Hüseýin mukaddes kitaby — Gurhany heniz çagalykda okaýar. Oglanyň mugallymy berk talabediji bolýar we Hüseýiniň berýän: «Asmanda ýyldyzlar nireden peýda bolýar?», «Adamlar näme üçin ölýärler?» diýen soraglaryna: «Gurhany oka, ol ýerde hemme zat barada ýazylan» diýip jogap berýär. Mugallymynyň talabyna jogap edip, Hüseýin Gurhany gije-gündiz jan edip okaýar. Birnäçe aý geçenden soňra, Hüseýin mollasyna: «Men Gurhanyň ähli süresini ýat tutdum, indi men sorag bersem bolýarmy?» diýip ýüzlenýär. «Sen mugallymyňy näme üçin aldaýarsyň?» diýip, mollasy soraýar: «Gurhany uzak ýyllaryň dowamynda okaýarlar, emma diňe käbir adamlar ony ýatdan bilýär. Olara hormatly «Hafiz» diýen ady berýärler» diýýär. «Diýmek, men hafiz» diýip, Hüseýin jogap berýär. «Näme üçin?» diýeniňde: «Men Gurhanyň ähli süresini ýat tutdum» diýip begenýär. Molla oglanjykdan süreleriň ählisini diýen ýaly ýeke-ýekeden sorap başlaýar. Ol, her bir süräniň nokadyny hem galdyrman, jikmejik jogap berýär. Şular ýaly derejede Gurhany Hüseýiniň mollasy Ubaýdyň özi hem bilmeýär eken. Hüseýin: «Men size öz soraglarymy berip bilerinmi?» diýip, mollasyndan sorapdyr. «Men bilemok» diýip, garry molla aljyramak bilen jogap berýär. «Men kakaňa: «Şu günden beýläk seni mekdebe bilim almaga goýberme» diýjek. Sen, dogrudan hem, hafiz derejesine ýetdiň. Men hem ýaşlyk döwrümde öz mollama şular ýaly soraglary beripdim. Moliam meni-de gynanmak bilen ugradypdy. Şol günden bäri bu soraglaryň ahlisiniň Gurhanda bardygyna ynanyp, özüme we beýlekilere sorag bermämi goýupdym». Şol günden başlap Hüseýin mekdebe Gurhan okamaga gatnamasyny bes edýär we başga bir moiladan grammatikany, stilistikany, poetikany, arifmetikany we algebrany öwrenip başlaýar. Öýe gelip sapak berýän mugaliym Abu Abdallah an-Natili logikany, Ýewklidiň geometriýasyny we Ptolomeýin «Almagestini» okadypdyr. Emma köp wagt geçmänkä, Abu Abdallah an-Natili alaçsyz özüniň okuw materiallarynyň tamamlanandygyny we oglanjygyň ylymlary öwrenmek ukybyny kanagatlandyryp bilmejekdigini boýun alýar. Soňra Hüseýin ylym öwrenmegi özbaşdak dowam etdirýär. O1, aýratyn-da, tebigy ylymlary we medisinany uly gyzyklanma bilen öwrenmäge başlaýar.