Ependiňki nagt Bir gysganç adam Ependiden: —Sen puly gowy görýäňmi?—diýip sorapdyr. Ependi: —Elbetde, gowy görýän. Sebäbi pul sen ýaly husyt, ynsapsyz bahyla mätäç bolmakdan halas edýär—diýip, jogap beripdir. On towşan Bir awçy uzyn günläp gezip, aw tapyp bilmändir. Şo barmana onuň öňünden bir towşan çykan. Olam towşany kowalap başlan. Şol wagt oňa obadaşy duşup: —Ýeri, pylany, näçe towşan tutduň?—diýip soran. Awçy: —Şu kowalap barýanymdan başga dokuzysyny tutsam on bolýar—diýip, içiniň ýangynjyna aýdypdyr. O1 adam bolsa ters düşünip: —Bäý, awçy diýip şuňa aýdaýsaň. Eýýäm on towşan tutaýypdyr, ýa bu ýerde towşan bolmuka—diýip, geň galypdyr. Suwdan suwuk, gowurgadan duzsuz Bir ýaňra agras ýaşulyny gürletjek bolup: —Pylany aga, suwdan suwuk, gowurgadan duzsuz näme bar?—diýip sorag beripdir. —Suwdan suwuk, gowurgadan duzsuz zat seniň şu lakgy, boş gepleriňdir. Olarda ne duz bar, ne goýulyk— diýip, ýaşuly nagt jogap beripdir. Manyly gep Babalakgy gepe-söze ökde, örän dilewar adam eken. Günlerde bir gün ony sözünde ýeňjek bolup ondan: —Baba aga, «Müň geplän ölermişin» diýýärler. Şol dogrumyka—diýip sorapdyr. Babalakgy: —Dogrudyr—diýipdir. —Onda size näme hiç zat bolmaýar: her oturanyňyzda müň dagy gepleýärsiňiz? —Maňa hiç zat bolmaz, sebäbi men näçe geplesem-de manyly gepleýärin. Manyly sözlerden ýüz-müň gepleseňem ölmersiň— diýip, Babalakgy jogap beripdir.