2015-nji ýylda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda durmuşa ornaşdyrylan giň möçberli özgertmeleriň netijesinde uly sepgitlere ýetildi. Geçen ýylda jemi içerki önümiň artyşy 6,7 % barabar boldy. Dürli pudaklara göýberilen maýa goýumlarynyň möçberi 53 milliard manatdan gowurak boldy. Häzirki döwürde gurluşyk pudagyna göýberilen maýa goýumlarynyň möçberi 49 milliard amerikan dollaryna golaýdyr. Geçen ýylyň dowamynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna bahasy 10 milliard amerikan dollaryndan gowurak bolan önümçilik we medeni-durmuş maksatly iri desgalaryň 375-si guruldy. Bu maglumatlar ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň kuwwatly ösýändiginiň, ýurda durnukly ösüşiň üpjün edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Durmuş ulgamy ykdysadyýeti döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň esasy ugurlarynyň hatarynda durýar. Sebäbi durmuş ulgamynyň döwrüň talabyna laýyk kämil derejede ösdürilmegi işçy güýçleriniň artmagyny, olaryň hiliniň we mukdaryny we hilini, jemgyýetiň medeni we ruhy ösüşini şertlendirilýär. Hut şu maksatlardan ugur alnyp, saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, durmuş üpjünçiligi we ilaty durmuş taýdan goramak ulgamlary häzirki wagtda döwrüň ösen islegini kanagatlandyryp bilýän derejä ýetirmrk üçin agirt uly işlar amala aşyrylýar. 2015-nji ýylda durmuş ulgamyny maliýeleşdirmrk üçin döwletiň býudjet serişdeleriniň 78,7% gönükdirildi. Halkymyzyň tebigy gazdan we elektrik energiýasyndan , agyz suwundan we nahar duzundan mugt peýdalanmagy, jemagat hyzmatlary üçin tölegleriň ujypsyz bolmagy hem ykdysadyýetimiziň pugtalanmagy bilen berk baglanşyklydyr. Harytlaryň nyrhlarynyň ýokarlanmagyna ýol bermezlik maksady bilen geçirilýän çärelär hem uly ähmiýete eýedir. Aýlyk haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň her ýylda 10% ýokarlandyrylmagy hem ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň aýdyň netijesidir. Häzirki wagtda ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagy we daşary ýurt maýa goýumlarynyň çekilmegi bilen täze gurulýan desgalaryň sany barha artýar. Ýurdumyz soňky ösüş ýyllarynda Ýewropanyň Täzeleniş we Ösüş banky, Bütundünýä banky, Halkara pul gaznasy, Aziýanyň ösüş banky we beýleki halkaraý iri maliýe edaralary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Netijede ýurdumyzyň ähli künjegi täzelenişi başdan geçirýär. Eziz Watanymyzyň mukaddes topragy, ümmülmez çöli, deňiz-derýasy bu gün bereket çeşmesine öwrülýär, ösüşleriň we täzelenişiň ajaýyp nusgasyny äleme aşgär edýär. ösüşine, halkymyzyň eşretli durmuşyna gönükdirilen bu işler raýatlarymyzda egsilmez güýç, ruhubelentlik döredýär. Ata Watanymyza bolan beýik söýgümizi, döwrümizde amala aşyrylýan beýik özgerişlere buýsanjymyzy kemala getirýär, ýaşlarymyzy okamaga, öwrenmäge, halkymyzy kämilleşmäge, gurmaga we döretmäge ruhlandyrýar. Bularyň hemmesiniň kepilnamasy bolsa döwletimizde adamlaryň eşretli durmuşda ýaşamaklary üçin yzygider edilýän aladalar, Türkmen Bitaraplygy we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary (mysal üçin, elektrik togunyň we gazyň köp ýurtlara eksport edilmegi) bolup durýar.