Seretmek gadagan! Aýdýan gaýtadan, Gadagan! Ýyldyzlar,gözûñiz ýumuñ! Eý sen bagty gelen tomus gijesi, Ýer-gögüñ arasna doldur sen tümüñ. ...Ýa aýyñ ýüzüni büredi bulut, Ýa dolan aý girip gitdi Murgaba. Toraññylar ýitdi garañky bolup, Bogny ysman oña bakyp durmaga. Garaldy ,bu dünýä şeýle garaldy, Ýitdi çaýlymdaky çykarlan geýim, Pyşyrdaşýar derýa bilen üstüne Şar gara saçlaryn atynan gelin. Pyşyrdy... Pyşyrdy... Gelýär ak şekil Ýanyp gelýär ,zat ýok ony deñäre. Derýa girip giden asmanyñ Aýy Gelne siñip çykyp gelýär kenara.