Şu gün paýtagtymyzyň günbatar künjeginde, Görogly köçesiniň ugrunda Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň acylyş dabarasy boldy. Desganyň gurluşygyna 2013-nji ýylyň 11-nji ýanwarynda gol çekilen Karara laýyklykda girişildi. A.Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň täze binalar toplumynyň gurluşygyny ýurdumyzyň Bilim ministrliginiň buýurmasy esasynda Türkiýäniň “Total Inşaat Sanaýi we Tijäret Ltd” kompaniýasy ýerine ýetirdi. Birnäçe binalardan durýan toplumyň gurluşygynda häzirki zaman gurluşyk materiallary we ekologiýa taýdan howpsuz bezeg işleri ýerine ýetirilen. Binanyň öň tarapyny milli haly gölüniň keşbini şekillendiren mermer daşlary bezeýär. Şeýlelikde, bir müň orunlyk täze gurulan mugallymçylyk mekdebi häzirki zaman binagärlik talaplary nazara almak bilen, milli gurluşyk däpleriniň hem-de häzirki zaman ýörelgeleriniň utgaşyklygynda bina edilen. Toplumyň düzüminde edara ediş binasy, okuw binalary, multimediýa enjamlary, kompýuterler, interaktiw tehnologiýalar bilen üpjün edilen okuw binalary, 500 okuwça niýetlenen umumy ýaşaýyş jaýy, 400 orunlyk naharhana, kiçi futbol, basketbol we woleýbol bilen meşgullanmak üçin açyk we ýapyk sport meýdançalary bar. Şeýle hem bu ýerde binanyň ýyladyş hem-de sowadyş ulgamlary, awtoulaglar üçin duralga hereket eder. Talyplar Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň binýadynda merkezi bölümi ýerleşen elektron kitaphanasynyň hyzmatyndan peýdalanarlar. Dört we alty gatly binalardan emele gelenk ak mermerli desga taslama boýunça 52 müň inedördül metr ýerde ýerleşen. Aşgabadyň mugallymçylyk okuw mekdebiniň häzirki talyplary, ýagny geljekki mugallymlar dünýä ylmyna çuňňur aralaşmaga çalyşýan, öz işiniň ussatlary bolup ýetişmäge höwesli ýaşlar barada yzygiderli alada edýändigi üçin hormatly Prezidentimiz G. Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar we geljekde mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine zähmet çekmek mümkinçiligine eýe bolýandyklaryna şatdyklaryny belleýärler.