(köçäniň öňki ady: Podwoýsk) Şaýoluň dürky täzelenen 5 kilometrden gowrak bölegi paýtagtymyzyň esasy ulag ýollarynyň birine öwrüldi. Halkara standartlaryna laýyklykda birinji tehniki derejeli ulag desgalarynyň hataryna girýän bu şaýoluň gatawly böleginiň umumy ini 30 metre barabardyr, her tarapa dört zolakly gatnawyň bolmagy göz öňünde tutulypdyr. Ýanýodalar, aýmançalar, bölüji zolak we goşmaça ýollar bilen birlikde şaýolunyň ini 80 metre ýetýär. Ýeri gelende aýtsak, goşmaça ýollar esasy ýoluň gatnawyny azaldýar hem-de awtoulaglaryň şaýoluň ugrunda ýerleşýän ýaşaýyş jaý toplumlaryna, söwda merkezlerine we medeni-durmuş maksatly beýleki edaralara barmagyny aňsatlaşdyrýar. Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýerinden başlanýan şaýoluň durky täzelenen bölegi paýtagtymyzyň merkezine çenli uzalyp gidýär. Bu ýerde ýoluň gatnawly böleginiň düşeginiň we ýanýodalaryň granit plita düşelen zolaklarynyň örtgülerini täzelemek bilen bagly işler ýerine ýetirildi. Ýanýodalaryň we ýollaryň gatnawly böleginiň gyralarynda granit goýuldy. Şaýoluň ugrunda bezeg üçin ulanylýan agaç nahallary we ösümlikler ekildi. Ýoluň çatryklarynda ýol geçelgeleri guralypdyr we telewizion paneller goýlupdyr. Ýerasty geçelgeler ýolagçylar üçin amatly bolar ýaly edip gurlupdyr. Ýeri gelende aýtsak, inženerçilik kommunikasiýalaryň ählisi ýörite ýerasty desgalarda ýerleşdirilipdir. Paýtagtymyzyň täze Arçabil we Çandybil şaýollary ýaly, Bitarap Türkmenistan şaýoly hem duýduryş bermek, awtoulaglaryň gatnawyny kadalaşdyrmak we ýoly yşyklandyrmak üçin niýetlenen döwrebap ulgamlar, maglumat berýän tablolar bilen üpjün edilipdir. Durky täzelenen ýoluň ugrunda jemgyýetçilik awtoulaglaryna garaşmak üçin döwrebap, milli äheňde bezelen ýapyk duralgalar gurnalypdyr. Olar örän amatlydyr we köpugurlydyr, çünki olar ähli zerur enjamlar, şol sanda howany kadaly ýagdaýda saklamaga we sowatmak üçin niýetlenen ulgamlar, telewizorlar, hereket edýän awtoulagyň nirede ýerleşýändigini emeli hemra arkaly anyklamaga mümkinçilik berýän GPS ulgamy bilen üpjün edilipdir. Awtoduragalaryň her birinde sowuk içgileri we süýji nygmatlary satmak üçin dükanlar, telefon-awtomatlary döwrebap goýlan kabinalar, zir-zibil taşlanýan urnalar goýlupdyr. Maglumat berýän elektron tablolary, bankomatlary we dürli mahabatlary goýmak üçin ýörite enjam goýlupdyr. Ýoluň ugrunda gurlan belent ýaşaýyş jaýlar we edara binalar, mini we supermarketler, medeni dynç alyş merkezleri, dermanhanalar we medeni-durmuş hyzmatlarynyň guramalary bar. Şaýoluň we “10 ýyl abadançylyk” köçesiniň kesişýän ýerinde döwrebap şäheriň bezegi bolan özboluşly we kämil enjamlarynyň biri ünsüňi çekdirýär, ol enjam ýaşaýjylara howanyň temperaturasy çyglylygy we basyşy barada maglumat berýär. Uly termometr görnüşinde gurlan desga ýörite, döwrebap meteorologik enjam bilen üpjün edilipdir. Şol enjamyň mehanizmi dürli temperaturaly şertlerde işlemäge ukyplydyr. Ekranda gurluşy 45 gradus aýazdan başlap, 55 gradusa çenli aralykdaky jöwzany görkezijiler takyk görkezýär. Ýagşyň ýa-da garyň ýagmagy şekillere we görkezijileriň takyklygyna asla öz täsirini ýetirmeýär. Şunuň ýaly üýtgeşik enjamlaryň ýerleşdirilmegi şäheriň gelşigini artdyrýar.