Çandybil şaýoly ähli ölçegler boýunça ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýär. Bu pudakda abraýly bilermen hasaplanýan we täze şaýol boýunça degişli barlagy amala aşyran Fransiýanyň “Cete Apave Sudeurope” kompaniýasy tarapyndan ýörite kepilnamanyň berilmegi munuň şeýledigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, Çandybil şaýolunyň AASHTO-niň (Amerikanyň Döwlet magistrallary assosiasiýasy) we ÝK-niň (Ýewropa Kadalary) ülňülerine laýyk gelýändigi şol kepilnamada bellenilýär. Ulag ýolunyň umumy ini 80 metre golaýlaýar. Çandybil şaýoly ulag hereketini dolandyrmagyň iň kämil enjamlary we energiýany tygşytlaýjy tehnologiýalary peýdalanmak arkaly döwrebap yşyklandyryş, maglumat tablolary bilen üpjün edilipdir. Köp zolakly täze şäher ýolunyň umumy uzynlygy 12 kilometre barabardyr. Şeýle hem ugurdaş, eltiji we beýleki ýollar bilen halkalaýyn böleklerini hasaba alanyňda bolsa bu ýoluň umumy uzynlygy 29 kilometrdir. Bu ýerde iki sany suw çüwdürimi, dört köpri, sekiz ýerasty geçelgeleri, 13 sany suw saklaýjy gaplary, 44 kilometrlik derýajygy, 77 sany zeýkeş ulgamlaryny, umumy uzynly 300 kilometre barabar bolan ýoluň ýakasyna goýlan granit raýyşlary, 3 müňe ýakyn yşyklandyryjylary, ýoluň ýanaşyk ýerlerinde umumy 530 müň inedördül metrlik ýaşyl zolaklaryň döredilendigini, 18 müňe golaý agaçlaryň we 52 müňden gowrak gülleriň, şeýle hem 1 million 345 müň düýp bag nahallarynyň ekilendigini nazara alsaň, bu gurluşygyň geriminiň juda giňdigine göz ýetirýärsiň. Mundan hem başga ýoluň tutuş ugruna granit düşelen ýodajyklaryň gurlandygyny bellemeli. Ýoluň bütin dowamynda ähli zerur bolan enjamlar, şol sanda salkynlaşdyryş we ýyladyş ulgamlary bilen üpjün edilen duralgalar bar. Olarda ýylyň ähli paslynda ulaga garaşýan ýolagçylar üçin oňaýly howa şertlerini üpjün edýän düzüm, şeýle hem awtobuslaryň anyk hereketi barada awtomatiki usulda maglumat almaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy hereket edýär. Täze ulag ýolunyň ýanaşyk ýerlerinde dürli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň döwrebap edara jaýlarynyň gurluşygy ýaýbaňlandyrylypdyr.
TDUmaksat 8 years ago- paýtagtymyzyň gözel ýerleri bilen tanyşmagy dowam ederis