Aşgabat dünýäniň iň owadan hem döwrebap şäherleriň birine öwrülýär. Soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtymyz täze binagärlik keşbine eýe boldy. Şäherde taryhy merkez bilen birlikde tutuş etraplaryň durky hem täzelendi, täze ýaşaýyş jaý toplumlary we beýleki binalar, häzirki zaman awtomobil ýollary, köp sanly ýadygärlikler, suw çüwdürimleri, seýilgähler peýda boldy. Nesip bolsa ýakyn günlerde yaşaýyş jaylar toplumynyň 13-nji tapgyry hem açylar. Bu 13-nji tapgyrda 12 gatdan ybarat 11 sany jemi 638 hojalyga niyetlenen yaşaýyş jaylar, Köpetdag etrap häkimliginiň edara binasy, 6 sany administratiw edaralaryň binalary, 2 sany 600 orunlyk mekdep, 2 sany 160 orunlyk çagalar dagy, 2 sany 3 gatly 200 orunlyk awtoduralga, 1 sany saglyk öyi, 1 sany söwda-dynç alyş merkezi açylyp ulanylmaga beriler. Gelejekde 14-nji we 15-nji tapgyrlarda hem şeyle binalaryň açylmagyna garaşylýar. Gurulýan şeyle binalar ak mermer bilen örtülen, ak şäher hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyndan orun alan Aşgabadyň gözelligine täze görk goşar. Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwrebap keşbe eýe bolýan Aşgabat ýurdumyzyň nurana geljeginiň ösüşiň täze belentliklerine ymtylyşynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Şanly seneleriň milli senenamasynda täze baýramçylyk – her ýylyň 25-nji maýy Aşgabat şäheriniň güni diýlip yglan edildi. Paýtagtymyzyň täze gurlan we döwrebaplaşdyrylan köçeleriniň ugrunda gurlan bu ýadygärlik binalary Berkarar döwletimiziň ajaýyp nyşanyna öwrüler. Bu binalar şäheriň döwrebap keşbine özboluşly gelşik berer, täze binagärlik toplumlarynyň gözelligine gözellik goşar. Aşgabadyň häzirki binagärlik keşbinde halkymyzyň milli öwüşginlerini, ykdysady üstünligini, ösüşli ýollarynyň beýanyny görmek bolýar. Gurban Kadyrow