2015-nji ýylyň 10-njy noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň ýol we şähergurluşyk ministri Abbas Ahmad Ahundini kabul etdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek baradaky halkara başlangyçlarynyň biri bolan Demirgazyk-Günorta ulag geçelgesini döretmekligiň taslamasy boýunça maslahatlaşyldy. Bu taslamanyň amala aşyrylmagy diňe goňşy ýurtlaryň arasynda däl-de, eýsem tutuş Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny amatlaşdyrmaklyga hem-de sebit we dünýä ölçeglerinde söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat eder. Geçirilen bu duşuşygyň çäklerinde birnäçe bilelikdäki taslamalaryň, hususan-da, Sarahs köprüsini, Sarahs-Tejen ýoluny gurmagyň taslamalaryny amala aşyrmak, deňiz portlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de Eýran-Türkmenistan-Gazagystan demir ýolunyň kuwwatlylygyny artdyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Eýran-Türkmenistan-Ermenistan üçtaraplaýyn gepleşikleri geçirmek hakynda ylalaşyk gazanyldy we Eýranyň günortasyndan Hindistana üstaşyr geçelgäni gurmak hem-de bu ýoluň ugruna Hytaý-Hindistan we Türkmenistan-Eýran böleklerini goşmak hakynda pikir alşyldy. Duşuşykda milli Liderimiz we myhman ýol gurluşygynda hem-de şäher düzümlerini ösdürmekde özara bähbitli aragatnaşyklary ösdürmeklige, türkmen paýtagtyny we ýurdumyzyň beýleki iri şäherlerini gurmagyň örän uly meýilnamalaryny durmuşa geçirmeklige ilkinji derejede üns berilýändigini bellediler. Duşuşyga Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Seýed Mohammad Haşemi Golpaýedani gatnaşdy.