Türkmenistanda ähli ugurlar boýunça düýpli özgertmeleri geçirilip, milli maksatnamalar hereket edýar. Bu maksatnamalaryň çäklende bilim ulgamynyň işini kämilleşdirmek, oba senagat toplumyny döwrebaplaşdyrmak, türkmen ýangyç serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarylmagyny diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň howpsuzlygyny üpjün etmek, halkara transmilli üst-üstaşyr geçelgelerini döretmek, giň «açyk gapylar» syýasatyny ýöretmek işleri yzygiderli alnyp barylýar. Yurdymyz iri halkara forumlarynda we sammitlerde häzirki döwrüň möhüm meseleleri boýunça garaşsyz, bitarap döwletimiziň garaýyşlaryny äşgär edýän başlangyçlary an sürmek arkaly halkara syýasy we maglumatlar ginişligine üstünlikli goşulyşylmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlarynda kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyz bilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň çäklerinde ýygjam gatnaşyklary ýola goýmak bilen, milletimiziň bitewi ruhy jebisligini kemala getirmek döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutyan ugurlary boldy. Şol bir wagtda yurdymyzda ahalteke bedewiniň baş sanyny artdyrmak we atçylyk sportyny ösdürmek hem-de türkmeniň milli buýsanjy bolan behişdi bedewlerimizi wasp etmäge uly orun berildi. Häzirki zamanyň ählumumy howplary - neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we neşekeşlige, terrorçylygy, ömrüň maliýeleşdirilmegine, daşky gurşawy goramak boýunça çäreler tohumyny işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek we we beýlekiler türkmen döwletiniň abadançylygyny berkitmekde wajyp ähmiyetli boldy. Şolar bilen bir hatarda köpçülikleýin bedenterbiýe - sport hereketini okgunly ösdürmegiň tutuş maksatnamalar toplumyna hem badalga berildi. Bu hem 2010-njy ýylda Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmegine eşk bolup hyzmat etdi. Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup yklym derejeli iri ýaryşlary geçirmek hormat-hukugyny eýe bolmaklyk döwletimiziň halkara abraýyny ýokary götermek ugrundaky syýasatynyň uly üstünligidir. Aziada 17-ä taýýarlyk görmek döwri sport bilen meşgullanýan, sagdyn durmuş ýörelgesine yzygiderli eýerýän raýatlaryň sany köpeldi. Ähli obalarda, etrap merkezlerinde, şäherlerde häzirki zaman sport meýdançalary, sport mekdepleri, stadionlar, sport toplumlary gurlup ulanylmaga berildi. Olarda dünýäniň öňde baryjy kompaniýalarynyň türgenleşik enjamlary ornaşdyryldy. Paýtagtymyzda sebitde deň-taýy bolmady Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Sebitde taýy bolmadyk häzirki zaman toplumy jemi 30 desgany öz içine alýar. Olar onlarça müň tomaşaçy üçin niýetlenen stadionlar, dünýäde iň uly 6 müň orunlyk welotrek, ýüzüş howdanlary, myhmanhanalar, ähli desgalary özara birleşdirýän-ýokardan geçilen demirýol we beýlekilerdir. Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygyna 2010-njy ýylyň noýabr aýynda badalga berildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilen merkezi bolan Olimpiýa şäherjiginiň esasy obyetleri eýýäm ulanylmaga tayyar. Geçen ýyl paýtagtymyzda Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleri bilen bu sebitiň 17 ýurdunyň türgenleriniň Aziada-2017-ä gatnaşmagy baradaky ähtnama gol çekildi. Şeýlelikde türkmen paýtagtynda geçirilen Oýunlara dünýäniň 62 ýurdundan 5 müňden gowrak türgen gatnaşar. Aziada-2017 oýunlarynda sebitiň güýçli türgenleri sportuň 21 görnüşi boýunça güýç synanyşarlar. Şol sanda Türkmenistanyň teklibi bilen sport görnüşlerine atçylyk konkur(päsgelçilikden geçmek) we türkmen milli göreşi hem girizildi. Halkymyzyň genofondynyň gorap saklamaga gönükdirilen ýurdumyzda bedenterbiýäni we sport ösdürmek, sagdyn durmuş endiklerini kemala getirmek baradaky taglymatynyň durmuşa geçirilmeginiň möhüm tapgyry bolup durýan Aziada-2017 döwletimiziň halkara abraýyny berkider, sebitiň we tutuş dünýäniň ilatynyň has ýakynlaşmagyny, sagdyn durmuş kada-kanunlarynyň giňden ornaşdyrylmagyna ýardam berer.