Hormatly Prezidentimiziň bitaraplyga esaslanýan hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe sebitiň we dünýäniň döwletleri bilen hyzmatdaşlyklarymyz barha ýaýbaňlanýar. Birek-birege bähbitlilik ýörelgelerinden ugur alyp, esasan, ykdysady, medeni we gumanitar ulgamlardaky gatnaşyklar Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda gerimini has-da giňeltdi. Muňa üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň, martda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hasan Ruhaniniň, aprelde Moldowa Respublikasynyň Prezidenti Nikolae Timoftiniň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Rustam Minnihanowyň, maýda Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarifiň, iýunda bolsa Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Pan Gi Munuň we başga-da ençeme döwletleriň, abraýly halkara guramalaryň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň türkmen paýtagtynda bolmagy-da şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň özi-de Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynyň başyndan bäri daşary ýurtlara saparlarynyň birnäçesini amala aşyrdy. Olara mysal hökmünde, milli Liderimiziň mart aýynda Türkiýe Respublikasyna, Ýaponiýa, aprelde Koreýa Respublikasyna, Türkiýe Respublikasyna, maýda Italiýa Respublikasyna, Awstriýa Respublikasyna, iýunda Azerbaýjan Respublikasyna bolan saparlaryny ýatlamak mümkin. Bu saparlaryň köpugurly döwletara gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekde, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy pugtalandyrmakda aýratyn ähmiýetiniň bolandygy ýörite bellärliklidir. Hoşniýetli daşary syýasaty bilen dünýäde ykrar edilen milli Liderimiziň 2-3-nji iýulda Gruziýa bolan döwlet saparynyň hem juda netijeli geçendigini aýtmak gerek. Bu saparyň dowamynda ylym, bilim, maliýe, sport, medeniýet we sungat ulgamlarynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky resminamalara, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin topary hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Gruziýanyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga gol çekilmegi bu dostlukly döwletleriň gatnaşyklarynda täze sahypanyň açylandygyndan habar berýär. Iki döwletiň Baştutanlarynyň gol çeken Bilelikdäki Beýannamasy hem ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze hil we itergi berjekdiginiň, dostluk gatnaşyklaryny we özara peýdaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdiginiň kepili bolup durýar. Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň Hormatly akademigi diýen belent adyň gowşurylyş dabarasyndaky çykyşynda belent mertebeli döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, türkmen-gruzin gatnaşyklary öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Şoňa görä-de bu iki halkyň däp-dessurynda meňzeşlikler az däl. Bu bolsa, iki döwletiň geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Häzirki döwürde Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa ulag geçelgesini döretmek meselesi boýunça iş alnyp barylýar. Özara gatnaşyk etmegiň möhüm ugry boljak bu ulag geçelgesine Türkiýäniň hem goşulandygyny bellemek gerek. Nesip bolsa, geljekde Hazar — Gara deňiz ulag-üstaşyr geçelgesi-de ulanylmaga berler. Şondan soň sebitiň ähli döwletleri, şol sanda Gruziýa bilen hem gatnaşyklarymyz has işjeňleşer. Hormatly Prezidentimiziň şular ýaly örän netijeli daşary ýurt saparlary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna, halkymyzyň ýaşaýyş durmuşynyň has-da gowulanmagyna gönükdirilendir. Hut şonuň üçin-de baky Bitarap Watanymyzyň bagtyýar raýatlary Gahryman Arkadagymyzy elmydama alkyşlap gezýärler. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir