Ejesi gyzyna pul uzadýar: —Dükandan iki sany çörek alyp gel. Ýöne habardar bol, satyjy gaýtargysyny iýäýmesin. —Eje, näme, pul hem iýilýärmi? * * * Mugallym: —Nedirow, iň sowuk howa nirede? —Doňduryjyda. * * * Ejesi: —Gyzym, naharyň duzuny görüp gelsene! Gyzy gaýnap duran nahara seredýär-de: —Eje, naharda duz-a görnenok—diýýär. * * * —Göwher, näme üçin dyrnaklaryňy ösdüripsiň? —Men ösdüremok, özi ösýär. * * * Kakasy: —Oglum, sowuga iň çydamly zat näme? Ogly: —Buz.