Barselonanyň we Argentinanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lionel Messi Port-Žentiloda (Gabon) Afrika-2017 kubogynyň geçjek oýunlary üçin stadionyň düýbüni tutmaklyk dabarasyna gatnaşdy we ilkinji kerpijini goýdy. Bu futbol meýdança 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berler. Gabonyň Prezidenti Ali Bongo Ondimby birnäçe ýyl mundan öň Barselona zyýarat edip Messi bilen görşüpdi we öz ýurduna myhmançylyga gelmegi üçin Messiden söz alypdy. Meniň ýazgylarymy LINE-iň futbol akkauntlary öz sahypasynda paýlaşjak bolsa hökman adresi görkezsin! Awtorlyk hukugyny depelemäliň!
Messi Afrikada!
-
messibet
9 years ago
- Dünýä çempionatynda hem-de Amerika Kubogynda final oýnady, ýöne ikisinde-de kümüş medal bilen oňňut etmeli boldy.
-
Shanazar
9 years ago
- Gutaran oyuncy bolsa almazda
-
messibet
9 years ago
- @Shanazar
Gutaran oýunçy diýýäniň 4 gezek Ballon Dor-y aldy. Şeýlede ýokarda agzan ýaryşlamda finalist boldy.
Hany, indi sen aýt! Ol-a gutaran oýunçy eken, seň mundan ýokary görýän oýunçyň kim we näme baýraklar we baýrakly ýerler aldy milli ýygyndysynda?
messibet 9 years ago- Amerika Kubogynda Messi ýene bir gezek çempion bolup bilmän gaýtdy.