Şu günler türkmen daýhanlary der dökülip kemala getirilen «ak altynyň» ýekeje hanasyny-da zaýa etmän ýygnamak üçin janaýamazakly zähmet çekýärler. Garaşsyzlygymyzyň ýigrimi dördünji ýylyny uly sepgitler bilen jemlemek, Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň özleri üçin edýän bimöçber aladalaryna iş bilen jogap bermek pagtaçy daýhanlaryň baş wezipesi bolup durýar. Türkmenleriň gowaçany gadymdan bäri ekip gelýändigini arheologlaryň tapan delilleri doly subut edýär. Ýurdumyzyň çäginden tapylan şol delillere ýüzlenmezden öňürti, türkmen nusgawy şahyry Gaýybynyň «Otuz iki tohum kyssasy» atly şygry bilen gysgaça tanşalyň. Bu goşguda otuz iki dürli ekiniň dilinden olaryň özleri barada maglumat berilýär. Gowaça: «Hemme menden geýer serpaýy rengin, Özüm misgin bolup, men beýle sengin, Behiştden hezreti Adam çykardy, Muşakgatdan meniň reňgim agardy. Otuz iki tohumnyň şasydyryn men...» — diýende, «Gowaçanyň sözi hak» diýip, onuň aýdanlaryny tassyklap: «Ulug sen» diýipdirler. Gaýyby şahyryň ekinleriň iň ähmiýetlisi, ulusy edip gowaçany görkezmegi türkmenleriň bu ekine şol döwürlerem uly sarpa goýandyklaryna şaýatlyk edýär. Meşhur Mäne babanyň ýadygärliginiň girelgesiniň bezeginde gowaçanyň gülleriniň şekilleriniň bolmagy hem ýöne ýere däl bolsa gerek. Amerikan alymy Pampelli 1904-nji ýylda Änewiň depelerinde gazuw-agtaryş işlerini geçirende ýüplük egrilýän gadymy igi we mata bölegini tapýar. Bu alym ekerançylygyň watanynyň Müsür, Mesopotamiýa däl-de, Türkmenistanyň günorta dag etek zolagynyň bolandygy hakyndaky pikirini ylmy taýdan esaslandyryp öňe sürýär. Türkmenleriň suwarymly ekerançylygynyň gadymydygyny dünýä aýan eden Amerikan ekspedisiýasynyň alymlary onuň ýaşyny biziň eýýamymyzdan has öňki döwürlere degişli etdiler. Geçen asyryň ellinji ýyllarynda Kaka etrabyndaky Namazgadepede gazuw-agtaryş işlerini geçiren arheologlar alty metr ýeriň astyndan gara köýük bolan pagta süýümlerini tapypdyrlar. Ýeriň her müň ýylda bir metr galňaýandygyny göz öňünde tutsak, ol süýümlere alty müň ýyl bolupdyr. Munuň özi türkmenleriň gowaçany has gadymy döwürlerden bäri ösdürip ýetişdirendigini subut edýär. Şeýle bolansoň, asly ussat daýhan bolan pagtaçylarymyzyň «ak altynyň» ýekeje übtügini-de zaýa etmän ýygnap, bagtyýarlyk döwrüniň ilkinji pagta ýygym möwsümini uly zähmet ýeňişleri bilen jemlejekdiklerine, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 24 ýyllyk baýramçylygy mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylajakdyklaryna ynanýarys. Baýram Muhammedow