—Ejeňi gowy görýäňmi ýa-da kakaňy? —Aýtjak däl, ýogsam kakam gaty görer. * * * —Guzym, asgyrjak bolan wagtyň agzyňy elýaglygyň bilen ýapgyn. —Eje, gorkma, dişlerim uçmaz. * * * —Daýy, maňa sowgat eden depregiňiz üçin köp sag boluň. —Diýmek, sowgat göwnüňe ýarapdyr-da. —Elbetde! Ejem gündizlerine dep çalmazlygym üçin her gün iki sany buzgaýmak alyp berýär, kakam bolsa gijelerine çalmazlygym üçin tigir söz berýär. * * * —Ýylyň iň gysga güni haýsy? —Her hepdäniň ýekşenbe güni. * * * —Sen haçana çenli öý işleriňi menden göçürjek? —Tä mekdebi tamamlaýançam. * * * Gözleri kütelişen garryja mama bezzatja agtygyna ýüzlenýär: —Balam, bu otluçöpleriň hiç haýsysy ýananok-la? —Beýle bolmaga haky ýok. Men ýaňyja hemmesini synap gördüm, ýandy ahyry. * * * —Siziň üzümiňiz bişdimi? —Biz üzüm bişiremzok, çorba bişirdik. * * * —Awçy awa gidende, hemişe itini ýany bilen alypgidýär. Onuň sebäbini bilýärmiň? —Näme bilmän. O1 möjeklerden gorkusyna şeýdýär.