňiz? - diýip, bir gezek ejeşi Çarydan sorady. — «Ç»-ny geçdik - diýip, Çary göwünli-göwünsiz dillendi. — Keýpiň ýok-la, oglum?! — diýip, ejesi ýene onuň bilen gyzyklandy. — Mugallymymyz - laý...! — Hä, näme üçin? — Geçjek harpyny onuň özi bilenok-da her gezek tagta ýazyp: «Şu haýsy harp?» — diýip, ony bizden soraýar. — Şeý diýsene — diýip, Çarynyň ejesi oglunyň gepine myssa ýylgyranyny hem duýman galdy.