Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň direktory Ý.Kakaýew 2015-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň barşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçen ýyl bilen deňeşdirilende nebit we gaz kondensatyny çykarmagyň ösüş depgini 105,2 göterime, buraw işleriniň ösüş depgini 124,4 göterime deň boldy. Maýa goýumlaryny özleşdirmek baradaky meýilnama 145,6 göterim ýerine ýetirildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmak, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, awtoulag benzininiň, dizel ýangyjynyň, polipropileniň, çalgy ýaglarynyň, suwuklandyrylan gazyň we beýleki nebithimiýa önümleriniň önümçiliginiň tehniki-ykdysady görkezijileri, şeýle hem kärhanalarda, edaralarda, guramalarda we ýaşaýyş toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlaryny orurtmak boýunça alnyp barlan işler hakynda hasabat berildi. Şeýle hem wise-premýer ýangyç-energetika toplumynda düzümleýin özgertmeleri geçirmek, nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada habar berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň Nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permanyň we başga-da birnäçe Kararlaryň taslamalary hödürlenildi. Resminamalara laýyklykda, “Türkmennebitönümleri” baş müdirligi Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň garamagyna geçirilýär. “Türkmengaz” döwlet konserniniň nebit we gaz instituty hem-de “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň ylmy-barlag we geologiýa-gözleg instituty ýapylyp, olaryň binýadynda “Türkmengaz” döwlet konserniniň garamagynda ylmy-barlag tebigy gaz institutyny döretmek göz öňünde tutulýar. Bu institutlaryň taslama bölümleriniň hem-de “Türkmengaz” döwlet konserniniň gurluşyk-gurnama müdirliginiň binýadynda “Türkmengaz inženerçilik we gurluşyk” müdirligi döredilýär. “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentliginiň düzümini tassyklamak hakyndaky” Karara laýyklykda, ýangyç-energetika toplumynda täze bina edilýän gurluşyklaryň barşyna gözegçilik etmek wezipesi “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň üstüne ýüklenilýär. Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat bermek bilen, “Türkmenistanyň milli nebitgaz kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýtdy. Hususan-da, onuň düzümine Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Nebitgaz serişdelerini dolandyrmak we peýdalanmak baradaky döwlet agentligi, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy hem-de “Garagum” halkara paýdarlar banky girýär. Milli nebitgaz kompaniýasynyň işiniň esasy ugurlary geologiýa-gözleg we buraw işlerini alyp barmakdan, nebiti we gazy çykarmakdan, ýangyç-energetika toplumyndaky halkara taslamalaryny durmuşa geçirmekden ybaratdyr. Wise-premýer çykyşynyň dowamynda ýangyç-energetika toplumynda amala aşyrylýan düzümleýin özgertmeleriň ulgamyň işini kämilleşdirmekden, düzümlerde ykdysady bähbidi gazanmakdan, başga-da, işiň ilerlemeginde, düzümleriň önümçilik kuwwatlyklarynyň we eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagynda möhüm ähmiýetiniň boljakdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça ýangyç-energetika toplumyny özgertmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler degişli pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyna, bu ugurlarda alnyp barylýan işleriň ylmy esasda ösdürilmegine, pudaklaryň işine dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň we täzeçil usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam eder. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kabul edilen we onuň senagat hem-de eksport kuwwatlyklarynyň pugtalandyrylmagyna, täzeçil tehnologiýalary, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary ornaşdyrmak esasynda pudaklaýyn düzümleriň döwrebaplaşdyrylmagyna gönükdirilen ösüş maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, nebitgaz pudagynyň netijeliligi köp derejede dünýä ykdysadyýetiniň ýagdaýyny nazara almak bilen, onuň işiniň oýlanyşykly özgerdilmegine baglydyr. Milli Liderimiz oňyn netijeleri almak üçin pudagyň bar bolan mümkinçiliklerini ýüze çykarmakdan, ýangyç-energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmekden, önümçilik çykdajylaryny azaltmakdan, dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanylýan önümleri ýerleşdirmek meselelerine bolan işleri kämilleşdirmekden ybaratdygyny aýtdy. Hormatly Prezidentimiz “Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministrligini Türkmenistanyň nebitgaz ministrligi diýip atlandyrmak hakyndaky” Permana, şeýle hem hödürlenen Kararlara gol çekip, wise-premýere hem-de toplumyň ýolbaşçylaryna resminamalardan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem “2016-njy ýylda içerki sarp edijilere nebit önümlerini bölüp bermek hakyndaky” Karara gol çekdi. Hormatly Prezidentimiz M.Halylowy başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň nebitgaz senagaty we mineral serişdeler ministri wezipesinden boşadyp, ýurdumyzyň nebitgaz ministri wezipesine M.Meredowy belledi. M.Halylow “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktory wezipesine bellenildi. Döwlet Baştutanymyz Nebitgaz pudagynda bar bolan we häzirki döwürde ulanylmaýan mümkinçiliklere ýene bir ýola ünsi çekip, döwlet emläginiň, maddy-enjamlaýyn we maliýe serişdeleriniň netijeli peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň dolandyryş ulgamyna dünýä tejribesinde kabul edilen kadalary we düzgünleri, häzirkizaman halkara ölçeglerini giňden ornaşdyrmak çärelerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy. Soňra çykyş eden Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Wise-premýer Aşgabat şäher häkimliginiň hojalyk hasaplaşygyna degişli edara-kärhanalary tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümleriň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasynyň 100,8 göterim ýerine ýetirilendigini, ösüş depgini bolsa 129,3 göterime deň bolandygyny belledi. Paýtagtymyzyň häkimliginiň kärhanalary boýunça maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlarynyň meýilnamasy 108,2 göterim ýerine ýetirildi. Wise-premýer Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň meýilnamasynyň 126,9 göterim berjaý edilendigini, ösüş depgininiň 113,9 göterime deň bolandygyny aýtdy. Hasabat döwründe ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň ösüş depgini 101,8 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň kärhanalary 2015-nji ýylyň jemleri boýunça göz öňünde tutulan meýilnamany 138,6 göterim ýerine ýetirip, 130,3 göterim ösüş depginini üpjün etdiler. 2015-nji ýylda elektrik energiýasyny öndürmegiň ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Elektrik energiýasynyň eksporty boýunça ösüş depgini 108,2 göterim üpjün edildi. Ministrligiň daşary ýurt pulundaky girdejisiniň meýilnamasy 101,2 göterim ýerine ýetirilip, ösüş depgini 104,3 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Jemagat hojalygy ministrligi tarapyndan hasabat döwründe meýilnama 113,3 göterim ýerine ýetirildi we ösüş depgini 112,6 göterime barabar boldy. “Türkmenawtoýollary” döwlet konserni tarapyndan hasabat döwründe öndürilen önümiň we ýerine ýetirilen işleriň, hyzmatlaryň meýilnamasy 107,5 göterim berjaý edilip, ösüş depgini 106,8 göterim üpjün edildi. Hasabatyň barşynda 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna çenli paýtagtymyzda desgalary gurmak we durkuny täzelemek boýunça ýerine ýetirilýän işleriň barşy barada habar berildi. Şunda önümçilige döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen işleriň bellenen möhletlerde we ýokary hil derejesinde berjaý edilmegine aýratyn üns berilýändigi bellenildi. Hasabatyň çäklerinde welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, ministrlikler we pudak edaralary, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan tassyklanylan maksatnamalaryň esasynda we Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, 2016-njy ýylyň dowamynda ulanmaga berilmeli binalaryň we desgalaryň hem-de Gurluşygyň meýilnamasynyň taýýarlanylandygy habar berildi. Bu resminama laýyklykda, desgalaryň 383-sini ulanmaga tabşyrmak göz öňünde tutulýar, olaryň 21-si çagalar bagy, 19-sy orta mekdep, 16-sy saglyk ulgamynyň desgalary, 161-si ýaşaýyş jaýlary, 77-si kottej jaýlary we beýleki binalar hem-de desgalar bolup, olaryň umumy bahasy 7,4 milliard amerikan dollaryna barabardyr. Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurulýan desgalaryň ählisinde işleriň ýokary hilini üpjün etmegiň hem-de olary ulanmaga bermegiň möhletlerini berk berjaý etmegiň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz 2016-njy ýylda ýurdumyzda binalary we desgalary gurmagyň hem-de ulanmaga bermegiň meýilnamasynda berkarar Watanymyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek, ykdysadyýetimizi mundan beýläk-de diwersifikasiýa ýoly bilen, ýokary depginler bilen ösdürmek üçin täze wezipeleriň we belent maksatlaryň goýlandygyny belledi. Bu wezipeleri häzirki zaman tehnikalarynyň we iň täze tehnologiýalary ulanmak, innowasion önümçilik düzümlerini döretmek arkaly çözmegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz senagat we durmuş maksatly desgalary gurmak boýunça alnyp barylýan işlere gözegçiligi güýçlendirmegiň wajypdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şol işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Bu aýratyn-da, ak mermerli paýtagtymyzda gurulýan desgalara degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işlerinde çözülmeli meseleleriň heniz köpdügini belledi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow gözegçilik edýän ulag hem-de aragatnaşyk ulgamlarynda 2015-nji ýylda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň meýilnamasy 114,2 göterim ýerine ýetirildi. Şunda, 115,1 göterim ösüş depgini gazanyldy. Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrligi boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüşi 113 göterime deň boldy. Içerki demir ýol ulgamlarynda, şol sanda Türkmenbaşy-Türkmenabat ugurlarynda abatlaýyş işleri geçirildi. Atamyrat-Ymamnazar-Akina halkara demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän Türkmenabat-Farap demir ýol köprüsiniň gurluşygy dowam edýär. Geçen ýylda Balkanabat şäheriniň demir ýol menzili ulanmaga berildi. Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 130,3 göterime deň boldy. Bu görkeziji ýük daşamakda 103,8 göterime, ýolagçy gatnatmakda ösüş depgini 101 göterime barabar boldy. Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 107,6 göterme deň boldy. Ýurdumyzda aragatnaşyk hyzmatlaryna bolan islegleri kanagatlandyrmak maksady bilen, 597 müň telefon nokatlary gurnaldy. Hasabat döwründe Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde 45 müň 344 telefon belgili beketler gurnaldy we 2 müň 439 kilometr aragatnaşyk ulgamy çekildi. Hasabat döwründe “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugy boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmegiň ösüş depgini 117,3 göterime barabar boldy. Aşgabadyň we Daşogzuň howa menzillerinde häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän uçuş-gonuş zolaklary, şeýle hem “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň Howa gatnawlarynyň baş gullugynyň täze edara binasy gurlup ulanylmaga berildi. Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 126,6 göterime, deň boldy. Şeýle hem pudakda ýük daşamagyň ösüş depgini 100,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa 138 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometerologiýa baradaky milli komitetiniň merkezi edara binasynyň açylyş dabarasy boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň ulag ulgamynyň ösdürilmegine ägirt uly goldaw berýändigine garamazdan, pudaklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň kanagatlanarly däldigine ünsi çekdi. Milli Liderimiz ulag we aragatnaşyk pudaklarynyň edara-kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, pudaklar üçin ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işlere nägilelik bildirdi we wise-premýere ulag pudagynda zähmet düzgün nyzamyny pugtalandyrmak ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak bilen bagly hyzmatlaryň, şeýle hem aragatnaşyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokary bolmagyny hem-de döwletiň talaplaryna laýyk derejede amala aşyrylmagyny üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy P.Taganow gözegçilik edýän pudaklarynda 2015-nji ýylda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça 2014-nji ýyl bilen deňeşdirilende söwda dolanyşygynyň ösüş depgini 110,6 göterim üpjün edildi, şol sanda bölek söwdanyň ösüş depgini 106 göterime we lomaý söwdanyň ösüş depgini 112,9 göterime barabar boldy. Bu ulgamda özleşdirilen maýa goýumlarynyň ösüş depgini 214,8 göterime deň boldy. Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasy boýunça şu döwürde 250 birža söwdasy geçirilip, umumy bahasy 76 milliard 766,8 million manada deň bolan 21 müň 242 şertnama hasaba alyndy. Hasaba alnan şertnamalaryň umumy möçberinde import-eksport şertnamalarynyň bahasy 16 milliard 543 million manada, gurluşyk şertnamalarynyň umumy bahasy 45 milliard 381,1 million manada deň boldy. Daşary ýurt pulunda gelip gowuşýan serişdeleriň möçberi 34 million 927 müň amerikan dollaryndan gowrak boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy boýunça amala aşyrylan hyzmat işleriniň ösüş depgini 133,1 göterime barabar boldy. Edaranyň kärhanalary boýunça gazanylan peýdanyň ösüş depgini 127,8 göterim üpjün edildi. Ýerine ýetirilen hyzmatlardan gelip gowşan daşary ýurt pulunyň möçberi 3 million 205,75 müň amerikan dollaryna barabar bolup, 117,86 göterim ösüş depgini gazanyldy. Hasabat döwründe sergileriň 31-si we maslahatlaryň 28-si geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça senagat önümleriniň öndürilişi 22,7 göterim we azyk önümleriniň öndürilişi 16,3 göterim artdy. Ýerine ýetirilen gurluşyk-gurnama işleriniň ösüş depgini 103 göterim, söwda haryt dolanyşygynyň ösüş depgini 123,4 göterim, hyzmat ulgamynda bolsa ösüş depgini 127,5 göterim üpjün edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, söwda pudagynyň işini has-da işjeňleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň önüm öndürijileriň eksport kuwwatyny ilerletmek meselelerinde maglumat-seljeriş üpjünçiliginiň wajypdygy nygtaldy. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem bar bolan mümkinçiliklere we daşary ýurt bazarlarynyň isleglerine hemmetaraplaýyn baha bermek barada görkezme berip, halkara işewür gatnaşyklaryny has-da ösdürmek, daşary ýurt maýasyny çekmek bilen maýa goýum taslamalaryny höweslendirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.