13-17-nji sentýarda Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasy Aşgabatda Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýokary ýolbaşçy guramasy bolan Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň 34-nji mejlisini geçirýär. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň Baş Assambleýasynyň türkmen paýtagtynda geçirilmegi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň başlangyçlary netijesinde 2017-nji ýylda Aşgabadyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny kabul etmegi bilen baglanyşyklydyr. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň sanawyna sportuň 21 görnüşi boýunça ýaryşlar girýär. Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesinde geçjek mejlise Aziýa we Okeaniýa sebitleriniň ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň wekilleri, halkara Olimpiýa komitetiniň we Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýolbaşçylary gatnaşarlar. Mejlisiň çäklerinde Aziýa Olimpiýa geňeşiniň ýerine ýetiriji we maliýe komitetleriniň maslahatyny geçirmek hem göz öňünde tutulýar. Mejlisiň wekilleri oýunlara taýýarlygyň gidişine, sport infrastrukturasynyň—taýýar bolan we gurulýan Olimpiýa desgalarynyň derejesini, ýerine ýetirilen işleriň gidişiniň dürli ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar. Şu we beýleki meseleler V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk boýunça ýerine ýetiriji komitetiň başlygy Daýanç Gulgeldiýew bilen söhbetdeşligiň özenini düzdi. -Oýunlaryň başlamagyna bary-ýogy iki ýyl galdy. Bir tarapdan, bu wagt oýunlara ykjam taýýarlyk görmek üçin ýeterlik ýaly. Beýleki tarapdan bolsa, wagt az ýaly, çünki Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýa oýunlary bilen baglanyşykly öňde goýan giň möçberli wezipelerini ýerine ýetirmek üçin edilmeli işler örän kän we iňňän jogapkärçilikli. Bu babatda Aziýa Olimpiýa geňeşiniň mejlisiniň biziň paýtagtymyzda geçirilmeginiň nähili ähmiýeti bar? Mejlisiň wekillerine nähili maksatnama garaşýar? --Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti we V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça ýerine ýetiriji komitet Aziýa Olimpiýa geňeşiniň, şeýle hem Okeaniýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň wekillerini kabul edýändigine örän şatdyr. Biz Aziada –2017-niň diňe bir iri sport wakasy bolmak bilen çäklenmän, parahatçylygyň we dostlugyň hakyky halkara baýramçylygyna öwrülmegi üçin ýene-de nähili işleri durmuşa geçirilmelidigi hakynda aç-açan pikir alyşmagy niýet edinýäris. Türkmenistanyň Prezidenti we Milli Olimpiýa komitetiniň ýolbaşçysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasyna gatnaşyjylary garşylamagy ýokary derejede guramak baradaky tabşyryklaryny ýerine ýetirmek üçin uly işler durmuşa geçirildi. Munuň üçin ýörite iş topary döredildi. Oňa V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetiň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň wekilleri hem-de Olimpiýa desgalaryny bina edýän “Polimeks” kompaniýasyndan hyzmatdaşlarymyz girdiler. Biz ak mermere beslenen paýtagtymyza Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň dürli çärelerine gatnaşjak 600-e golaý myhmanyň gelmegine garaşýarys. 13-nji sentýabrda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň utgaşdyryjy komitetiniň 2-nji mejlisiniň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Onda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. 14-nji sentýabrda Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Maliýe komitetiniň mejlisi, 15-nji sentýabrda irden Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Ýerine ýetiriji komitetiniň mejlisi başlanar. Şol gün agşam bolsa Baş Assambleýanyň 34-nji mejlisiniň dabaraly açylyşy bolar. Dabarany geçirmek üçin Olimpiýa şäherçesiniň T-1 Türgenleşik zaly saýlanyp alyndy. Bu ýerde Aziýada 2017-ä, şeýle hem 2016-njy ýylda Braziliýanyň Rio-de Žaneýro şäherinde geçmeli tomusky Olimpiýa oýunlary, 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçmeli gyşky Aziýa oýunlary, 2018-nji ýylda Indoneziýanyň paýtagty Žakartada geçmeli Aziýa oýunlary ýaly iri sport wakalaryna bagyşlanan sergi guralar. Şeýle hem myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel ýerlerine we muzeýlere gezelençleri öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlandy. Ýöne myhmanlar üçin, elbetde, iň esasysy V Aziýa oýunlary geçiriljek sport desgalaryna aýlanmak bolup durýar. Forumyň wekilleriniň iri halkara ýaryşlaryny guramakda baý tejribesi bar. Şonuň üçin hem biziň tarapymyz mejlise gatnaşýan ýurtlaryň ýerine ýetiren iň oňat işlerine esaslanyp, geçirilen işler we öňde duran wezipeler barada hemmetaraplaýyn seljermeler geçirmäge gyzyklanýar. Myhmanlar Olimpiýa şäherçesinde bina edilen “Olimpiýa” we “Sport” myhmanhanalarynda ýaşarlar. Bu ýokary derejeli myhmanhanalar Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň we 2017-nji ýylda oýunlar geçýän mahaly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin ýörite bina edildi. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň çäklerinde umumy gelejek üçin biziň bilelikdäki işimizi mundan beýläk hem işjeň we netijeli dowam etmäge ýardam berjek möhüm maslahatyň boljakdygyna umyt edýäris. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biziň öňümizde sportuň üsti bilen Türkmenistany bütin dünýä tanatmagy baş wezipe edip goýdy. Ýurdumyzda halkara çäreleriniň we forumlarynyň yzygiderli geçirilmegi bu wezipäni amala aşyrmagyň netijeli ýoludyr. Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Baş Assambleýasynyň gidişinde biz Aziýanyň we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komitetlerine 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna taýýarlygymyzy görkezeris. Biz Oýunlaryň dünýä derejesinde abraýly geçip, Aşgabat, Türkmenistan we tutuş yklym üçin ýatdan çykmajak sport baýramçylygyna öwrülmegi üçin Aziýa Olimpiýa geňeşi bilen mäkäm hyzmatdaşlykda işleýär. -Şu gün Aziada – 2017-niň biziň ýurdumyz we Aziýa sebiti üçin taryhy ähmiýetine nähili baha berip bolar? --Örän uly we uzak wagtlap ähmiýetli bolar diýip baha bermek mümkin. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary, 2014-nji ýylyň noýabrynda türkmen paýtagtynda Aziada-2017-niň guramaçylyk komiteti, Aziýa Olimpiýa Geňeşi we Okeaniýanyň Milli Olimpiýa komiteti tarapyndan gol çekilen taryhy Ähtnama laýyklykda, Aziýa ýurtlarynyň milli Olimpiýa komitetleriniň 45-siniň, şeýle hem Okeaniýa döwletleriniň 17-siniň wekillerini ýygnap, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen oýunlaryň arasynda iň irisi bolar. Aziada – 2017-ä dünýäniň 62 döwletinden 5 müňden gowrak türgen gatnaşyp, olar sportuň 21 görnüşi boýunça medallaryň takmynan 218 toplumy ugrunda bäsleşerler. Dünýäniň dürli künjeklerinden türgenlerden başga hem müňlerçe adam--žurnalistler, tälimçiler, eminler, janköýerler bize gelip, özleri üçin täze Türkmenistany – ruhubelentligiň we ösüşiň, sportuň we sagdynlygyň ýurduny açarlar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýüze çykýan ähli meseleleri çözmäge hemmetaraplaýyn goldaw berip, V Aziýa oýunlaryna taýýarlygynyň barşyna örän uly üns berýär. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, oýunlary örän ýokary derejede geçirmek biziň ýurdumyz üçin abraýdyr. Öz gezeginde, Aziadanyň Ýerine ýetiriji komiteti Oýunlaryň türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülip, geljekki nesillere ajaýyp miras bolmagy üçin öz üstüne alan borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekde güýjüni gaýgyrmaýar. Bu babatda esasy wezipeleriň biri hem “Aziada-2017” maksatnamasyny durmuşa geçirmekde Aşgabadyň, Türkmenistanyň durnukly ösüşini we gözelleşmegini üpjün etmek üçin ähli mümkinçilikleri doly peýdalanmak bolup durýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki wagtda we geljekde serişdeler kuwwatyny netijeli peýdalanmagyň hasabyna durmuş we ykdysady ulgamlarda uzakmöhletleýin oňyn özgertmeleri kemala getirmek bu babatda möhüm ähmiýete eýedir. Oýunlaryň mirasyny maddy we maddy däl esaslara bölmek bolar. Mysal üçin, maddy mirasa Oýunlary geçirmekde zerur bolan sport desgalary we beýleki binalar, şeýle hem döwrebaplaşdyrylan ulag infrastrukturasy, şäheriň uly böleklerinde abatlaýyş işlerini geçirmegiň we täze desgalaryň hem-de binagärlik sazlaşygyny döretmegiň, jemgyýetçilik zolaklaryny, seýilgähleri döretmegiň hasabyna şäheriň keşbiniň gözelleşmegi degişlidir. Şeýle hem maddy mirasa telearagatnaşyk, inžener, energetika ulgamlarynyň täzelenilmegi we beýlekiler degişlidir. Oýunlaryň geçirilmegi netijesinde öwrenilen bilimler we toplanylan tejribe maddy däl mirasa degişlidir. Maddy däl miras--bu ýurduň halkara derejesindäki abraýydyr we Oýunlaryň guramaçysy bolan şäheriň ajaýyp keşbidir. Bu şeýle uly maksatnamany durmuşa geçiren öz ýurduňa, milletiňe buýsanç, watançylyk duýgusydyr. Bu ýüz müňlerçe adamyň umumy bähbitli işe öz mynasyp goşandyny goşmagydyr. Bu raýatlaryň, şol sanda ýaşlaryň jemgyýetçilik işlerine içgin gatnaşmagy, olaryň durmuş we ekologiýa meselelerine borçlarynyň artmagydyr. Bu dürli medeniýetlere hormaty terbiýelemekdir. Bu daşary ýurt dillerini öwrenmäge, halkara gatnaşyklaryny özleşdirmäge ymtylmadyr. -Iri halkara ýaryşlary indi diňe bir iň güýçli türgenleriň adaty ýaryşlary ýa-da dünýäniň esasy ýurtlarynyň “sport abraýlarynyň ölçelýän” ýeri bolmak bilen çäklenmeýär. Olaryň ykdysadyýetiň ösüşine edýän täsiri boýunça seljerme geçirip, bilermenler giň göwrümli sport ýaryşlary ýurtda birnäçe onýyllyk öňe gidýän ykdysady ösüş üçin zerur şertleri döredýär diýen netijä geldiler. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlarynyň oňyn täsiriniň haýsy pudaklarda has hem güýçli duýulmagyna garaşylýar? --Elbetde, Olimpiýada we Aziada ýaly uly derejeli we giň gerimli sport çärelerini guramak, müňlerçe täze iş orunlaryny döretmek, şeýle hem içerki we halkara söwdasyny, işjeň gatnaşyklaryny üzül-kesil ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly. Maksatnamanyň bu hemmetaraplaýyn wajyp tarapyndan ugur almak bilen, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Aziada - 2017 üçin köptaraplaýyn we köpmaksatlaýyn meýilnama işlenilip taýýarlanyldy. Ol sport ýaryşlaryndan has giň bolmak bilen sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, halklaryň arasynda milli medeniýeti, däpleri we türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmek ýaly ugurlary öz içine alýar. Iň esasy zat bolsa bularyň barysyny milli Liderimiziň “Parahatçylyk arkaly ösüş” konsepsiýasy birleşdirýär. Bu gün biz bu ugurlaryň her birinden Türkmenistan Aziýa sebitine baý miras döredip, oňyn netijeleri gazanmaga ukyply diýip ynamly aýdyp bileris. Aşgabat-2017 sebit bazarynyň esasy agzalarynyň ünsüni özüne çekip, Aziýanyň iri maýa goýum we innowasiýa merkezine öwrüler. Ykdysady peýdadan başga-da, biz öz ýurdumyzyň gaýtalanmajak gözelligini, myhmansöýerligini, dünýä üçin açyklygyny, ähli pudaklarda hyzmatdaşlyga taýýarlygyny görkezmek isleýäris. Aziýa oýunlary miras hökmünde Türkmenistana dolandyrmak, menejment, halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk, bilelikde sazlaşykly işlemegiň uly mekdebini geçen hünärmenleri hem berer. Şeýle hünärmenleriň taýýarlanmagy gelejek üçin ähmiýetli maýa goýumlaryň biridir. Aziada-2017 kimin ajaýyp maksatnama boýunça işlemek ajaýyp mümkinçilikdir. Şol sebäpli hem Guramaçylyk komitetiniň we Ýerine ýetiriji komitetiň işgärleriniň işe bolan höwesleri örän ýokary. Oýunlarda işlejek adamlaryň umumy sany 11 müňe golaý. Olardan 10 müňüsi meýletinçilerdir. Bu işgärleriň aglaba bölegi Aşgabatdaky Olimpiýa şäherçesinde geçiriljek synag ýaryşlarynda Oýunlara “ýollanma” alarlar. Synag ýaryşlarynda her bir işgäriň ýerine ýetirmeli işi ilik-düwme öwreniler. Bir söz bilen aýdanyňda, adamlar hem, Olimpiýa desgalary hem barlag synaglaryndan geçer. Biz bu synaglarda gatnaşyjylaryň sany boýunça öňki Oýunlardan has gerimli boljak Aziada-2017 oýunlarynyň üstünlikli, bökdençsiz geçmeginiň girewini görýäris. Aşgabatda geçjek Aziýa oýunlary diňe bir Türkmenistana şöhrat getirmek, Internet giňişliginde ýurdy täzeden açyp görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen jemgyýetiniň ösüşine, ýaş nesliň öz başarnyklaryny üstünlikli peýdalanmagyna güýçli itergi berer. Mundan birnäçe wagt ozal, tehniki sebäplere görä, mümkin däl diýlip hasaplanylan zatlar, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary boýunça durmuşa ornaşdyrylýan innowasiýalaryň täsiri netijesinde doly mümkin boldy. Elbetde, oýunlar, ilki bilen Türkmenistanyň dünýä sport hereketine batly depginler bilen aralaşmagyna ýardam berer. Biziň ýurdumyzda eýýäm milli göreş boýunça dünýä çempionaty, windsýorfing boýunça dünýä Kubogy ýaly iri halkara ýaryşlar geçirildi. Ýöne Aziýada ýaly ýokary derejeli ýaryş ýurdumyzda ilkinji gezek geçiriler. Bu bolsa öňümizde täze, has uly täsir galdyrýan mümkinçilikleri, türgenlerimiziň öňünde bolsa halkara ýaryşlarynda şöhratly ýeňişlere ýol açar.

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir