Ulag düzümini ösdürmek goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebit-yklym ähmiýetli taslamalary amala aşyrýan döwletimizde ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu taslamalar Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawy ny işjeňleşdirmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar hem-de Gra deňiz, Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň deňiz duralgalaryna, Hytaý, Hindistan, Pakistan, Aziýa-Ýuwaş okean sebitleriniň ýurtlarynyň kuwwatly ykdysady merkezlerine çykalgalary upjün edýär. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran hem-de Türkmenistan-Täjigistan demir ýollary, Amyderýanyň üstünden geçýän awtomobil we demir ýol köprüleri, Aşgabatdaky we welaýatlardaky döwrebap howa menzilleri, ýokary tizlikli awtomobil ýllary, Türkmenbaşy şäherindäki Halkara deňiz porty we beýleki desgalar halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň möhüm bolegini düzýär. Garaşsyz Türkmenistan döwletimizi ösen ulag infrastrukturaly we sebitde üstaşyr gatnawlarynyň merkeziniň wezipesini ýerine ýetirmekde iň amatly, özara ähmietli, howpsuz ýurt hökmünde dünýä jemgiýetçiligi giňden goldaýar. Ulaglaryň ähli görnüşleriniň kärhanalary üçin iň häzirki zaman tehnkalar we enjamlar yzygiderli alynýar, awtomobil we we demir ýollarynyň, beýleki düzümleýin desgalaryň gurluşygy işjeň alynyp barylýar. Halkara ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ýokary depginler bilen ösdürilmegi bilen bir hatarda ýurdumyzyň çäklerindäki awtoulag hyzmatlarynyň hili hem yzygider ýokarlandyrylýar. Belli bolşy ýaly, ýurdumyzyň baş şäheri gysga wagtyň içinde tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna döwrebap ulag hyzmatyny etmek hem ýokary derejede ýola goýulan. Giň we owadan ýollar, ýolagçylaryň we sürüjileriň howpsuzlygyny upjün edýän ýerasty we ýerüsti geçelgeler, aýlaw ýolly çatryklar we köprüler raýatlarymyz üçin örän amatly bolup, olaryň rahatlygyny we niýetlän menzillerine bökençsiz barmaklaryny doly derejede üpjün etmäge mümkinçilik döredýär. Paýtagtymyzyň ýola çykaýan ýaşaýjylaryna 73 ugur boýunça hereket edýän “Hundaý” kysymly awtobuslaryň 780-ne golaýy birwagtlaýyn irden sagat 6:00-dan agşam 23:00-a çenli hyzmat edýär. Her bir awtobus birbada 45 sany ýolagçyny gatnatmaga niýetlenendir.Gatnawlaryň arasy uzak bolmaz ýaly her ugurda ortaça 10 sany awtobus birwagtlaýyn hyzmat edýär. Ýolagçylaryň gatnawynyň has ýygjamlaşýan aralyklary-işe gidilýän we işden gaýdylýan wagtlary ulaglaryň gatnaw ýygjamlylygy has-da köpeldilýär. Şol bir wagtyň özünde ýolagçy sany köp bolan ugurlarda awtobuslaryň sany 2 essä çenli ardyrylýar. Awtobslaryň ýol nyrhy hem elýeterlidir- bir gezeklik petegiň nyrhy 30 teňňä deň bolup, bir aýlyk ýol petekleriniň nyrhy has arzan we ýolagçylar üçin hem has amatly bolup durýar. Ulular üçin bir aýlyk ýol peteginiň bahasy 20 manat, okuwçylar üçin 2 manat, pensiýadakylar üçin hem 1 manat möçberde bellenendir. Ýeňillikli bir aýlyk ýol petekleri bilen okuwçylar öz okaýan mekdeplerinde, pensionerler bolsa ýaşaýan ýerlerindäki durmuş edaralary tarapyndan üpjün edilýär. Şol bir wagtyň özünde 1941-1945-nji ýyllarda uruşa gatnaşanlara, internasional esgerlere, I we II derejeli maýyplara, zähmet weteranlaryna, okuw ýaşyna ýetmediklere mugt hyzmat edilýär. Ýolagçylara ýokary derejely hyzmatlary etmek üçin 300-den gowurak ýeňil awtoulaglar (taksiler) hem hyzmat edýär. Bu ulaglary telefon arkaly buýurmak hyzmatlary hem ýola goýulan. Sözümizi jemläp aýtsak, ýurdumyzyň, şol sanda, Paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň öz niýetlän menzillerine kynçylyksyz we öz wagtynda barmaklary üçin ähli şertler döredilendir. Biz, ýolagçylar bolsa öz gezegimizde awtobuslara, duralgalara aýawly seretmelidiris, ýolagçynyň hem, sürüjiniň hem höwpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýol herekediniň düzgünlerini we talaplaryny doly we dogry berjaý etmelidiris!