Ýurdymyzda Milli kanunçylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen düýpli özgerişikler amala aşyrylýar. Ýagny, Milli Liderimiziñ tabşyryklary esasynda, kanunçylygyñ kämillesdirilmegi ýurdumyzda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli özgerişikleriñ ilerlemegine oñyn täsirini ýetirýär. Häzirki wagtda jemgyýetiñ gatnaşyklaryny has kämil derejelere çykarýan kanunlaryñ birnäçesi hereket edyär, emma bedew batly ösüşler bilen öñe barýan, ýurdumyzda hereket edýän kanunçylygymyzyñ has-da kämillesdirilmegini talap edýär. Şol sebäpli häzirki wagtda Garaşsyz Diýarmyzyñ ençeme kanunlara döwrüñ talaplaryna laýyk üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär, täze kanunlar kabul edilýär. Su ýylyñ maý aýyna çenli ýurdumyzyñ Konstitusiýasynyñ rejelenen görnüşindäki taslamasy taýýarlanýar, esasy kanunlarymyzyñ rejelenen görnüşi häzirki döwürde döwletimiziñ we jemgyýetimiziñ durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanun esasynda berkider. Mälim bolşy ýaly, dünýäde terrorçylyk hereketleriñ güýçlenmegi döwletleriñ Milli howpsuzlugyna, çäk bitewliligine, raýatlaryñ konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna aýratyn howp salýar. Şol esasynda, „Dine uýmak erkinligi we dini guramalar hakyndaky“ kanunyñ rejelenen görnüsiniñ taslamasyny taýýarlamak, degişli üýtgeşmeler girizmek öran jaýdar bolup durýar. Berkarar döwletimiziñ bagtyýarlyk döwründe Bitarap Türkmenistanyñ halkara işjeñligi we abyraýy arşa galdy. Bu gün ýurdumyz dünýäniñ 138 döwleti bilen diplomatik gatnaşyklary saklaýar we abraýly halkara guramalarynyñ 44-siniñ agzasydyr. Konsulluk edaralarynyñ netijeli işlemeginiñ döwletara gatnaşyklary ösdürmäge köp derejede ýardam berýandigi malimdir. Häzirki wagtda „Adatdan daşary we doly ygtyyarly ilçi hakyndaky“, şonuñ ýaly-da „Konsulluk gullugy hakyndaky“ kanunlaryñ Türkmenistanyñ dasary syýasy ugrunyñ Konsepsiýasyna laýyklykda kanunyñ rejelenen görnüsiniñ taslamasynyñ taýýarlanylşy örän jaýdardyr. Seýlelik-de, Kanunlar syýasy we durmus-ykdysady taýdan ýurdumyzyñ ösüşine, halkymyzyñ Milli tebigatyna, döwletiñ ruhyna naçe golaý boldugysaýyn, il-ýurt bähbitli meseleleriñ oñyn çözgüdinde, kamil raýat jemgyýetiniñ kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe bolýar.
andayews 8 years ago- .