BMG-a girýän 185 döwletiň hemmesi 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar edýän Rezolýusiýany biragyzdan goldadylar. Şu ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagyna dogry ýigrimi ýyl doldy. Bu senäni Türkmenistan uly dabara bilen belläp geçdi. Häzirem dünýäniň çar künjeginden gelen atly ýyldyz aýdymçylarynyň aýdym-saz şowhuny bilen hemişelik Bitaraplyk baýramçylygymyz 20-nji dekabra çenli dowam etdi. Aslynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň hökümetiniň hem halkynyň hemişelik gelen syýasy çözgüdidir. Türkmenistan garaşsyzlygynyň ilkinji gününden başlap, bitarap syýasaty ýöredip başlady. Türkmenistan 1995-nji ýyldan özüniň Bitarap ýurtdugyny halkara guramalaryň hem döwletara duşuşyklaryň çäginde beýan edip ugrapdy. Türkmenistanyň Bitaraplygy 1995-nji ýylyň sentýabrynda “Goşulmazlyk hereketine” girýän ýüzden gowrak döwletler tarapyndan goldanyldy. GDA döwletlerem, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Hereketine girýän ýurtlaram Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny şol ýyllarda işeňňir goldadylar. Şeýlelikde 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky BMG-nyň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar etmek hakyndaky Rezolýusiýasy garaşsyzlygymyzyň ilkinji gününden ýurdumyzyň ýöredip gelýän Bitaraplyk syýasatynyň tassyklamasy boldy diýsek ýalňyşmarys. Türkmenistan 1996-1998-nji ýyllarda Täjigagastandaky we Owganystandaky gapma garşy durýan toparlara ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Şol ýyllarda BMG-nyň howandarlygynda biziň ýurdumyzda biri-birine gapma garşy durýan toparlar täjigara hem owganara gepleşik alyp bardylar hem belli bir oňyn çözgüde-de gelipdiler. Türkmenistan heniz bitraplyk derejesini almanka, 1992-1993-nji ýyllarda Täjigistanda graždanlyk urşy ýüz berip başlanda, GDA döwletleri bu ýurda nähili kömek bermelidigini maslahatlaşýardylar. Ine şonda Türkmenistan Täjigistana harby kömek bermeli diýlen meseläni kabul etmedi. Türkmenistan bu ýurda başardygyndan maddy-energetiki ýardam beripdi. Has dogrusy, Türkmenistan garaşsyzlygynyň ilkinji gününden hiç bir harby bileleşiklere goşulmady, asla hemişelik Bitaraplyk düşünjä ters geljek hiç bir syýasy çözgüdi etmedi. Türkmenistanyň Owganystana yzygider kömek edýändigine taryh gözli şaýat. Soňky ýyllarda Türkmenistan Owganystana, esasanam ol ýerde türkmenleriň ýaşaýan mekanynda mekdep hem beýleki zerur binalary gurup, kömek edýär. Türkmenistan BMG bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. 2007-nji ýylyň dekabrynda Birleşen Milletler guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň Aşgabatda açylmagy biziň ýurdumyzyň BMG bilen hyzmatdaşlygyny has hem işeňňirleşdirdi. Şu ýylyň iýunynda BMG-nyň 69-njy mejlisinde Türkmenistanyň Bitraplyk derejesini ykrar etmek we hormat goýmak hakynda gaýtadan Rezolýusiýa kabul edildi. Munuň özi dünýäniň iň uly halkara guramasyna girýän 200 golaý döwletiň Türkmenistanyň Bitaraplygyny ykrar etmegini aňladýar, bu bolsa Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň wagtyň synagyndan geçendigini şertlendirýär. Şu ýyl Türkmenistan Hökümeti Bitaraplyk syýasatynyň 20 ýyllygyny bellemek Kararyna gelende, Türkmenistan Bitaraplyk syýasatynyň özeninde nämeleriň ýatandygyny dünýä döwletlerine, halkara guramalaryna anyk aýdyň etmegi gözöňünde tutandyr diýip pikir edýäris. Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň 20 ýyllyk şanly baýramçylygyna taýýarlyk işleri ýurdumyzyň Prezidentiniň Karary hem anyk tabşyryklary esasynda bir ýyl mundan öň başlandy. Bu şanly baýramçylykda “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahatyny geçirmek Karar edildi. Bu Halkara maslahatyny geçirmek bilen, birinjeden Türkmenistan Hökümeti Bitaraplyk syýasatynyň many-mazmunyny dünýä jemgyýetçiligine dolulygy bilen ýetirmegi, ikinjiden gelen teklipleri öwrenmegi maksat edinendir diýmäge doly esas bar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu Halkara maslahatynda eden çykyşynda: “Aýdylan teklipler, peýdalanylyp bilinjek pikirler nazara alnar, zerur bolsa biziň işimizde ulanylar.” diýmegi biziň aýdanlarymyzy doly tassyklaýar. Dünýä ýüzi, döwletara gatnaşyklary mundan ýigrimi ýyl öňki wagtdan has globallaşdy (çylşyrymlaşdy). Täze emele gelen şertlerde Bitaraplyk syýasatyny nähili ýöretmeli. Bu meseläni çözmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary esasynda şu ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Ýaşulularynyň dabaraly maslahaty geçirildi. Bu Maslahatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çykyş edip, Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň içeki-daşarky syýasatyny ýekänme-ýekän düşündirdi. Döwlet baştutany Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny ýöretmek üçin ýurdumyzyň meýletin boýun alan borçnamasyny şeýle kesgitledi: 1. Harby birleşiklere we bilelişiklere gatnaşmazlyk. 2. Urşa başlamazlyk, we harby çaknyşyklary döretmezlik, şeýle ýagdaýlara getirip biljek hereketleri etmezlik. 3. Köpçülikleýin gyryş ýaraglaryny öndürmezlik we ýaýratmazlyk. 4. Öz çäklerinde beýleki döwletleriň harby bazalaryny ýerleşdirmezlik. 5. Beýleki döwletler bilen deňhukukly, özara peýdaly we hyzmatdaşlygyň bähbitlerini nazara almak esasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, öz maliýe-ykdysady giňişliginiň açyk bolmagyny üpjün etmek. 6. Ykdysady meseleleri çözmekde dünýä bileleşiginiň tagallalaryna ýardam bermek. 7. Beýleki ýurtlara ykdysady basyş görkezmezlik hem beýleki döwletleriň garşysyna gönükdirilen ykdysady birleşiklere gatnaşmazlyk. 8. Adamyň we raýatyň dünýä bileleşigi tarapyndan kabul edilen esasy demokratik hukuklaryny we azatlyklaryny ykrar etmek hem olara hormat goýmak. Käbir daşary ýurt metbugatynda, internet saýtlarynda Türkmenistanyň ikinji bir döwlete harby baza beren bolmagynyň mümkindigi hakynda esassyz maglumatlar peýda bolupdy. Bu ýalan maglumatyň asla esasynyň ýokdugy anyk bellidir. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesiniň bir sütüni Türkmenistanyň harby birleşiklere hem bileleşiklere goşulmazlygyny, öz çäklerinde beýleki döwletleriň harby bazalaryny ýerleşdirmezligi kepillendirýär. Şol sebäpli Türkmenistan hiç haçan öz territoriýasyndan hiç bir döwlete harby baza bermez hem biziň ýurdumyz hiç bir harby bileleşiklere goşulmaz. Türkmenistan138 döwlet bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýupdyr. Biziň ýurdumyz 44 sany halkara guramasynyň agzasy, Türkmenistan dürli ugurlarda 131 sany halkara konwensiýa gatnaşýar. Türkmenistanyň daşary ýurtlarda 37 sany diplomatik we konsullyk wekilhanasy bar. Türkmenistanda 30 sany daşary ýurt döwletiň ilçihanasy we konsullygy, 13 sany halkara guramalaryň wekilhanalary hemişelik esasda işleýär. Türkmenistanda BMG-nyň Ösüş Maksatnamasy, Bosgunlaryň işleri baradaky Ýokary Komissiýa müdirligi, Çagalar gaznasy, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy, Neşe serişdelerine we jenaýata garşy iş alyp barýan gözegçilik edarasy, Ilat gaznasy ýaly edaralary hemişelik esasda işleýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Bitaraplyk syýasaty: Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň ugrunda halkara hyzmatdaşlygy” atly Halkara maslahatynynda eden çykyşynda islendik ýurduň daşarky syýasatynyň içerki syýasat bilen berk baglanyşyklydygyny belledi. Aslynda türkmen halkynyň milli däp-dessury bitaraplyk syýasatyna esaslanýar. Şonuň üçin Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň içerki syýasatyndan, halkymyzyň däp-dessur ýörelgesinden emele gelen syýasy ýörelgedir. Türkmenistanyň BMG-sy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygy islendik bir ýagdaýda hem ikinji bir döwletiň garşysyna gönükdirilen harby bilelişikleri, şol sanda ykdysady basyşy hem inkär edýär. Türkmenistan ähli döwletler bilen deňhukukly gatnaşyk etmegiň tarapynda çykyş edýär. Islendik dawanyň gepleşikler arkaly çözülmegi ugrunda hereket edýär. Türkmenistan daşarky syýasatynda Türkmenistan urşa başlamazlygy, urşa getirip biljek hereketleri etmezligi, ýurdumyzda başga bir döwletiň harby bazasyny ýerleşdirmezligi, harby bileleşiklere goşulmazlygy, hatda ikinji bir döwlete garşy gönükdirilen ykdysady basyşlara hem goşulmazlygy özüne meýletin borç hökmünde kabul etdi. Ýöne Türkmenistan BMG-nyň üsti bilen terrorizme, neşekeşlige, köpçülikleýin jenaýata garşy göreşe uly goşant edýär. Neşekeşlige garşy göreşde Türkmenistan gysga wagtyň içinde uly tejribe toplady. Ýurdumyzda neşe diýen belanyň taryha gidendiginem ynam bilen aýdyp bilerin. Garaz, Türkmenistan syýasatda köpugurly döwlet gurluşyny goldap, her bir döwlet bilen, esasan iki taraplaýyn, zerur bolsa köptaraplaýyn deňhukukly gatnaşyk etmegi ündeýär. Türkmenistanyň Bitaraplygy ýurdumyzyň içerki syýasatynda-da aýdyň duýulýar, her bir raýatymyz ertirki güne ynam bilen garaýar. Ýurdumyzyň harby bileleşiklere goşulmaýandygyna, parahat, abadan ýaşaýşymyzyň özeninde hemişelik Bitaraplyk syýasatymyzyň ýatandygyna raýatlarymyzyň uly bölegi düşünmek bilen garaýar. Mahlasy, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkymyzyň gündelik ýol-ýörelgesidir. Ähli aýdanlarymyzy jemlänimizde, Türkmenistan BMG-sy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolup, ýigrimi ýylyň içinde belli bir tejribe toplady. Iň esasam Türkmenistan Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýüzünde ykrar edildi. Bu bolsa Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatyny ýöredip, dünýä döwletlerini, halklaryny parahat, agzybir, abadan ýaşaýşa çagyryp, uly gadamlar bilen öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Şeýlelikde edil Garaşsyzlygymyz ýaly ýurdumyzyň hemişelik Bitraplygy hem halkymyzyň milli buýsanjydyr diýmäge doly hakymyz bar. Döwletmyrat Ýazkulyýew

Köneler, Publisist tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir