Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda amal edilýän içeri we daşary syýasat milletimiziň we dünýä halklarynyň bähbitlerine gönükdirilýär. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk däplerine hormat goýmak türkmeniň milli aňyýetinde müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelip, milletimiziň ruhuna siňen ynsanperwer ýörelgelerdir. Nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň her jümlesi nakyla öwrülen «Ner gezgin» atly goşgusyndaky: Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme, Ol birine gep berip, ol birine al berme — diýen parasatly setirler hem parahatçylygy ýörelge edinen milletimiziň durmuş pelsepesini aýdyň görkezýär. Döwletimiz milli Garaşsyzlygyna eýe bolanyndan soň, ýurdumyzyň daşary syýasatyny milletimiziň ynsanperwer ýörelgelerine laýyklykda alyp barmak — hemişelik Bitaraplyk syýasatyny amal etmek ugrunda uly tagallalar edildi. Şol tagallalaryň netijesinde, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Rezolýusiýasyny dünýä döwletleriniň 185-siniň goldamagy, şol sanda 25 döwletiň bu Rezolýusiýanyň kosponsory bolup çykyş etmegi esasynda Garaşsyz Türkmenistan döwleti dünýäde ilkinji bolup, halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet boldy. Şol günden bäri-de Watanymyzyň dünýäniň ähli ýurtlary bilen özara gatnaşyklarynyň esasyny milli bähbitlerimizden we döwletimiziň ösüşiniň uzakmöhletleýin maksatlaryndan gelip çykýan meýletin, deňhukukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk düzýär. Şuňa laýyklykda Türkmenistan döwletimiz bilen dünýäniň 129 ýurdunyň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýuldy, dürli ugurlardaky halkara hyzmatdaşlyklaryň gerimi ýylsaýyn giňeýär. Muňa ýurdumyzyň abraýly halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy hem-de 110-dan gowrak halkara konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna gatnaşmagy hem aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplygyna eýe bolandan soň, ösüşiň hakyky ýoluna düşdi, içeri we daşary syýasatynda sazlaşyklylygy üpjün etdi. Şol wagtdan şu güne çenli geçen belent taryhy ýoly hemişelik Bitarap döwletimiziň özüni özüne we bütin dünýä doly açyp bilendigini — kämillik ýoluna gadam basandygyny aýdyň şöhlelendirýär. Paýhasly hem öňdengörüjilikli çözgüt — daşary syýasatymyzda Bitaraplyk ýörelgesiniň saýlanyp alynmagy Birleşen Milletler Guramasynyň döwletleriň ösüşinde we hyzmatdaşlygynda parahatçylygyň hem-de howpsuzlygyň berkemegini amala aşyrmakdaky tagallalarynda öz netijelerini has aýdyň görkezýär. Hut BMG-niň gözegçiliginde ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäherinde geçirilen köpsanly gepleşikleriň netijesinde Täjigistanda parahatçylygy berkitmekde we ylalaşygy gazanmakda zerur işler edildi. Diýarymyzyň paýtagty goňşy Owganystan döwletiniň parahat durmuşda ýaşamagy ugrunda gepleşikleriň geçirilýän merkezine öwrüldi. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynda täze, okgunly stil mese-mälim äşgär boldy. Arkadag Prezidentimiz milli bähbitleri berk goraýan we sebitde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnuklylygy pugtalandyrmak üçin aýgytly ädimleri ädýän, öňdengörüji we täzeçil Lider hökmünde halkara arenasynda giň meşhurlyk gazandy. Halkara jemgyýetçiligi hormatly Prezidentimiziň reformatorçylyk syýasatyna ýokary baha berip, onuň türkmeniň Bitaraplyk taglymatyna esaslanyp amal edýän netijeli daşary syýasat ugruny goldaýar. Belli halkara žurnaly «Ekowitriniň» öz okyjylarynyň arasynda geçiren pikir soraşmasynyň jemleri boýunça Gurbanguly Berdimuhamedowy yklymyň ajaýyp döwlet we syýasy işgärleriniň hataryna goşmagy hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Daşary ýurtlaryň ençemesiniň hormatly Prezidentimizi özleriniň iň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp görmekleri hem türkmen Lideriniň dünýä halklary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek barada amala aşyrýan aýgytly hereketleriniň hakyky ykrarnamasydyr we gyzgyn goldanylmagydyr. Hakykatdan-da hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda biziň döwletimiz bütin dünýäde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygyny döwrebap ýola goýmaga hem-de ösdürmäge saldamly goşant goşýar. Geljek ýyl bu babatda has-da uly sepgitlere ýetiler. Çünki Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda hormatly Prezidentimiziň teklibi bilen 2015-nji ýyl «Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly» diýlip yglan edildi. Bu çözgüdiň halk köpçüligi tarapyndan gyzgyn goldanylyp, uly seslenmä eýe bolmagy-da tötänleýin däl. Çünki halkymyz berkararlygymyza, hemişelik Bitaraplygymyza, parahat durmuşymyza guwanyp, Watany jandan söýmegi mukaddes borjy saýýar. Döwlet tarapyndan döredilýän ýeňilliklerdir goldawlar raýatlarymyzda ýurdumyza, milli Liderimize bolan söýgini, Watanymyzy mundan-da belent derejelere ýetirmek ugrundaky yhlasy goşalandyrýar. Halkymyzyň öý-ojagynda hiç bir gorkusyz, arkaýyn, parahat ýaşamagy, ir säher ruhubelentlikde öz iş orunlaryna gitmegi bagtyýarlygyň, bagtly durmuşyň gözbaşy dälmi eýsem?! Raýatlarymyzyň, galyberse-de tutuş adamzadyň rowaç ýaşamagynyň hatyrasyna şeýle tutumly işleri durmuşa geçirmäge hyzmat edýän ýörelgäniň öz gözbaşyny Bitaraplyk taglymatyndan alyp gaýdýanlygy bu gün hemmeler üçin aýdyň hakykat. Şonuň üçinem döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen güni diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem dünýäniň ähli halklary üçinem mukaddesdir diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Baýram Muhammedow

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir