Bitaraplyk atly nygmat bar eken. Uly-kiçi oňa hyrydar eken. Arkadagly Türkmenistan ýurdunyň, Raýatlary diýseň bagtyýar eken. Bitaraplyk näme bilýärmisiňiz? Bitaraplyk syýasaty -şanymyz, Damarlarda akýan gyzyl ganymyz, Arkadagyň Döwlet Maksatnamasy, Bitaraplyk-jigerimiz,janymyz. Bitaraplyk näme bilýärmisiňiz? Bitaraplyk-ömürleriň daragty, Bitarаplyk şuglasy ýagtydan ýagty. Ykrar edlen Bitaraplyk ýörelge, Bagtyýar zamanaň eçilen bagty. Bitaraplyk näme bilýärmisiňiz? Ak Aşgabat ylalaşyk merkezi, Aklyk ýaly ýagty nurly meňizi, Bitaraplyk, Bagtyýarlyk howasy, Köňüllere bagyşlap dur tämizi. Bitaraplyk näme bilýärmisiňiz? Adamzady maýyl eden özüne, Bitaraplyk-deňsiz-taýsyz hazyna, Birleşdirip hoşniýetli halklary, Nusga boldy bütin ýeiň ýüzüne. şahyrana A.Kakaýewa