27.08.2015 ý. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi iş sapary boldy. Döwlet baştutanlarynyň taraplaryň resmi wekilýetlerini tanyşdyryş dabarasyndan soň, özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda ozal gazanylan ylalaşlyklaryň durmuşa geçirilişini iki goňşy ýurduň we halklaryň bähbidine laýyk gelýän türkmen - owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläkde ösdürmegiň esasy ugurlaryny we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Soňra kiçi mejlisler zalynda döwlet baştutanlarynyň ýokary derejedäki ikiçäk gepleşigi geçirildi. Bu duşuşykda Owganystan Yslam Respublikasyna Prezitenti Mohammad Aşraf Gani çakylygy kabul edip, Hormatly Prezidentimiziň Owganystana resmi iş saparyna gelmegine örän hoşaldygyny we örän uly taryhy ähmiýetli wakadygyny belläp geçdi hem-de Türkmenistan döwletiniň baştutanyna, ähli türkmen halkyna Owganystanyň durmuş ykdysady taýdan dikeldilmegine yzygiderli kömek we uly goldaw berilýändigi, şol sanda dürli ulgamlarda wajyp taslamalary durmuşa geçirýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz mähirli garşylandyklary üçin minetdarlyk bildirip, türkmen tarapynyň bu sapara ikitaraplayyn gatnaşyklary täze derejelere çykarmaga mümkinçilik berýän möhüm tapgyr hökmünde garaýandygyny aýtdy. Milli Liderimiz Türkmenistanyň türkmen-owgan hyzmatdaşlygyna örän uly ähmiýet berýändigini we döwletara gatnaşyklaryň özara düşünişmek, birek-birege hormat goýmak esasynda we iki halkyň bähbidi göz öňünde tutulyp barha ösdürilýändigini belläp geçdi. Taraplaryň arasynda geçirilen gepleşiklerde Milli Liderimiz tarapyndan Owganystandaky bar bolan ähli meseleleri diňe parahatçylyk ýoly bilen, gepleşikler we uzak möhletli täze syýasy diplomatik gurallary döretmek arkaly çözmekligi dogry hasaplaýandygyny belläp geçdi. Biziň Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz, türkmen halkynyň köp asyrlyk dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen goňşy Owganystana durmuş-ykdysady we gumanitar taýdan yzygiderli kömekleri berip gelýän döwletdir. Ýangyç energetika pudagynda alnyp barylýan işler, hususanda Türkmenistan-Owganystan-Päkistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirmek boýunça bilelikdäki tagallalar oňyn netijeleri berýär we nesip bolsa onuň gurluşygyna şu ýyl başlamaklyk göz öňünde tutulýar. Ulag aragatnaşyk hyzmatdaşlygy babatynda bolsa iri taslamalaryň biri bolan Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygynyň alnyp barylmagyny bellemek bolar we bu demir ýolunyň geçirilmegi ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady we haryt dolanşygynyň ösmegine oňyn täsirini ýetirer. Şeýle hem Milli Liderimiz ýurdumyzyň Lebap we Mary welaýatynda gurulýan elektrik enegiýasyny öndürýän desgalaryň işe girizilmegi bilen Owganystana goýberilýän elektrik energiýasynyň möçberi 5 esse artdyrmaga mümkinçiligiň dörejekdigini belläp geçdi. Doganlyk owgan döwletinde haly dokamaklyga uly üns berilýär we ýurtda aýal-gyzlaryň 80 göteriminiň haly dokamaklyk bilen meşgullanýandygy göz öňünde tutulyp, “Türkmenhaly” döwlet birleşigi bilen owgan tarapynyň haly bilen meşgullanýan edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmaklyk bellenildi. Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky serhet dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk serhedi-dir bu hemişe hem şeýle bolar. Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň belent ynsanperwer däplerine esaslanyp, şeýle hem dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk türkmen-owgan gatnaşyklaryndan ugur alyp, Owganystan Yslam Respublikasynyň Hyrat welaýatynyň Turgundy şäherçesinde şu ýylyň 5-nji awgustynda 20 orunlyk çaga dogrulýan öýüniň gurluşygyna başlanmagynyň bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilmeginiň anyk subutnamasydygyny belläp geçdi. Bu ýokary derejedäki duşuşykda Türkmenistanyň hökümeti bilen Owganystanyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky ähtnamalara gol çekildi, şol sanda energetika, sport we maliýe ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ähtnamalar baglaşyldy. Bu iş saparynyň barşynda Hormatly Prezidentimiz Owganystanda kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri bilen duşuşdy we olaryň hal-ýagdaýy bilen içgin tanyşdy. Türkmenistan döwleti tarapyndan Owganystana parahat, abadan durmuşy gurmaga hemmetaraplaýyn kömek berýändigi üçin Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammed Aşraf Gani Türkmenistanyň Prezidentine we tutuş türkmen halkyna çuňňur hoşallyk bildirildi. “Goňşy-goňşynyň diregi” we “Kyýamat güni goňşydan” diýlişi ýaly, bu gün Milli Liderimiziň Owganystan Yslam Respublikasyna bolan resmi iş sapary bütin dünýäniň ýurtlarynyň arasynda uly gyzyklanma döretdi we parahat söýüji Türkmenistan döwletiniň öz ýakyn goňşusy Owganystan Yslam Respublikasyna edýän ykdysady we ynsanperwerlik kömeklerine diňe bir owgan halky däl, eýsem, bütin dünýä ýokary baha berýär.

Köneler, Ishli tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir