Asuda watanymyzyň mähriban halky we hormatly TM saýtlarynyň janköýer agzalary siziň hemmäňiziň ýetip gelen 19-njy fewral ýagny Döwlet Baýdagymyzyň döredilmeginiň 24 ýyllyk baýramçylyk dabarasy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn, gutlamak bilen size berk jan saglyk, uzak ömür,asuda watanymyzyň arassa ýaýlasynda ýaşyl Baýdagymyzyň elmydama belentde pasyrdaýşy ýaly siziňem kalbyňyz belente bolmagyny arzuw edýärin. Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň şekiline seredip, ony okap bolýar. Ondaky her bir şekil ýa-da reňk türkmeniň öňden gelýän gyzyldan gymmatly mukaddesliklerini, ýaşaýyş babatdaky pähim-parasatly düşünjelerini hem-de olaryň asyrlaryň jümmüşine uzap gidýän taryhyny inçeden yzarlaýar. “Baýdak döwletiň ähli mukaddeslikleriniň jemlenmesi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy”. Baýdak hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen halkymyzyň taryhy, ata-babalarymyzyň döwlet döretmekde we gurmakda, şonuň bilen bir hatarda halkyň agzybirligini, parahatçylygyny we rahatlygyny üpjün etmekde bitiren ägirt uly işleri, bu ugurda döreden gymmatlyklary hakydaňa düşýär. Ata-babalarymyz ýaşyl reňki gözelligiň, özgerşiň, nyşany hasaplapdyrlar. Meýdanlaryň al-ýaşyl öwsüp oturmagy bereketiň alamaty. Ýaşaýyşy, müdimiligi alamatlandyrýan ýaşyl reňk türkmene gözel tebigat tarapyndan berlen ajaýyp serpaýdyr.Şeýle-de Türkmen halky Türkmenistanyñ garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soñ ýaşyl reñkli, aý-ýyldyz we halynyñ gölleri bilen bezelen türkmeniň baýdagyny 1992-nji ýylyn 19-njy fewralynda al-asmanda pasyrdamaga başlady. Türkmenistanyñ baýdagynyñ reñkiniñ ýaşyl bolmagy, ýurduñ tebigy durmuşyny we diriligini, aý ýyldyzlar 5 welaýaty we jebisligi, halynyñ gölleri bolsa türkmen halysyna berilýän ähmiýeti beýan edýär. Çünki, biziň ýurtda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň netijesinde Täze Galkynyş we beýik özgertmeler zamanasynda türkmen döwletiniň ýaşyl baýdagyny bu gün bütin dünýä tanaýar, biz ýaşlar bolup geljekde hem mundane beýläk Döwlet Baýdagymyzyň älem jahanda pasyrdamagyna özümiziň gujur gaýratymyzy, güýç-kuwatymy goşjakdygymyza ynandyrmana haklydyrys. Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň, halkymyzyň Galkynyşynyň beýik nyşany bolan Döwlet Baýdagymyzyň baýramy gutly-mübärek bolsun! Eziz watandaşlar..