Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlary öndürýän kärhanalary döretmegiň Döwlet maksatnamasyny tassyklamak hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Wise-premýer milli ykdysadyýetimiziň senagat pudagynyň esasy görkezijileri barada hasabat bermek bilen, bellenilen meýilnamalary durmuşa geçirmek boýunça amala aşyrylan toplumlaýyn çäreler barada aýtdy. Munuň özi gurluşyk serişdeleri, himiýa, dokma we haly önümçiligi senagatynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen önümçilik kuwwatlyklarynyň artmagyny we balyk senagat pudagynda öndürilýän önümleriň möçberleriniň ýokarlanmagyny şertlendirýär. Türkmenistanyň Senagat miniistrligi boýunça 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 120,2 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 112,4 göterme şol sanda magdan däl serişdeleri öndürmekde ýokary görkezijiler gazanylyp, ösüş depgini 126 göterime, sementiň önümçiliginlde ösüş depgini, 104,4 göterime, demir-beton gurnamalary öndürmekde ösüş depgini 104,2 göterime, keramzit önümçiliginiň ösüş depgini bolsa 118,2 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi boýunça hasabat döwründe önüm öndürmegiň meýilnamasy 110 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, ösüş depgini 104 göterime deň boldy. Aýratyn-da, nah ýüplükleriň, matalaryň önümçilik meýilnamasy 102 göterime, onuň ösüş depgini bolsa 107,4 göterime barabar boldy. Taýýar örme we tikin önümleriniň öndürilişi boýunça 109,5 göterim, ýüpek matalaryň öndürilişi boýunça 100 göterim, aýakgap we gön önümleriniň önümçiligi boýunça 100,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Dokma önümlerini ýerlemekden alnan girdeji 1 milliard 305,1 million manada deň boldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşigi boýunça 2015-nji ýylda 42 müň 860 inedördül metr haly önümleri dokaldy. Şunda, bu önümçiligiň ösüş depgini 100,5 göterime deň boldy. Hasabat döwründe umumy öndürilen önümleriň möçberleri boýunça meýilnama 107,6 göterim ýerine ýetirildi. Şunlukda, ösüş depgini 106,1 göterime barabar boldy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça 2015-nji ýylda meýilnama 111,1 göterim ýerine ýetirildi. Önümçiligiň jemi ösüş depgini 184,3 göterime deň boldy. Mineral dökünleriň öndürilişi boýunça 175,2 göterim, natriý sulfatynyň öndürilişi boýunça 109 göterim, tehniki ýoduň we tehniki uglerodyň öndürilişi boýunça degişlilikde 100,8 göterim we 107,7 göterim ösüş depgini gazanyldy. Türkmenistanyň Döwlet balyk hojalygy komiteti boýunça 2015-nji ýylyň meýilnamasy 106,6 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 170,3 göterime deň boldy. Hususan-da, tutulan balyk boýunça 168,5 göterim, balyk we gaýtadan işlenilip gaplanylan balyk önümleri boýunça 140,5 göterim ösüş depgini gazanyldy. “Türkmenistanda dürli görnüşli elektron enjamlarynyň önümçiligi boýunça kärhanany döretmegiň döwlet maksatnamasy hakyndaky” Karary ýerine ýetirmek bilen baganyşykly meseleler barada hasabat bermek bilen, wise-premýer ýurdumyzda daşary döwletlerden getirilýän elektron we elektrotehniki enjamlaryň önümçiligi boýunça öňdebaryjy täzeçil tehnologiýalara esaslanýan kiçi ugurdaş kärhanalary döretmek bilen baglanyşykly wezipeleri ýerine ýetirmek bilen maksady bilen birnäçe guramalary we kärhanalary esaslandyrmak hakynda hasabat berdi. Türkmenistanyň Senagat ministrliginde ýerli hususy kärhanalar we daşary ýurtly kompaniýalar bilen bilelikde degişli işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Işgärleri wezipä bellemek meselelerine geçdi we senagat ministri S.Orazmyradowy başga işe geçmegi sebäpli, eýeleýän wezipesinden boşatdy. Milli Liderimiz bu wezipä D.Nursähedowy belläp, ony ministriň orunbasary wezipesinden boşatdy. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy wezipesine M.Aýdogdyýew bellenildi we şu konserniň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. Türkmenistanyň Prezidenti balyk hojalygy döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary wezipesine S.Möwlamow bellenildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän ulgamlarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem-de ulanylmaga berlen desgalar barada hasabat berdi. Wise-premýer hasabat döwründe ýurdumyz boýunça bilim-terbiýeçilik edaralarynyň 56-synyň ulanmaga berlendigini habar berdi. 