Myhmanhana “Buig” kompaniýasy tarapyndan gurulýar. Bahasy 270 million ýewro barabar bolan bäş ýyldyzly myhmanhana ýokary derejedäki myhmanlary kabul etmek we iri halkara maslahatlaryny geçirmek üçin niýetlenilen häzirki zaman, özboluşly myhmanhana toplumyndan ybaratdyr. Myhmanhananyň ajaýyp binasy häzirki zaman binagärliginiň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň iň oňat däpleri we seýsmiki howpsuzlygyň ygtybarly ulgamy bilen sazlaşykly utgaşýar. Myhmanhananyň binalarynyň eýeleýän umumy meýdany 95200 inedördül metre deňdir. Onuň ýanaşyk ýerleri 70 müň inedördül metre barabardyr. Binanyň öňki ganatynyň beýikligi panoramalaýyn synlaýyş meýdançasy bolan restoran üçin niýetlenilen ýokarky gat bilen bilelikde girelgäniň üstünden 67 metre barabardyr. Merkezi girelgeden iki gapdala ýaýraýan görnüşdäki iki ganatdan ybarat bolan binada bäş ýyldyzly myhmanhananyň lýuks otaglarynyň zolagy ýerleşýär. Myhmanhana 299 orunlyk bolup, olaryň 14-si Prezident klaslydyr. Türkmenistanyň Prezidenti üçin aýratyn otag göz öňünde tutulypdyr. Myhmanhananyň ýene bir artykmaçlygy, ol hem binanyň üstünde gurlan dikuçar meýdançasydyr, ol şuňa meňzeş desgalara bildirilýän häzirki zaman we berk talaplara laýyklykda döredildi. Bulardan başga-da toplum giň hollary, mejlisler we gepleşikler geçirmek üçin zallary bolan Kongres merkezini öz içine alýar. Merkezi holl-atriumynda oňa esasy bezeg berýän barelýefler bar. Bu barelýefler türkmenleriň geçen bäş müň ýyllyk ýoly – türkmen halkynyň milli taryhynyň bäş eýýamy hakynda gürrüň berýär. Birinji barelýefiň merkezinde halkymyzyň şöhratly ýyl ýazgysynyň birinji “sahypasy” bolan, elinde halkyň jebisligini simwollaşdyrýan alty sany peýkamy saklap duran türkmenleriň nesilbaşysy Oguz han şekillendirilendir. Onuň ýanynda iki tarapynda Oguz hanyň ogullary – Gün hanyň, Aý hanyň, Ýyldyz hanyň, Gök hanyň, Deňiz hanyň, Dag hanyň şekilleri bar. Iki kelleli bürgüdiň görnüşindäki Oguz hanyň ştandarty hem şekillendirilipdir. Kompozisiýada Oguz hanyň ogullarynyň tugralary /öküz, dag goçy, laçyn, bars, bürgüt we möjek/, şeýle hem nesilbaşyny Oguz handan alyp gaýdýan türkmen taýpalarynyň 24 tagmasy bar, şol tugralaryň stilleşdirilen şekilleri henize-bu güne çenli türkmenleriň haly sungatynda duş gelýär. Soňraky şekil Gorkut ata eýýamyna bagyşlanylandyr. Türkmenleriň ata-babalarynyň hut şu döwürde beýik imperiýalary – Türkmen-Gaznewiler, Beýik Türkmen Seljuk, Köneürgenç, Türkmen-Osman we beýleki döwletleri döredip, öz täsirini, özboluşly medeniýetini we ruhy däplerini, gündogaryň köp ýurtlaryna ýaýradypdyrlar. Barelýefde eýýamyň ruhy ýolbaşçysy Gorkut atanyň keşbi şekillendirilipdir. Ol sazanda oglanyň elinden tutup, milli sungatyň yzygiderliligini we diriligini alamatlandyrýar. Şu ýerde şeýle hem bu eýýamyň görnükli ýadygärlikleri-Tekeş Soltanyň, Il Arslan Soltanyň, Soltan Sanjaryň kümmetleri, Gutlug Teýmiriň minarasy, Mäne babanyň kümmeti şekillendirilipdir. Sahnanyň çep tarapynda Beýik Türkmen-Seljuk şalygyny esaslandyryjy, tagtda oturan Muhammet Togrul beg, Beýik Ýüpek ýoly bilen ýöräp barýan kerwen şekillendirilipdir. Sag tarapda soltan Alp Arslanyň bedewiň üstünde oturan keşbi janlanýar. Indiki barelýef Görogly begiň we Magtymgulynyň eýýamyna bagyşlanypdyr. Ynha, edermen Göroglynyň öz ajaýyp Gyratynda kyrk ýigidi bilen eli dutarly pursady beýan edilýär. Beýleki tarapda XVIII asyrda türkmen halkynyň durmuşyndan sahnalar, öz halkyny agzybirlige, parahatçylyga we jebislige çagyryp, türkmen tebigatynyň gözelligini wasp edip, öz ganatly setirlerini okap duran beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň, türkmen halkynyň garaşsyzlygy hakynda arzuw edýän beýik ogluna ak pata berip duran Döwletmämmet Azadynyň keşpleri şekillendirilipdir. Iň ahyrynda bolsa täze Galkynyş eýýamyna bagyşlanan barelýef ýerleşdirilipdir. Kompozisiýa türkmen halkynyň soňky ýyllarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda gazanan üstünliklerini beýan edýär. Barelýefiň merkezinde döwletiň Garaşsyzlygynyň we Bitaraplygynyň nyşanlary – Türkmenistanyň Döwlet tugrasynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň köşk toplumynyň, Garaşsyzlyk binasynyň, Konstitusiýa binasynyň, şeýle hem Döwlet baýdagyny göterýän, 2008-nji ýylda Ginnesiň rekordlar kitabyna girizilen, dünýäde iň beýik flagştogyň şekilleri ýerleşdirilipdir. Bu relýefde şeýle hem «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň nyşany, Garaşsyzlyk eýýamynda Aşgabat şäherinde gurlan häzirki zaman binalary, milli walýuta-türkmen manady, türkmen topragynyň baýlyklarynyň-”mawy ýangyjyň”, “ak altynyň”, buraw desgalarynyň şekilleri, şeýle hem milli zergärçilik şaý-sepleri, türkmen halysynyň gölleri ýerleşdirilipdir. Günüň “abadançylyk halkasynyň” fonunda duran ýaş maşgalanyň şekili täze, bagtly döwri alamatlandyrýar. Foýeniň merkezinde öz gözelligi bilen uly täsir galdyrýan howuzly, dürli yşykly çüwdürim ýerleşdirilipdir. Ýokardan aşaklygyna özboluşly silindr görnüşli asma lýustralar sallanyp dur, olaryň şöhlesi mermer poluň ýüzünde nagyşly kompozisiýany emele getirýär. Üçegiň merkezinde Oguzhanyň sekizburç ýyldyzy ýerleşdirilipdir. “Oguzkent” myhmanhanasynyň spa-salonynda sagaldyş proseduralary üçin ajaýyp şertler döredilip, ultra häzirki zaman tehniki enjamlar bilen üpjün edilendir. Myhmanhananyň onunjy gatynda standart we lýuks otaglary, şeýle hem “Ahalteke” nomeri bar. Ol oňat timarlanan foýeleri, dynç alyş otagyny, iş otaglaryny, gepleşikleri we beýlekileri geçirmek üçin otaglary öz içine alýar. Myhmanhananyň içerki görnüşi aklyňy haýran edýär: onuň içki bezegleri gündogar dekorynyň elementlerini peýdalanmak bilen nusgawy stilde ýerine ýetirilipdir. Dizaýnerçilik bezeginde biziň halkymyzyň milli buýsanjy bolan türkmen halylaryna we ahalteke bedewleriniň suratlaryna aýratyn üns berildi. Mahlasy, bu ajaýyp myhmanhana talapkär myhmanlaryň islegini kanagatlandyrmak hem-de onda oňaýly dynç alyşdan üýtgeşik täsirleri galdyrmak üçin ýörite guruldy. Bu ýerde myhmanlaryň hyzmatynda şeýle hem fitness-merkez, suwa düşülýän howuzlar, restoran, awtoduralga, häzirki zaman mejlisler-zallary, gepleşikleri, dürli formatdaky çäreleri geçirmek üçin zerur bolan tehniki enjamlar bilen üpjün edilen amatly otaglar bar. Bulardan başga-da myhmanhana toplumyna aýratyn duran, iki otagly nomerleriň 60-syny we bir otagly nomerleriň 9-syny öz içine alýan 8 gatly Apart – myhmanhanasy, iş otaglary bolan söwda galereýasy, barbekýu-seýilgähi, tennis kortlary we beýlekiler girýär. Myhmanhananyň binasy Aşgabadyň binagärlik merkezi bilen ajaýyp sazlaşýar, onuň penjirelerinden we ýokarky terrasasyndan paýtagtymyzyň täze desgalaryna, köşkler toplumlaryna, seýilgähler we ýadygärliklerine açylýan görnüş bolsa myhmanlarda ilkinji minutlardan başlap, Aşgabat, onuň durmuş depgini hakynda düşünjäni oýarýar. Myhmanhananyň 15-nji gatynda panoramalaýyn restoran ýerleşendir. Bu ýerden türkmen paýtagtynyň ajaýyp görnüşi açylýar. Myhmanhananyň açylyş senesi: 15.10.2010 Çeşme: “Türkmenistan: altyn asyr” Elektron gazeti