1-nji sentýabrda Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bilim ulgamynyň täze desgalarynyň we beýleki käbir desgalaryň açylyş dabarasy boldy. Dabaralar paýtagtymyzyň Görogly köçesiniň ugrunda gurlan ajaýyp binagärlik desgasynyň - A.Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň açylyşyndan başlandy. Mekdebiň esasy girelgesine gelen döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň öňünde gutlag sözi bilen çykyş etdi. Milli Liderimiz çykyşynyň başynda hemmeleri ýurdumyzda giňden hem-de dabaraly ýagdaýda bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze, döwrebap binalar toplumynyň açylyp, ulanmaga berilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda ylmy we bilimi ösdürmäge, bu ulgamy dünýä derejesine çykarmaga uly üns berilýär. Türkmenistanda ýaşlarymyzyň bilim derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak, hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Şu gün dabaraly açylyp, ulanmaga berilýän Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumy hem bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ajaýyp miwesidir. Mekdebiň döwrebap binalar toplumynda zerur enjamlar bilen üpjün edilen muzeý, talyplara hyzmat etjek lukmançylyk otagy, 300 orunlyk mejlisler zaly, kiçi mejlisler zaly, şeýle hem resminamalary bildirilýän talaplara laýyklykda saklamaga mümkinçilik berýän arhiw ýerleşýär. Täze binalar toplumynda häzirki zaman kitaphanasy hem talyplara hyzmat eder. Döwlet Baştutanymyz bu 100 orunlyk kitaphanada 30 müň kitabyň saklanjakdygyny aýtdy. Kitaphananyň okalga zaly Internet ulgamy we beýleki elektron serişdeler bilen üpjün edilendir. Bu ýerde talyplar özlerine gerek bolan dürli kitaplardan, neşir önümlerinden we internet ulgamyndan peýdalanyp bilerler. Mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynda 200 orunlyk üsti ýapyk sport zaly we üsti açyk sport toplumlary, şeýle hem beýleki sport meýdançalary bar. Bulardan başga-da mekdebiň binalar toplumynda 500 talyba niýetlenen dört gatly umumy ýaşaýyş jaýlarynyň ikisi, 400 orunlyk naharhana we suw howuzlary bu ýerde işlemek hem-de döwrebap bilim almak üçin ähli amatly şertleriň döredilendigine şaýatlyk edýär. Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda hormatly Prezidentimiz toý bagyny kesýär we binanyň içine girip, mugallymçylyk mekdebiniň eýwanyny gözden geçirip, degişli ýolbaşçylara bu ýerde Aman Kekilowyň heýkelini oturtmak babatda tabşyryk berdi. Bu mugallymçylyk mekdebi ýurdumyzyň baýry okuw mekdepleriniň biridir. Onuň döredileninden bäri geçen 90 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda mugallymlaryň we terbiýeçileriň müňlerçesi taýýarlanyldy. Olaryň ýetişdiren köp nesilleri Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hem ýokary hünärli mugallymlary taýýarlamak işini mynasyp dowam edýärler. Umumy meýdany 52,6 müň inedördül metre barabar bolan mekdebiň täze toplumy iň ýokary bilim ölçeglerine laýyk gelýär. Okuw otaglaryndan başga-da onuň düzümine zähmet okuw otaglary (biçimçilik we tikinçilik öwrenilýän otaglar, ussahana, tagamlar taýýarlanylýan otag), şekillendiriş sungaty, aýdym-saz, mugallymlaryň usulyýet birleşikleriniň otaglary bar. Alty gatly okuw – edara binasynyň birinji gatynda muzeý, kitaphana, lukmançylyk otagy, mugallymlar otagy, 300 orunlyk mejlisler otagy ýerleşýär. Mugallymçylyk mekdebinde bäşinji we altynjy synplarda türkmen dili we edebiýaty, matematika, taryh, geografiýa, zähmet, iňlis dili derslerini okatmak hukugy bolan başlangyç synplaryň mugallymlary, çagalar baglarynda iňlis dilini okatmaga hukugy bolan terbiýeçiler taýýarlanylýar. Döwlet Baştutanymyz tanyşlygyny dowam edip, mekdebe çenli pedagogika we psihologiýa otagyna, multiwediýa tehnologiýalar otagyna, daşary ýurt dilleri otagyna, kitaphana baryp, ol ýerlerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Kitaphanaçy hünärmen kitaphananyň gorlarynyň 30 müň kitaba niýetlenendigini aýtdy. Kitaphanada köpsanly döwürleýin neşirler üçin hem bölümler bar. Okyjylaryň 100-siniň ýerleşip biljek zalynda döwrebap kompýuterler ornaşdyryldy, olar arkaly internet ulgamyna hem girmek bolýar. Bu ýerde printerler, skanerler, nusgalary alýan enjamlar we beýleki tehnikalar hem bar. Mundan başga-da, ýörite enjamly dikeldiş otagy hem göz öňünde tutuldy. Bitewi kitaphana elektron ulgamyndan islendik zerur bolan maglumaty monitora çykaryp bolýar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň döreden kitaplarynyň elektron görnüşleri, şeýle hem beýleki elektron kitaplaryň katalogy görkezildi. Döwlet Baştutanymyz okuw binasyndan çykyp, mugallymçylyk mekdebiniň aýratyn binada ýerleşen sport merkezine, 500 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýyna, mekdebiň mejlisler zalyna bardy we olary gözden geçirip bolandan soň, hormatly myhmanlaryň kitabynda ýazgy galdyrdy. Soňra milli Liderimiz bu okuw mekdebiniň gapdalynda täze gurlan “Aşgabadyň ýalkymy” söwda merkezine gelip, el çarpyşmalar bilen toý bagyny kesip, täze söwda merkezini açdy. Söwda merkezi 44,5 müň inedördül metre golaý meýdany eýeläp, onuň içinde 17 dükan, 550 orunlyk restoran we “Altyn açar” ulgamynyň garbanyşhanasy, gözellik salony ýerleşdirildi. Bu ýerde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän dürli görnüşli azyk önümleri ilata hödürlenýär.Merkeziň çörek we çörek önümleri satylýan dükanynda türkmeniň ak bugdaýyndan öndürilen dürli görnüşdäki çörek önümleri bu ýere gelýänleriň ünsüni özüne çekýär. Soňra Döwlet Baştutanymyz indiki açyljak desga-täze mekdebiň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi. Paýtagtymyzyň 116-njy mekdebiň mugallymlary we okuwçylary hormatly Prezidentimizi ruhubelentlik bilen garşyladylar. Döwlet Baştutanymyz Aşgabat şäher häkimliginiň buýurmasy boýunça Türkiýäniň “Total Inşaat Sanai we Tijaret LTD ŞTI” gurluşyk şereketiniň bina eden täze mekdebi bilen tanyşdy. 600 orunlyk mekdep 2,84 gektar meýdanda ýerleşýär. Bu ýerde okuw sapaklaryny, terbiýeçilik işlerini, bedenterbiýe – sport we medeni çäreleri geçirmek üçin ähli şertler döredildi. Synp otaglary döwrebap multimediýa we kompýuter enjamlary, dürli dersler boýunça okuw gollanmalary bilen üpjün edildi. Amaly sapaklary, fizika, himiýa we beýleki dersler boýunça tejribeleri geçmek üçin laboratoriýalar, kitaphana, tans bilen meşgullanmak üçin niýetlenen ýörite otaglar, drama we beýleki gyzyklanma bildirilýän gurnaklar üçin otaglar bar. Mundan başga-da döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan çaga lukmanynyň we diş lukmanynyň otaglary, 200 orunlyk naharhana, baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin uly mejlisler zaly ýerleşýär. Uly we kiçi sport zallary hem-de futbol, woleýbol, basketbol, ýeňil atletikanyň dürli görnüşleri üçin niýetlenen sport meýdançalary bar. Bu ýerde dürli sport ýaryşlaryny geçirip bolýar. Mekdep okuwçylaryny hemmetaraplaýyn terbiýelemek üçin zähmet okuwy otaglary hem göz öňünde tutulypdyr, bu ýerde gyzlar tikin tikmegi, keşde etmegi, milli tagamlary taýýarlamagy öwrenýärler, oglanlar ussaçylygyň inçe tärlerini ele alýarlar. Döwlet Baştutanymyz mekdep bilen doly tanşanyndan soň, çagalara gowy okamagy hem-de olaryň ähli sapaklar boýunça diňe 5-lik bahalary almagy arzuw edip, asylly däbe görä, 1-nji synp okuwçylarynyň her birine noutbuklary gowşurdy. *** Ýurdumyzda täze okuw ýylynyň başlanmagy ähli welaýatdarda we Aşgabat şäherinde gurlan bilim ulgamynyň onlarça edaralarynyň açylmagy bilen alamatlandyryldy. Hususan-da, şü gün ýurdumyzda umumybilim berýän mekdepleriň 25-si, çagalar baglarynyň 14-si şeýle hem sport mekdepleriniň ikisi öz gapylaryny giňden açdylar.