Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan gurluşyklaryň deňsiz-taýsyz gerimi türkmen halkynyň döredijilik güýjüniň we Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň ajaýyp hem-de ýyl-ýyldan barha has täsir galdyrýan nyşany bolup durýar. Şu gün nobatdaky täze gurluşyklaryň açylyş dabaralaryna gatnaşyjylaryň arasynda welaýatlaryň hem-de etrap häkimlikleriniň, pudak ministrlikleriniň we edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar, köpsanly ýerli ýaşaýjylar bar. Dabaralarda çykyş edenler önümçilik we durmuş-medeni ähmiýetli döwrebap desgalaryň gurulmagy, şäherleriň hem-de şäherçeleriň düzümleriniň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan depginli ösdürmegiň uly maksatnamalary bilen şertlenendir. Töweregi abadanlaşdyrylan, arçalar hem-de Täze ýyl nyşanlary bilen bezelen täze gurluşyklaryň çäklerinde tans toparlary, estrada ýerine ýetirijileri, sazandalar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň beýik üstünliklerini aýdym-sazly joşgunly çykyşlary bilen wasp etdiler. Olar ajaýyp wakalar mynasybetli konsert maksatnamasyny taýýarlapdyrlar. Dabaralaryň barşynda iň oňat gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 24.12.2015 ý. paýtagtymyzda binagärlik açylyşlarynyň tapgyry dürli ähmiýetli täze desgalaryň birnäçesiniň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen dowam etdi. Köşide dört gatly ýaşaýyş jaýlarynyň ýedisi dabaraly ýagdaýda ulanylmaga tabşyryldy. Otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan ak mermerli binalar şäheriň şu künjeginde ýaşaýyş toplumynyň kemala getirilmeginiň nobatdaky tapgyryna öwrüldi. Ýokary amatlylygy bolan öýler şeýle binalara bildirilýän talaplaryň hemmesine laýyk gelýär. Göçüp gelen bagtyýar ýaşaýjylaryň öňünde gurnalan mebeller, häzirki zaman aşhana enjamlary, oňaýly howa ýagdaýyny saklamagyň ulgamy bilen enjamlaşdyrylan öýleriň gapylary giňden açyldy. Jaýlaryň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylypdyr. Olar ýaşyl zolaga bürelip, çagalar hem-de sport meýdançalary, toý dabaralaryny geçirmek we sadakalary bermek üçin ýerler gurnalypdyr, şeýle hem üsti bassyrmaly awtoduralga göz öňünde tutulypdyr. Ýurdumyzyň hususy gurluşyk kompaniýasy tarapyndan bina edilen jaýlar zerur durmuş desgalary göz öňünde tutulan Köşi iri ýaşaýyş toplumyna sazlaşykly goşuldy. Şeýle desgalaryň sanynyň üstüni şu gün 160 orunlyk çagalar baglarynyň ýene-de biri ýetirdi. Ol täze ýaşaýyş jaýlarynyň ýanynda guruldy. Umumy 12 müň inedördül metr meýdanda ýerleşen ak mermerli çagalar şäherçesi esasy iki gatly toplumdan hem-de tehniki binalardan, şol sanda durmuş üpjünçiliginiň özbaşdak ulgamy üçin binalardan ybaratdyr. Ertekilerdäki gahrymanlaryň owadan bezelen şekilleri hem-de ajaýyp mebel, owadan bezegler körpeleriň göwnüni göterer. Okuw we oýun otaglary, oňaýly hem-de rahat ýatylýan otaglar ajaýyp enjamlaşdyrylypdyr. Açyk howada gezelenç etmek körpeleriň saglygyny berkitmäge hyzmat eder. Çagalar bagynyň töweregi bagy-bossanlyga bürelipdir, şol ýerlerde owadan teläpler, oýun meýdançalary hem-de kiçijek binagärlik şekiller ýerleşdirilipdir. Ýaşaýjylaryň oňaýlylygyna we amatlylygyna bildirilýän ýokary talaplar paýtagtymyzyň täze gurluşyklarynyň tapawutly aýratynlygyna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, umuman, ýurdumyzda amala aşyrylýan şähergurluşyk syýasatynda bolşy ýaly, paýtagtymyzy ösdürmegiň toplumlaýyn maksatnamasy iş ýüzünde durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şähergurluşyk syýasaty bu ulgamda öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de innowasiýalary peýdalanmaga, türkmenistanlylaryň ýaşaýşy, döredijilikli zähmet çekmegi we doly bahaly dynç almagy üçin has amatly şertleriň döredilmegine gönükdirilendir. Ulanylmaga tabşyrylan ýaşaýyş we durmuş desgalaryndan başga-da, bu günki gün Aşgabatda polietilentereftalatdan gaplary öndürmek boýunça zawodyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen hem alamatlandy. Önümçiligiň ösüşiniň uly depginini, şol sanda hususy ulgamda artýan depginini nazarda tutup, ýurdumyzyň kärhanalarynyň öz önümleriniň döwrebap gaplanylmagyna islegleri artýar. Bu bolsa oňa has oňat harytlyk görnüşini berýär hem-de ýaramlylygynyň has doly möhletini üpjün edýär. Polietilentereftalat howpsuzlygy hem-de oňaýlylygy netijesinde azyk önümlerini, beýleki suwuk we guýma serişdelerini gaplamak üçin giňden peýdalanylýar. Mundan başga-da, özboluşly çyzgylar boýunça işlenilip taýýarlanylan gaplar islendik harydyň ýatda galyjy mahabat serişdesine öwrülýär. Täze kärhana gaplaýjy serişdelere artýan islegi kanagatlandyrmaga gönükdirilendir. Ol ýylda gaplaryň 200 million birligini çykarmaga niýetlenendir. Ýokary tehnologik enjamlar bilen enjamlaşdyrylan önümçilik binalarynda işgärleriň işlemegi üçin hemme şertler döredildi, zerur bolan öňüni alyş-arassaçylyk kadalary berjaý edildi. Şeýle hem bu ýerde edara ediş binasy, ammar hem-de kömekçi hojalyk desgalary göz öňünde tutuldy, desganyň töweregi abadanlaşdyryldy. -------------------------------------------- 24.12.2015 ý. Mary etrabynda bir gije-gündizde 30 müň kub metr içimlik suwy öndürýän kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy mynasybetli dabara geçirildi. Jemagat hojalygynyň täze desgasy ýerli hususy gurluşyk kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan döwrebap talaplar nazarda tutulyp bina edildi. Iň täze enjamlar suwuň gatladan alnyp, kärhanalara, Mary hem-de Murgap etraplarynyň ýaşaýyş jaýlaryna eltilmegine çenli tapgyrlaýyn ýokary hilli arassalanylmagynyň doly işini üpjün edýär. Suw arassalaýjy desgada kärhananyň netijeli işlemegi üçin zerur şertler döredildi. Tutuş tehnologik işiň kompýuterleşdirilmeginiň ýokary derejesi kärhananyň aýratynlygydyr. Aýratyn-da, oba ýerlerinde şunuň ýaly kärhanalaryň gurulmagy “Türkmenistanyň ilatly ýerlerini arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň baş meýilnamasynyň” çäklerinde alnyp barylýar. Häzirki täze gurluşygyň desgalarynyň toplumyna ibermek üçin suw taýýar edilen göwrümler, sorujy beket, operator gullugynyň hem-de suwuň hiline gözegçilik edýän binalary, iň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen barlaghana girýär. Bu ýerdäki ýokary öndürijilikli enjamlar iň döwrebap talaplara laýyk gelýän tehnologik işiň üznüksizligini üpjün edýär.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir