Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz öz alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasatyny keramatly ata-babalarymyzdan gaýdyp gelýän gudratdyr paýhasdan doly milli ýörelgelerimize we däp-dessurlarymyza eýerip durmuşa geçirýär. Bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan Garaşsyz döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty hem şol mukaddes ýörelgelere daýanýandyr. Bu barada hormatly Prezidentimiz: “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň kökleri halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyndan gözbaş alýar. Hoşmeýilli Bitaraplyk ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir. Bu ajaýyp ýörelge täzeden dikeldilip, sekiz asyryň döwletsizliginden soň berkarar edilen Türkmen döwletiniň syýasatyna esas edilip alyndy” diýip, juda jaýdar belleýär. Diýmek, türkmene mahsus bolan parahatçylygy söýüjilik, birek-birege sylag-hormat goýmak hem-de beýik ynsanperwerlik ýaly ata-babalarymyzyň ruhy ýörelgelerinden miras galan ajaýyp häsiýetler biziň ganymyza siňen mukaddes häsiýetlerdir. Munuň şeýledigine biziň şöhratly taryhymyzyň ýeňil bolmadyk ýoluny yzarlap görsek hem ýeterlikdir. Ýeri gelende aýtsak, muňa türkmen edebiýatynyň nusgawy şahsyýetleriniň döredijiligine ser salanymyzda hem doly göz ýetirýäris. Mysal hökmünde bütin dünýäde okyjylaryň kalbynda sönmejek söýgi gazanan Magtymguly atamyzyň çüň manyly şu sözlerini: “Bir-birini çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, belki, körlükden...” ýa-da ajaýyp şygyrlary bilen giňden meşhurlyga eýe bolan Mollanepes şahyrymyzyň şu setirlerini getirip bolar: “Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Birisine gep berip, ýene birne al berme...”. Görşümiz ýaly, türkmen halky hemişe dawa-jenjele garşy bolupdyr, ýüze çykýan dawaly ýagdaýlaryň bolsa ilki bilen parahatçylykly çözülmeginiň ýoluny hödürläpdir. Parasatly türkmeniň bu ädimleri beýiklik, mertlik, päk ýüreklilik, açyklyk, dogruçyllyk, beren sözüniň yzynda durmaklyk ýaly ajaýyp häsiýetlere eýediginden habar berýändir. Şeýlelikde, türkmen halkynyň gadymy döwürlerden gözbaş alan umumy adamzadyň bähbitlerine gönükdirilen işleriniň dabaralanmagy şu wagtky hereket edýän diplomatyýa ulgamynyň döremeginede öz mynasyp goşandy bar diýsegem ýalňyşmarys. Şeýle bolansoň, häzirki gün hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda biziň Bitarap döwletimiz tutuş Zeminde ýaşap ýören adamlaryň ykballaryna täsir etjek derwaýys meseleleriň oňyn çözülýän ylylaşdyryjy merkezine öwrüldi. Muny Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Demirgazyk Atlantika Şertnamasy Guramasy, Ýewropa Bileleşigi, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy we başgada köpsanly iri halkara guramalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýandygy, şeýle hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit Merkeziniň hut Aşgabat şäheremizde hereket edýändigi doly subut edýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýädäki iň iri we abraýly halkara gurama bolan BMG-niň Baş Assambleýalarynda wise-başlyklygyna iki gezek saýlanmagy, tutuş dünýäde tejribeli syýasatçy hökmünde tanalýan mertebesi belent Prezidentimize dünýäniň beýleki abraýly guramalarynyň ýokary sylaglarynyň gowşurylmagy, döwlet Baştutanymyzyň umumadamzat ähmiýetli başlangyçlarynyň tutuş Ýer ýüzünde uly gyzyklanma döredýänligi, köpsanly daşary ýurtlaryň biziň döwletimiz bilen bähbitli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak maksady bardygy aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär. Bitaraplyk! Görşümiz ýaly, bu keramatly sözüň çuňňur many-mazmunynyň aňyrsynda türkmen halkynyň şöhratly geçmişi, abadan we asuda şu güni, şeýle hem mizemez bagtly geljegi ýatyr! Döwlet baýdagymyzdaky parahatçylygyň we hoşniýetliligiň nyşany bolan zeýtun baldajygy bolsa biziň halkymyzyň özüniň Bitaraplyk ýoluny müdimi ýöretjekdigine hemmelere aýan edýär. Ýeri gelende aýtsak, gadymy rowaýatlarda aýdylşyna görä zeýtun baldajygyny Alla tagaladan Nuh pygamberimize ak kepderi getirip beripdir, şondan soň bütin dünýäde bu keramatly agajyň baldajygy parahatlygy goramagyň, ýagşy niýetliligiň, dogruçyllygyň, halallygyň nyşany hökmünde kabul edilýär. Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynda ak kepderi hem türkmen halkynyň guwanýan guşuna öwrüldi, sebäbi keramatlylyk keramatly adamlara ýagşydyr. Bu aýdanlarymyza esas bolan ak bedewiň üstünde oturan hormatly Prezidentimiziň egnine ak kepderiniň gonan hakydaňdan ýatdan çykmajak (haýran galdyryjy) pursady munuň şeýledini doly subut etdi. Bitaraplyk bagtlylykdyr! Dogrudanam, biziň şu günki durmuşumyzyň haýsy tarapyny alsaň - ol bagtyýarlygyň alamatlaryndan ybarat! Ir säher bilen asuda asmanda täze dogan Güni ýüzüňe sylyp, maşgala agzalaryň bilen her kim öz okuwyna ýa-da işine sag-aman öýden çykyp gitmek, soňra bolsa günüň ahyrynda bereketden doly saçagyň başynda agzybirlikde jemlenmek uly bagtdyr. Häzirki zaman enjamlar bilen üpjün edilen owadan binalarda ýaşamak, okamak, işlemek bagtam bize miýesser etdi. Dünýäň ähli künjeginde hoşpikirlik bilen tanalýan hem-de günsaýyn özgerýän toýly ýurtda ýaşamak, tutuş Zeminde belent mertebesi we abraýy bilen tanalýan Ganryman Prezidentimiz baştutanlygynda halal iliň bilen arkaýyn zähmet çekip ýörmek bolsa şol bagtyň üstüni doldyrýar. Ýeri gelende aýtsak, mukaddes ata Watanymyzyň dünýäde şöhratlanýan abraýy we pajarlap ösüşi daşary ýurtly arkadaşlarymyzyň kalplarynda hem üýtgeşik bagtyýar duýgularyny döredýär. Olar dürli çäreleri işjeň geçirmek bilen, özge halklaryň wekillerine eziz Türkmenistanyň şu günleri, türkmen halkynyň taryhy hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň ajaýyp durmuşy barada wagyz işlerini uly buýsanç bilen amala aşyrýarlar. Yzygiderli geçirilip duran maslahatlar, festiwallar, sergiler, duşuşyklar hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki çykyşlar we beýleki medeni çäreler türkmen halkynyň dost-doganlygy, ynsanperwerligi özünde jemleýän däp-dessurlarynyň ruhy gymmatlyklaryny, inçe syrlary we aýratynlyklary bilen tapawutlanýan milli medeniýetimizi, çuň many-mazmunly ýörelgelerimizi wasp etmekde uly ähmiýete eýedir. Türkmen halkyna asuda asmanyň astynda ýaşap we zähmet çekip ýörmek bagty hem-de galkynýan ata Watanyň öňe gidişligine guwanmak bagty bolsa mukaddes Bitaraplygyň ähmiýetidir. Bitaraplyk barada aýdanymyzda ýene bir pikirimizi belläsimiz gelýär. Mälim bolşy ýaly, biziň ata-babalarymyz käbir sanlara uly ähmiýet berendiklerini bilýäris, meselem 3-, 5- ýa-da 7-liklere. Indi bolsa türkmen halkynyň durmuşynda 12-lik sanam uly orun eýeledi diýsegem ýalňyşmarys diýip pikir edýäris. Sebäbi, biz her ýylyň 12-nji aýynyň 12-sine türkmen halkynyň ykbalynda Garaşsyzlyk baýramyndan soňky juda uly ähmiýete eýe bolan mukaddes Bitarap baýramyny uly toý edip belleýäris. Şeýle-de, gadam basyp duran täze muňňýyllygyň 12 ýylynyň 12 fewralynda keramatly ata Watanymyzda milli demokratik ýörelgelerimize esaslanyp geçiriljek Prezidentlik saýlawlary aýdanlarymyzyň üstüni ýetirýär. Bitaraplyk baýramy! Bagtyýarlygyň baýramy! Täze Galkynyş we beýik özgertmeler eýýamynyň bagtyýar we ajaýyp durmuşynda ýaşap ýören her bir türkmen raýatynyň hem-de alysdaky doganlarymyzyň kalplary Bitaraplyk toýuň göwün göteriji ajaýyp duýgulary bilen galkynyp dur. Ata Watanymyzda bolup geçýän beýik ösüşleriň sakasynda duran, her bir sözi mähirden doly, beýik milletine söýgüden doly, türkmen halkynyň şöhratyna şöhrat, şanyna şan goşýan, mertebesini arşa ýetirýän Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasatyna degişli ägirt işlerini mundan beýläk hem tutuş äleme ýaýjakdygy ikuçsuzdyr! Şonuň üçin ýer ýüzüniň ähli türkmenleriniň taryhy ata Watanynyň – Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ömri dowamat dowam bolar, toýlary elmydama toýlara ulaşar! Baýram Muhammedow