Atatürk we Oguz han (öňki Aýtakow) köçeleriniň çatrygyna ýerleşýär. Täze toplum “Türkmennebitgazgurluşyk” döwlet konserniniň buýurmasy boýunça “Polimeks” türk kompaniýasy tarapyndan guruldy we tehniki enjamlaşdyrylyşyny hasaba almak bilen şuňa meňzeş sport desgalary üçin zerur bolan talaplaryň ählisine laýyk gelýär. Hususan-da, ýaryş mahalynda mahabat toplumlary hem-de sport maglumatlary üçin uly sahnanyň üstki örtüginiň astynda dört taraplaýyn uly monitorlary bolan ekranlar ýerleşdirilipdir. Aşgabatdaky olimpiýa rezerwleri üçin türgenleri taýýarlamakda ýöriteleşdirilen mekdebi bolan gyşky sport toplumynyň keşbi binagärçiligiň milli däpleri bilen häzirki zamanyň gazananlaryny sazlaşykly utgaşdyrýan ak mermerli binalaryň toplumyny özünde jemleýär. Toplum 107 müňe golaý inedördül metr meýdanda ýerleşýär. 10 müň orunlyk münberleri bolan, ýaryşlary hem-de uly sport baýramçylyklaryny geçirmek üçin niýetlenilen ini 30, boýy 60 metr bolan buzly meýdan onuň esasy bölegidir. Sahnanyň häsiýetli aýratynlygy – köpugurlylygydyr. Bu ýerde hokkeý oýnamak, buzda typmak, şeýle-de, buzuň üstünde şowhunly çykyşlary hem-de dürli baýramçylyk dabaralaryny geçirmek üçin hemme şertler döredilipdir. Tomaşaçylara sport çykyşlaryna we beýleki çärelere amatly tomaşa eder ýaly hemme şertler döredilipdir. Zerur mahalynda zalyň buz örtügini 2 sagadyň dowamynda aýryp, zaly sportuň başga görnüşleri bilen meşgullanmak hem-de dabaraly çäreleri geçirmek üçin ulanyp bolýar. Esasy sahnadan başga-da, türgenleşikler üçin niýetlenilip ini 25 boýy 56 metr bolan kiçi zal toplumyň düzümine girýär. Bu ýerde buzly ýodajyk, tehniki, geýim çalşyrylýan otaglar, 1040 adamlyk konkileri kireýine beriş hem-de olary çalşyjy nokat bar. Sport zallaryň birnäçesi fitnes, akrobatika hem-de umumy beden taýýarlygy üçin niýetlenipdir. Horeografiýa bilen meşgullanmak üçin ýörite okuw otagy göz öňünde tutulypdyr. Buzly köşgüň metbugat mekrezinde žurnalistleriň we sport kommentatorlarynyň ýüzüsiniň işlemegi üçin şert döredilipdir. Suwa düşmek üçin amatly ýerler, geýim çalşyrylýan otaglar, kämil tilsimatlar bilen enjamlaşdyrylan owkalamak we lukmançylyk otaglary, şeýle hem maslahatlar zaly, wideosalon türgenleriň we tälimçileriň hyzmatyna berlipdir. Degişli çäkde futbol, basketbol bilen meşgullanmak üçin meýdançalar gurlupdyr. Giň eýwandan diňe bir münberlere däl-de, eýsem sport üstünlikleriniň muzeýine hem baryp bolýar. Ikinji gatda kiçiräk garbanyşhanalar, amatly kafe we restoranlar ýerleşdirilip, olardan buzly sahnanyň görnüşi açylýar. Ýöriteleşdirilen sport mekdep internaty Oguzhan we Atatürk köçeleriniň kesişýän ýeriniň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýär. Türkmen hokkeýiniň we buzda typmagyň geljekki ussatlary üçin toplumlaryň 8-sini hem-de 300 adamlyk ähli amatlyklary bolan umumyýaşaýyş jaýyny, enjamlaşdyrylan sport zalyny, ýüzüş howzuny lukmançylyk otagyny we beýleki otaglaryny özlerine jemleýän dört gatly okuw binasy gurlupdyr. Mekdebiň açylmagy onlarça çagalara özleriniň arzuwlaryny amala aşyrmaga hem-de biziň ýurdumyzda diňe bir teleýaýlymlardan alyp görkezilişi bilen meşhur bolmadyk sportuň bu täsin görnüşi bilen meşgullanmaga mümkinçilik berer. Mekdebiň ýatakhanasy dört gatdan ybarat bolup, binanyň demirgazyk-gündogar böleginde ýerleşýär. Onda her birine okuwçylaryň üçüsiniň ýaşamagy, şeýle-de mugallymlar we nobatçy üçin niýetlenen otaglar göz öňünde tutulypdyr. Şonuň ýaly-da, bu ýerde okuwçylaryň suwa düşmekligi, kompýuterler bilen meşgullanmaklary üçin otaglar, aşhanasy bolan 150 orunlyk naharhana bar. Toplumyň tutuş çägi abadanlaşdyrylypdyr we bu ýerde bag nahallary oturdylypdyr. Onuň meýdany 30 780 inedördül metrden gowrakdyr. Binanyň öňünde suw çüwdürimleri ýerleşdirilipdir. Desganyň açylyş senesi: 19.10.2011