"Agence France-Presse" atly habarlar gullugy "Google" internet-kompaniýasyna degişli bolan saýtlaryň hyzmatyndan peýdalanýanaryň sanynyň bir milliarddan geçendigini habar beripdir. Onuň milliardynjy agzasynyň kimdigi hasaba alynmasa-da, bu kompaniýanyň ýer ýüzüniň ilatynyň 6-dan bir bölegini özüne imrindirendigi olaryň geriminiň barha giňeýändigini aňladýar. Sanawda 2-nji orna düşen "Microsoft" kompaniýasynyň saýtlarynyň muşdaklarynyň sany 905 million adama ýetipdir. Ilkijni 3-lügiň iň soňky basgançagy "Facebook" kompaniýasyna degişli bolup, olaryň agzalary 714 million adamdan ybarat. Bu saýtyň muşdaklarynyň sany geçen ýylyň ahyrynda 153 million adam ekeni.

Köneler, Adiz tarapyndan 10 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir