Bir jümläniň gudraty Türkmen Bitaraplygy! Bary-ýogy ikije kelamdan ybarat bu jümlede täsin gudrat bar. Ol milletine, ýurduna garamazdan, dünýäniň islendik ynsanynda biziň Watanymyza bolan ýakymly duýgulary, hoşniýetli garaýyşlary, oňyn pikirleri oýaryp bilýär. Çünki bu jümle gysgajygam bolsa, umman ýaly many-mazmuny, tutuş adamzat nesline ynsanperwer islegleri özünde jemleýär. Onsoň, sebitiň we bütin dünýäniň halklary bilen agzybirlikde, parahatçylykda ýaşamagyň, özara bähbitli ykdysady, medeni, gumanitar hyzmatdaşlyklary giňeltmegiň ýaňy bolup ýaňlanýan bu jümläni zybana getiren halatyň, bada-bat arassa asman, asuda zemin, parahat durmuş, bagtyýar ýaşaýyş baradaky pelsepeler seriňe dolýar. Hut şoňa görä-de, biz hemişelik Bitaraplygymyzy müdimilik bagtymyz saýýarys. Berkarar döwletimiziň we mähriban halkymyzyň, şol bir wagtda Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan arkadaşlarymyzyň ykbalyna nurly Gün bolup şugla saçýan baky Bitaraplyk derejämiziň dünýäde ilkinji bolup BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar edilenine şu ýylyň 12-nji dekabrynda 20 ýyl bolýar. Bu şanly sene mynasybetli, hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen, 2015-nji ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýlip yglan edildi. Tutuş halkymyzyň gyzgyn goldawyna, şol bir wagtyň özünde Ýer ýüzüniň hoşniýetli ynsanlarynyň giňden oňlamasyna mynasyp bolan bu waka hemmelerde kanagatlanma duýgusyny oýardy. Sebäbi bu ýyl döwletimiziň hoşniýetli bitaraplyk ýörelgeleriniň çuň manylaryny bütin aýdyňlygy bilen dünýä ýaýmaga ýardam etjek halkara ylmy maslahatlaryň, medeni çäreleriň örän köp sanlysy meýilleşdirildi. Eýýäm Diýarymyzyň çäklerinde, şeýle hem daşary ýurtlarda bu şanly sene mynasybetli çäreleriň ençemesiniň ýokary derejede geçirilendiginden köpler habarly bolsalar gerek. Halkara derejesinde giňden ýaýbaňlanan şeýle çäreler diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem bütin adamzadyň parahat ýaşaýşynyň hatyrasyna gönükdirilendigi bilen has-da ähmiýetlidir. Türkmen Bitaraplygynyň gudratly güýjüniň esasy aýratynlyklarynyň biri-de şundadyr, ýagny tutuş adamzadyň parahatçylykly ýaşaýşyny, dost-doganlyk gatnaşyklaryny üpjün etmäge hyzmat edýänligindedir. Arkadaşlarymyzyň bitaraplyk buýsançlary Şu ýyl ýurdumyzda geçirilýän her bir çäräniň, dabaranyň baky Bitaraplygymyzyň ähmiýeti baradaky söhbetler bilen utgaşyp gidýändigi tötänlik däldir. Aňyrsyna seredip otursaň, şunuň özem mähriban Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň halkymyz üçin juda wajypdygyny alamatlandyrýar. Şeýle bolansoň, golaýda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň döredilmeginiň 24 ýyllygy mynasybetli geçirilen «Gül görki keramat Watana buýsanç» atly dabarada edilen çykyşlaryň özeninden ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesine guwanç kelamlarynyň joşup çykmasy-da tebigydyr. Dabarany Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işgäri giriş sözi bilen açyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan köpugurly beýik işler, Birleşigiň durmuşynda bolup geçýän oňyn özgertmeler, milli Liderimiziň tagallasy bilen dünýä türkmenleriniň ykbalynyň gülleýşi hakynda giňişleýin gürrüň etdi. Belent mertebeli Prezidentimiz uzak taryhyň dowamynda duz nesibesi çet ýurtlara çeken arkadaşlarymyza ruhy we maddy ýardamlary edip durýar. «Siz mähriban topragymyzyň çäklerinden daşarda ýaşasaňyz-da, ata Watanymyzyň ýokary depginler bilen özgerýändigine, ýurdumyzda uly ösüşleriň gazanylýandygyna buýsanýansyňyz. Siz türkmenistanlylar bilen bir hatarda Garaşsyz Diýarymyzyň durmuşyna işeňňir gatnaşyp, onuň ösüşine we ro¬waç-lan¬magyna, şeýle hem döwletara doganlyk-dost¬luk gatnaşyklarynyň berkeme-gine öz goşan¬dyňyzy goşýarsyňyz» diýip, daşary ýurtly türkmenlere özleriniň taryhy Watanyna gelip görmäge, günsaýyn gülleýän Diýarymyzyň bedew batly ösüşlerine goldan geldik goşantlaryny goşmaga mümkinçilikleri döredýär. Dabarada bular barada anyk mysallara salgylanyp gürrüň etdiler hem-de Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar. Birleşen Arap Emirliklerinde ýaşaýan türkmenleriň medeni merkeziniň ýolbaşçysy Hojamyrat Atamyrat, owganystanly türkmenleriň Magtymguly Pyragy adyndaky medeni jemgyýetiniň agzasy, şahyr Şirmuhammet Ýeňiş dagy öz çykyşynda geçen döwrüň dowamynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň daşary ýurtly arkadaşlarymyzy ata Watanda bir supranyň başyna jemlemekde, dünýä türkmenlerini birek-biregi bilen didarlaşdyrmakda, milli medeniýetimizi, sungatymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmekde alyp baran işleriniň uly bolandygyny aýtdylar. Şeýle hem baky Bitaraplygymyzyň dünýä türkmenleriniň ykbalyna edýän oňyn täsirlerini nygtap, ynsanperwerlige ýugrulan bu derejämiziň Ýer ýüzünde türkmeniň adyny arşa çykarýandygyny, milletimiziň mertebesini beýgeldýändigini buýsanç bilen dile getirdiler. Ata Watanymyzyň baky Bitaraplygynyň şanly senesiniň tutuş milletimiz üçin ýatdan çykmajak senä öwrüljekdigini, möhüm ähmiýetli bu wakany dünýä türkmenleriniň hem öz ýaşaýan ýerlerinde belläp geçmek ugrunda iş alyp barýandyklaryny aýtdylar. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylyna bagyşlanan çäreleriň birini DTYB-niň Özbegistan Respublikasyndaky medeni bölüminiň iýun aýynda halkara derejesinde geçirmekligi meýilleşdirýänligi baradaky habary-da dabara gatnaşyjylar makullamak bilen garşyladylar. «Türkmen Bitaraplygyna bagyşlanan her bir çäre milletimiziň ruhy keşbini açyp görkezmäge, asly halal halkymyzy dünýä jemgyýetçiligine has içgin tanatmaga ýardam edýär» diýip, çykyş edenler bellediler. Dabaranyň soňy nusgawy şahyrlarymyzyň watançylyk ruhuna ýugrulan goşgularyndan taýýarlanan aýdym-sazlara utgaşdy. Bitaraplyk we ynsanperwerlik Aslynda, Bitaraplyk bilen ynsanperwerlik düşünjelerini biri-birinden üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Muny biz ähli başlangyçlarynda ynsanperwerlikden ugur alýan baky Bitarap döwletimiziň mysalynda göre-göre gelýäris. Milli Liderimiziň belent ynsanperwerligi, ägirt sahawaty netijesinde, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly dünýä türkmenleri üçin-de, turuwbaşdan, buýsançly wakalara beslendi. Döwletimiziň täze satyn alan «Berkarar» atly gämi-paromynyň ýanwar aýynyň başynda ynsanperwer ýükden ýüklenip, ilkinji ýüzüşini 3 müňe golaý türkmeniň kowçum bolup ýaşaýan ýeri bolan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyna amala aşyrmagynda uly many bar. Astrahanyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda 350 orunlyk orta mekdebi gurmaklyga niýetlenen gurluşyk serişdeli 30 sany äpet ýük awtoulagyny goýnuna alyp baran gäminiň bu ilkinji gatnawy onuň geljekde-de diňe gowy maksatly ýükleri daşajakdygynyň nyşanyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyjy esasynda ata Watanymyzyň telekeçileri tarapyndan bina ediljek şol mekdep astrahanly türkmenleriň ene dilimizi, taryhymyzy, milli däp-dessurlarymyzy has içgin öwrenmeklerine ýardam etjek özboluşly medeni merkeze-de öwrüler. Türkmenistanyň Owganystana edýän yzygiderli ynsanperwer ýardamlaryny bolsa BMG-niň ýolbaşçylary-da elmydama uly hoşallyk bilen belleýärler. Munuň özi ýönelige däldir, çünki häli-şindi goňşy döwlete sary ugur alýan üsti ynsanperwer ýükli awtokerwenleri aýtmanyňda-da, biziň döwletimiz öz serişdeleriniň hasabyna türkmenleriň kowçum bolup ýaşaýan demirgazyk welaýatlarynda saglyk öýüni we 400 orunlyk gyzlar mekdebini gurup hem-de doly enjamlaşdyryp berdi. Şu ýylyň 21-nji ýanwarynda milli Liderimiz Owganystanyň Prezidenti bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde 20 orunlyk çaga dogrulýan öýi, Jöwüzjan welaýatynyň Şibirgan şäherinde 300 orunlyk ýetim çagalar üçin öýi, Farýab welaýatynyň Andhoý etrabynyň Akina ilatly ýerinde 1000 orunlyk etrap derejesindäki metjidi gurmaklygyň, Balh welaýatynyň Mazary-Şerif şäherinde bolsa Watanymyzda öndürilen harytlaryň ýöriteleşdirilen «Türkmenistan» dükanyny açmaklygyň meýilleşdirilýändigini aýtdy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 22-nji maýda bolan mejlisinde degişli wise-premýer bu işlere girişilendigi barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. «Sanasaň sogaby bar» diýdirýän şunuň ýaly ynsanperwer işler dünýä türkmenleriniň Hak Hossarlydygyna, ata Watanymyzyň olar üçin yzygiderli alada edýändigine ýene bir sapar şaýatlyk edýär. Goý, Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly Gahryman Arkadagymyzyň sahawaty bilen gojaman Zeminiň çar künjeginde ýaşaýan türkmenleriň şan-şöhratyny has-da arşa götersin! Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir