Güýz! Aňzakly gyşyň golaýlap gelýänini bildirmejek bolýan ýaly, özüniň sap-sary reňke boýap çykan topragynyň ýakyn wagtda aýazdan goranmak üçin ak gary ýorgan edinmeli boijakdygyna tenha özi günäkär ýaly, köňlüni gussadan pürepürläp giden sarymeňiz güýz bilen hoşlaşanymyz ýaňy ýalydyr welin, ine, çagajyklarymyzyň goştorbajyklaryny arka atyp mekdebe baryşlaryny guwanç bilen synlap oturşymyza, ýene-de güýzüň müň dürli häsiýeti baradaky soňsuz pikirlere çümenimlzi-de duýman galýarys... Meňzetmeler -Güýzde meňzetme ýasara zat juda köp. Ony birde enä meňzetseler, bir görseň, parasatly gojanyň keşbine-de girip ýörendir. Soň bir aýlawda haýsydyr bir şabyryň şygryna atlanagada, ýene-ýeneleriň lybasynda öňüňden çykar. Ýöne, gep onda däl. Gep - şol meňzetmeleriň umumylygynda. Umumylyk diýýänim - olaryň ählisiniň aňyrsynda-da döreýiş bar. Biz ýaz - döreýiş diýýäris. Onda, güýz - döreýşiňem gözbaşy bolmaly. Diýmek, güýz - ene! Name diýseňem, güýzde gussanyň bardygy-ha çyn. Goý, süýjümtik bolsun, ýone gussa bar. Olam, uzak wagtlyk bolmasa-da, aýralygyň gussasy bolsa gerek. ...Çagakak agam bilen iki bolup ejemi demir ýol menzilinden oba ugradyşymyz ýadyma düşýär. Ana şonda, gaty gitse, dört-bäş giinden yzyna geljegine gözümiz ýetip dursa-da, agamyňam, özümiňem ýüzümizi sallaşypjyk durşumyz, hiç hakydamdan gidenok, Ejemem biziň gyýlypjyk durşumyza dozen däldir-dä: «Baryň, köşejiklem, siz gaýdyberiň, men, ine, ha diýmän dolanyp gelerin. Baryň, siziň awtobusa müneniňizi görüp gitsem, ynjalykly bolaryn» diýýär. Biz "welin duran ýerimizden butnaýsak nädersiň. Otly ugrap, tä gözden ýitýänçä, ne agam, ne men ýerimizdenem gozganmadyk... Ondan bäri telim ýyl geçdi, ýöne şol gezek ejemi oba alyp giden otlynyň nokada öwrülip gidişi henizem göz öňümde dur. Ine, güýzde-de edil şol gezek, ejemiň biziň gyýlypjyk durşumyza dözmän, «baryň, men basym gelerin» diýip durşy ýaly ýumşaklyk, mähir bar. 01 şol mähri, yssysy bilen ýylyň ahyrlap, aňzakly gyşyň gelýändigini bize - ynsanlara duýdurmajak bolýana çalym edýär... Hasaply dünýä ...Edil şular ýaly görnüşleri biziň obamyzdan başga ýerlere baryp görseňem synlamak kyn bolar diýip biljek däl özüm-ä. Görnüş diýýänim, oba arasynda gürrüňçilligi bilen tanalýan ýaşulularyň daşyna hümer bolup, haýsydyr bir gyzykly wakany, ýatlamany diňläp oturylan pursatlarda. Özümiň-ä, dogrusy, köp zat baradaky pikirlerimiň yzy şolar ýaly görniişlere syrygýar gidiberýär... Biziň syrgynymyzyň gürrüňçilikleriniň baş gahrymany-ha Nummat aga bolardy. 01, aslynda-da, gürrüňe başlamak üçin gepbaşy gözläp kösenýän däldir welin, howanyň pasyllara görä üýtgemegi, haýsy ýyldyzyň haçan dogup, haýsynyň haçan ýaşjakdygy baradaky gürrüňler orta atylsa, aty çykan ýaly bolaýardy. Tomus tamamlanyp, güýzüň gelmegi bilenem türkmeniň yssysy wagty bilen ýatyşybermez. Sypaýyçylygy saklamak üçin edýän ýaly, güýzem aňyrdan alyp gelen salkyn howasyny, ýagyş-ýagmyryny orta dökübermäge howlukmaz. Ine, şolar ýalyda her gün agşamara Nummat agalaryň gapysyna barsaň, gürrüňleriň iň bir gyzyklysyny diňlemek mümkinçiligiň bar. Özüm-ä şol gürrüňçilikleri sypdyrmazlyk üçin dünýe malyny bermäge-de kaýyldym. Sebäbi günüň gününe şol bir zatlar gaýtalanyp duranam ýalydyr welin, Nummat aganyň «çykyşlarynyň» hersiniň özboluşly aýratynlygy, täsinliligi, gyzygy bardy. Iň bolmanda, özüm üçinä şeýledi. Bilmedim, agtyklarynyň atlarynam doly ýatda saklap bilmeýän Nummat aganyň, hakykatdanam, şu hasapda ýalňyşmajagyna çynlary bilen ynanypmy ýa-da ýaşulynyň göwnüni ýykmazlyk üçin edýärdilermi, şeýle ýagdaýda ulularyň birem onuň sözüni bölmezdi. Nummat aga: «Ho-ol, Täzegül pahyryň gaýdyş eden ýylam edil şu ýylky ýaly, balyk ýyly dälmidi? Ana, şol ýylam aýyň pylançasyna sowuk düşüpdi, şu ýylam onda erte-birigün penjek geýdirer» diýen ýaly, mundan ýigrimi-otuz ýyl öňkini mysal getiribem köpleriň agzyny baglar oturybererdi. Nummat aganyň ýaňky ýaly hasabyna käwagt düzediş girizýän ýeke-täk diňleýjisi - Tarlan daýymdy. 01 görgüliniňem gulagy juda agyr bolansoň, bir sözi eşitse, on sözi eşitmezdi. Ýöne, töwerek-daşy hümer bolup durandygyna garamazdan, Nummat aga iki sözüniň birinde «Şeýle dämi, Tarlan», ýa-da «Sakgaldaş, bilmel-ä senem şony, şö dämi nä?» diýip, aýdanlaryny Tarlan daýyma tassyklatmasa sözüni dowam etdirmezdi. Olam birde-hä eşitse-eşitmese: «hä, hawa» diýip, başdansowmarak äheňde baş atar, käte bolsa «hä, name ol, haýsy?» diýip, Nummat aganyň bir aýdanyny telim ýola gaýtaladar. Adamçylyk, köpüň gürrüňe gyzan ýeri, şolar ýalyda käwagt oturanlaryň içinden Gumman pöwhe ýalynyň biri çykaga-da: «Ýa, o nä bilsin, seň name barada gürrüň edýäniňi, bir sözüňem eşitmese» diýen ýaly bolgusyzyny ataýsadagy, Nummat aga gara çyny bilen gaty görer. Ýöne, şonda-da darykmaz. «Bilýändir, eşidýändir, sen ýöne, han ogul, diňläp oturmany oňar» diýer, wessalam. Şondan soň töwerekden, Nummat aganyň agzyna öwelip oturanlaryň biri ýaňky aýdylanlary has batlyrak, gatyrak ses bilen gaýtalap berer. Şu aralykda edilen gürrüňlerden bihabar Tarlan daýymam böwrüni diňläp, ýadyny dörjeläp birsalym oturarda, şu obanyň ep-esli ýyl öňki durmuşy bilen bagly bir bölejik gürrüňi orta oklar goýbär. Şonuň bilenem Nummat aganyň aýdanlary ýa-ha tassyk bolar, edil bolmaýanda-da, hörpüň haýsy tarapa gyşarmalydygy kesgitleniler. Aslynda, öz aýdyşy ýaly, gürrüňe goşulmaga ýaramasa-da, köpçüligiňiçinde, yssysy ýetik ýüzlerden mährini gandyryp oturmaga müňde-bir kaýyl Tarlan aga özüniň bardygynyň hasaba alnandygyna göwni göteriler-de, huşunyň aldygyndan, gürrüňiň gidişine dürs gelse-gelmese, şol, özüne berlen sorag bilen baglanyşykly ol-bi zatlary ýatlap, wagt-wagt gürrüňe goşular oturar. Hawa, şeýle gürrüňçilikler günüň gününe, tä, howa sowap, garaşdyran güýz ymykly öz ornuny eýeleýänçä gaýtalanar durar. Şondan soňam tamamlanar. Tamamlanar diýäýýän, ol gürrüňçilikler soňam dowam eder. Ýöne, Nummat agalaryň derwezesiniň gapdalyndaky, garry tuduň kölegesinde guran sekiniň üstünde däl-de, ho-ol, howlynyň aýagujundaky köneje tamkepbede dowam eder. Ýene bir üýtgeýän zat, olam güýzüň haçan geljekdigi barada däl-de, başga-başga zatlaryň gürrüňi ediler. Güýzli gürrüňler bolsa soňa, indiki tomus soňlanyp, güýze garaşylýan günlere goýular. Şeýder-de, dowam eder gider barar... Şol, çagalyk ýyllarymyzyň içine garylyp giden, Nummat aga ýaly ýaşulularyň gürrüňlerini tutuşlygymyza gulaga öwrülip diňleýän günlerimiz güýzli gürrüňleriň tamamlanmagy nämе üçindir, ýüregimi gysdyrardy. Özümem akyl ýetirmezden, ýene-de şol, köne adamlar, geçen günler barada ýatlanylyp, biziň obamyza, hut, öz köçämize degişli wakalar dogrusynda täzeden, ýene-de gürrüň edilerini islärdim. Şeýdilende özümiň tanaýan-u-tanamaýan adamlarym ýene-de aramyza goşulyp, köçämiziň, obamyzyň şagalaň-şowhuny has artyp gidiberjek ýaly düşnüksiz duýgy kalbymda süýjümtik gussa dörederdi-de, ol aýdanlarymyň golaýyndanam barmaýan, asla düýbünden başga-başga, ýat gürrüňleriň edilip oturylmagyna ýüregim bilen gynanardym Şonuň üçin olar ýaly, özüm üçin juda sowuk görünýän, ýürekgysdyryjy gürrüňçiligiň içinden uzak eglenmän sogrular gaýdybererdim. Indi-indi, aradan esli ýyl geçensoňam, her gezek güýz gelende, töweregimde hiç kimiň ýokdugyna, tenha özümiň güýz gijesi bilen iç döküşip oturandygyma, o-ol, Nummat agaly obamyzyňam, şol, gyzykly-gyzykly gürrüňlerden doly ýyllaryňam mundan has alysda galandygyna garamazdan, ýene-de şol ýatlamalaryň içine çümüp gidenimi duýman galýan. Ýöne indi ol ýatlamalaryň üstem soň-soňlar, dostluk, söýgi arkaly ýüregime girip, hakyda sandygymda orun alan ynsanlar bilen baglanyşykly wakalar bilen ýetirilip gidipdir... Ynam Güýz hakda söhbet açyp, alasmandan toýnak gurap, alys ülkelere sary geçip giden durnalary ýatlaman bolarmy, heý?! Biz baharyň gelşini-de, güýzüň gelşini-de durnalar bilen suratlandyrýarys. Diýmek, biz ýazda durnalar bilen täze ýylymyzy garşylaýarys, güýzde bolsa indiki ýylam sag-aman ilimize dolanjakdyklaryna uly ynam bilen, ak ýol arzuw edip ugradýarys. Durnalaryň uçuşy! Bu görnüşde ýüz müň pelsepe bar. Bu görnüş - ertirki güne bolan ynamyň suraty. Olar pasyrdaşyp, asmana göterilen mekanlarynda indiki ýyl dolanyp gelenlerinde-de, asudalygyň höküm sürmegini arzuwlap gidýärler. Şol ynam bilenem uzak-uzak ýollary söküp, indiki ýazda ýene-de yzlaryna dolanýarlar. Uçuň, durnalar! Alys ülkelere guran syýahatyňyzdan soň, indiki ýazda biziň ile sag-aman dolanyp geliň-de, türkmeniň owadan ýazyna görk goşuň. Gidiň-de, türkmeniň bereketli güýzüniň başlanandygyny alys ülkelere habar beriň. Türkmen topragynda baky ýaňlanýan asudalyk aýdymyny alys ülkelerde guş dilinde aýdyp beriň. Indiki ýylyň baharyny bolsa, enşalla, ýurt abadanlygynda bile garşylarys!