2015-nji ýylda okuw kitaplarynyň we gollanmalaryň 193-si neşir edildi. Däp bolşy ýaly, 1-nji synp okuwçylarynyň ählisi şahsy kompýuterler bilen mugt üpjün edildi. Mundan başga-da, geçen ýyl politehniki we neşirýat orta hünär okuw mekdepleri döredildi, ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärleriň 8-si açyldy. Ýurdumyzyň zehinli mekdep okuwçylary halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, 45 altyn, 50 kümüş, 38 bürünç medala eýe boldular. Dünýäniň iri ylmy merkezleri, halkara guramalary we gaznalary bilen ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp baryldy. Şunda ýurdumyzda ylym ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça işler dowam etdirildi. Saglygy goraýyş we derman senagaty pudagy hem 2015-nji ýylda uly üstünilklere eýe boldy. 2015-nji ýylda täze döwür üçin “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenip taýýarlanyldy. Aşgabatda Halkara hirurgiýa we endokrinologiýa merkeziniň düýbi tutuldy, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty minsitrliginiň Halkara okuw-ylmy merkezi, Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň Halkara kardiologiýa merkezi, 670 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezi, Ahal welaýatynda Baş dermanhana birleşiginiň döwrebap ammary we 120 orunlyk Ýöriteleşdirilen dikeldiş merkezi dabaraly açyldy. 2015-nji ýylda umumy bahasy 544,1 million amerikan dollary we 53,3 million manat bolan 6 saglyk binasynyň hem-de 1 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy boýunça işler alnyp baryldy. Pudak boýunça döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyndan gelip gowşan serişdeleriň möçberi 108 göterim, ýerine ýetirilen hyzmatlardan we ýerlenen önümlerden gelen girdejiler 110 göterim, derman önümçiligi 138 göterim, gyzyl pulda alnan girdejiniň möçberi 103,5 göterim köpeldi. Şeýle hem wise-premýer syýahatçylyk ulgamy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi. Hasabat döwründe Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetiniň maliýe-hojalyk işinden alnan umumy girdeji 112, 2 göterim, gyzyl pul girdejisiniň möçberi 102 göterim artdy. 2015-nji ýylda 104,5 müňe golaý syýahatça hyzmat edildi we 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende 106,2 göterim ösüş gazanyldy. 2017-nji ýylda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň çäklerinde Sport media forumy, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisi geçirildi. Türgenleri we meýletinçileri taýýarlamak babatda işler yzygiderli alnyp barylýar. 2015-nji ýylda türkmen türgenleri halkara sport ýaryşlarynyň 162-sine gatnaşdylar hem-de jemi 411 medal—143 altyn, 98 kümüş we 170 bürünç medal gazandylar. Soňra wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Daşary ýurtly sport hünärmenlerini işe çagyrmagyň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasynda göz öňünde tutulýan sportuň 21 görnüşi we beýleki sport görnüşleri boýunça daşary ýurtly sport hünärmenlerini şertnamalaýyn esasda işe çagyrmagyň meseleleri degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen öwrenildi hem-de Türkmenistanda işlemek üçin çagyrylýan daşary ýurtly sport hünärmenleriniň zähmet gatnaşyklaryny düzgünleşdirmegiň we zähmetine hak tölemegiň Tertibiniň taslamasy taýýarlanyldy. Soňra 2016-njy ýylda ylmyň ugurlary boýunça aspirantura, doktorantura we kliniki ordinatura kabul etmegiň sanlary boýunça Buýrugyň taslamasy hödürlenildi. Resminama Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy tarapyndan ministrlikleriň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň teklipleri esasynda taýýarlanyldy. Taslama laýyklykda, 2016-njy ýylda aspirantura 18 adamy, kandidatlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 28 adamy, doktorlyk alymlyk derejesine dalaşgärlige 4 adamy, kliniki ordinatura 72 adamy kabul etmek meýilleşdirilýär. Wise-premýer şeýle hem welaýatlarda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça 2016-njy ýylda iň ýokary netijeleri gazanmak ugrunda bäsleşigi yglan etmek hakynda Buýrugyň taslamasyny hödürledi. Onuň ýeňijisi pul baýragy bilen sylaglanar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resminamalara gol çekip we olary ýerine ýetirmek babatda degişli ýolbaşçylara görkezmeleri berip, işiň jemlerini jemlemek bilen çäklenmän, eýsem, wajyp wezipeleri kesgitlemegiň hem-de olary çözmegiň ýollaryny bellemegiň möhümdigini nygtady. Milli Liderimiz S.Toýlyýewiň gözegçilik edýän ulgamlarynda köpsanly kemçiliklere ýol berilýändigini aýdyp, wezipe borçlaryna talaba laýyk ýerine ýetirmän, garamagyndaky edaralarda düzgün-nyzamyň berjaý edilişine gözegçiligi gowşadandygy üçin oňa käýinç yglan etdi. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere alnyp barylýan işleri seljermegi hem-de bar bolan kemçilikleri düzetmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Soňra Ministrler Kabinetinieň Başlygynyň orunbasary M.Ýazmuhammedowa gözegçilik edýän düzümlerinde geçirilen işler barada hasabat berdi. Geçen ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň edaralary tarapyndan 45 müňden gowrak dürli çäre geçirildi, muňa sergiler, türkmen halkynyň medeni mirasyny wagyz etmek, häzirkizaman sungatyny ösdürmek we bu ulgamda halkara gatnaşyklaryny giňeltmek, şeýle hem döwlerimiziň Bitaraplygynyň 20 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreler girýär. Olaryň hatarynda ýurdumyzda birnäçe döwletleriň Medeniýet günleri hem-de Türkmenistanyň daşary ýurtlarda geçirilen Medeniýet günleri, kino günleri hem-de beýleki bilelikdäki çäreler bar. 2015-nji ýylda Mary şäheriniň türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi mynasybetli maksatnamanyň çäklerinde Türkmenistanda geçirilen çärelere TÜRKSOÝ halkara guramasyna agza döwletleriň alymlarynyň, medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň ýüzlerçesi gatnaşdy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň döredijilik intelligensiýasynyň wekilleri, muzeý işgärleri daşary ýurtlarda geçirilen ylmy maslahatlara, sergilere hem-de fesitwallara gatnaşdydar. Ýurdumyzyň teatrlarynda sahna eserleriniň 2 müň 288-si görkezildi. Kitaphanalarda okyjylara hyzmat etmegiň häzirkizaman usullaryna geçmek hem-de kitap gaznalarynyň bitewi elektron ulgamyny döretmek boýunça işler amala aşyryldy. Geçen ýylyň ýanwar-dekabr aýlarynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan kitap önümleriniň 369 görnüşi, şol sanda nusgawy we döwürdeş ýazyjy - şahyrlarymyzyň eserlerini, çagalar üçin çeper edebiýaty, okuw kitaplaryny hem hasaba almak bilen umumy sany 5,8 million nusgalykdaky kitap önümleri çap edildi. “Galkynyş” kitap merkezi tarapyndan ýurdumzyň kitaphanalaryna 381 müň 815 nusgalykdaky kitaplar iberildi. Döwürleýin metbugat boýunça umumy sany 145 million 180 müň nusgalykda 27 gazet we umumy sagy 4 million 535 müň nusgalykda 26 žurnal çap edildi. 2015-nji ýylda öňdebaryjy enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjün edilen Metbugat öýi toplumynyň ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň neşirýat – çaphana pudagynyň ösüşinde ajaýyp waka boldy. Neşirýat gullugynyň hünärmenleri daşary ýurtlarda geçirilen çaphana önümleriniň sergilerine gatnaşdylar. Wise-premýer şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň teleradiogepleşikleriň hilini ýokarlandyrmak boýunça işi hem-de döwlet habarlar syýasatyny durmuşa geçirmekde alnyp barylýan işler barada habar berdi. Hususan-da, ýurdumyzda amala aşyrylýan möhüm ähmiýetli çäreler hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm wakalary barada habar beriş serişdelerinde öz wagtynda beýan edilmegini üpjün edýän Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň işi barada hasabat berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwlet medeni syýasatynyň, şol sanda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we kommunikasiýalarynyň türkmenistanlylaryň giň dünýägaraýşyny, ruhy gurşawyny, jemgyýetçilik we raýatlyk düşünjesini kemala getirmekde möhüm şert hökmünde ileri tutulýan ornuny nygtady. Döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleriniň ýeterlik derejede giňden we başarnykly beýan edilmeýäindigine ünsi çekip, çap edilýän makalaryň pes döredijilik derejesi babatynda tankydy bellikleri aýtdy. Wezipe borçlaryny talaba laýyk ýerine etirmän, teleýaýlymlaryň işini guramakda kemçiliklere ýol berendigi we ýaýlymlarda berilýän gepleşikleriniň hiliniň pesdigi üçin, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy M.Altaýewe berk käýnç yglan edildi we ýol berlen kemçilikler gysga wagtyň içinde düzedilmese, eýeleýän wezipesinden boşadyljakdygy oňa duýduryldy. Soňra hormatly Prezidentimiz oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Ilki bilen geçen ýylda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we oba hojalyk pudagynda alnyp barylýan işler hakynda Ahal welaýatynyň häkimi A.Ýazmyradow hasabat bilen çykyş etdi. Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanda durmuşa geçiirlýän sebit syýasatynyň baş maksadynyň adamlaryň durmuş derejesini täze belentliklere götermek, ilatyň abadançylygynyň gowulanmagy üçin şertleri döretmek bolup durýandygyny nygtady. Welaýatlary senagatlaşdyrmak, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklaryny artdyrmak, sebitleriň ýaşaýjylaryny täze iş orunlary bilen üpjün etmek boýunça çäreler şu maksatlara gönükdirilendir. Soňra hormatly Prezidentimiz H.Aşyrowy Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesine bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Balkan welaýatynyň häkimi D.Durdyýew 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabatyň çäklerinde welaýaty özgertmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi, iri taslamalary ýerine ýetirmegiň barşy bilen baglanyşykly meseleler, ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba hojalyk işleri barada habar berildi. Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Balkan welaýatynda Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleriň amala aşyrylyşynyň depginleriniň pesdigine ünsi çekdi. Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň geçiren barlaglarynyň netijeleri boýunça maksatnamany ýerine ýetirmekde birnäçe kemçilikleriň bardygy ýüze çykaryldy. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, welaýatyň çäklerinde dürli maksatly binalaryň birnäçesiniň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmandygyny, gurulýan desgalary maliýeleşdirmk işleriniň ýaramazdygy, gurluşygyň hiline gözegçiligiň gowşadylandygy ylalaşyp bolmajak ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz emele gelen ýagdaýlara nägilelik bildirip, wezipe borçlaryny talabalaýyk ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň gurluşyk baradaky orunbasay B.Söýeşowa käýinç yglan edip, degişli resminama gol çekldi. Döwlet Baştutanymyz E.Aşyrowy Balkanabat şäheriniň häkimi wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjy wezipesinden boşatdy, B.Annagurbanowy Etrek etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony şu etrabyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatdy. Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow welaýatyň çäklerinde 2015-nji ýylyň dowamynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, şeýle hem häzirki döwürde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, S.Meredowy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň häkimi wezipesine belläp, ony Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň iş dolandyryjy wezipesinden boşatdy. Mejlis Lebap welaýatynyň häkimi M.Joraýewiň hasabaty bilen dowam etdirildi, ol 2015-nji ýylda welaýatda ýerine ýetirilen işleriň jemleri we möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Soňra Türkmenistanyň Baş prokurory A.Hallyýew çykyş edip, geçirilen seljerme işleriniň barşynda Lebap welaýatynda ýüze çykarylan kemçilikler we kanun bozulmalarynyň ýüze çykarylandygy barada hasabat berdi. Hasabatda, hususan-da, döwlet tarapyndan welaýatyň toplumlaýyn ösdürilmegine uly möçberli serişdeleriň goýberilýändigine garamazdan, oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça tabşyryklaryň pes derejede ýerine ýetirilýändigi habar berildi. Welaýatyň şäherlerinde we obalarynda gurluşyk işleri örän haýal depginlerde alnyp barylýar, ulanmaga tabşyrylmagy meýilleşdirilen birnäçe desgalaryň hat-da gurluşygyna hem girişilmändir. Welaýatyň ýolbaşçylary durmuş meselelerini çözmäge ýeterlik üns bermeýärler. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, M.Joraýewi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşatdy.