Hoja Nasreddin simwola öwrülen halk gahrymanlaryndan biri Her bir jemgyýetiň simwola öwrülen gahrymanlary bolýar. Türk jemgyýeti üçin hem Hoja Nasreddin simwola öwrülen halk gahrymanlaryndan biri. Haçanda ady agzalanda adamlaryň ýüzi gülýär. Hoja Nasreddin ýa-da Ependi diýlende dessine ýylgyryljakdygy belli. Anadolylaryň ýüzüni ýüzlerçe ýyllap güldüren, maňyzly sözleri bilen durmuşa şöhle saçan esasy gahrymanlardan biri. Hoja Nasreddiniň degişmelerinden biri ýadyňyza düşmegem sizi ýylgyrtmaga ýetýär. Onuň başdan geçiren täsin wakalary we degişmeleri biziň günlerimize çenli gelip ýetdi. Hamala diýersiňiz ählisi düýn aýdylan ýaly. Hoja Nasreddin hamala diýersiňiz biziň köçämizde, mähellämizde ýaşamaga dowam edýän ýaly. İne şol özboluşlygy bilen müňlerçe ýyl soň hem adamlary güldürme ukybyny dowam etdirer. http://www.trt.net.tr/turkmen/aktual-meseleler/2015/07/16/hoja-nasreddin-epend%C3%A4-bagy%C5%9Flanan-%C3%BD%C3%B6rite-geple%C5%9Fik-288142

Köneler, Parahat0804 tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir