Täze okuw ýylynyñ bashlamagy bilen mekdebe gelen okuwçylar bir zada üns berendir: mekdep tutushlugyna remont edilendir, synplar boýalandyr. Beýle täzeje diwary neneñ hapalajak däl?! Okuwçylaryñ arasynda herhili söwesh sungatyna (tekwando, karate, kikboks, wsm) gatnaýanlaryñ subutnamalary ýylyñ dowamynda diwarlara möhürlener. Köwüsh yzlary adam boýundan ýokarda görüp bolýar. Sport desgalaryñ ishi gaýdýar. Tuwaletleri görer ýaly bolmaýar. Käbir bilim ojaklarynda synplaryñ arasy alçipan bilen bölünen soñ, güýçli elleriñ/aýaklaryñ urgysyna çydaman deshik açylýar. Okuwçylar öýlerinde edip bilmedik haýwanlyklaryny mekdepde edýär. Netijede adam öz okaýan ýerini näme üçin bu hala getirmeli-kä? Ol synpdan, ol shertlerden, mekdepden ertäki gün ulanjak özi. Günüñ iñ az 5-6 sagadyny shu mekanda geçirýär. Ýagny ikinji öýi. Belki-de mugallymlar öz wezipelerini ýerine ýetirip bilýän däldir. Mugallymlar gowy görelde bolsady bu ahwala düshmezdi. Ýa-da basga ýagdaýlar barmy?