Türkmen medeni we edebi mirasa juda baý halk. Milletimiziň ýüreginden syzylyp çykan namasy bolan halk döredijiligimiz hem milli edebi baýlygymyzyň köp taraplaryny özünde jemleýär. Çünki türkmeniň müňýyllyklaryň dowamynda kemala gelen paýhasy, edim-gylymy, däp-dessury, niýet-päli, etsem-goýsamy onuň halk döredijiligi eserlerinde şöhlelenýär. Şonuň üçin-de bu eserler halk arasynda giň meşhurlyga eýe bolup, asyrlarboýy dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýatdan aýdylýar. Olaryň içinde diňe bir milletimiziň däl, eýsem dünýä halklarynyň-da medeni hazynasy bolmaga dalaş edýänleri az däl. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Arkadag Prezidentimiziň tagallalary bilen milli medeniýetimiziň beýleki hazynalary bilen birlikde dünýä çykýan sungatymyzyň iň naýbaşylarynyň biri-de küştdepdi tansydyr. Häzirki döwürde ýurdumyzyň islendik künjeginde geçirilýän toý-baýramlaryň bezegine öwrülen küştdepdiler ilkibaşda döwletimiziň günbatar etraplarynda döräp, esasan ýomut, gökleň türkmenleriniň arasynda meşhurlyga eýe bolupdyr. Küştdepdi tansynyň hereketleriniň «gazal» diýlip atlandyrylýan bentler bilen utgaşdyrylmagy täsin bir sazlaşygy kemala getirýär. Munuň özi bu tansy ýerine ýetirýäne, bentlerini aýdýana, şol sanda oňa tomaşa edýäne özboluşly täsir edip, göwün guşuny ganatlandyrýar, köňüllerini heýjana getirýär. Küştdepdiniň özüne mahsus birnäçe aýratynlyklary bar. Şolaryň biri-de oňa zenan, erkek, ýaşy gartaşan ýa-da ýetginjek, tapawudy ýok, islendik ynsanyň gatnaşyp bilýänligidir. Küştdepdi-de aýdylýan bentleriň toýa görä düzülip, temasynyň dürli-dürli bolmagy hem türkmen milli tansyna mahsus özboluşlylykdyr. Bentlerde watançylyk, dostluk, söýgi, ýaşlaryň bagtly geljegi we şulara meňzeş dürli meseleleriň beýan edilmegi, bu sungatyň durmuşymyzyň dürli ugurlarynda özüne mynasyp ornuny alandygyna şaýatlyk edýär. Küştdepdi gazallarynyň tema çygrynyň giňligi, onuň terbiýeçilik ähmiýetini hem güýçlendirýär. Mysal üçin, iň meşhur gazallaryň birinde şeýle diýilýär: Haýrany haýran etjek, Jahany seýran etjek. Gerek bolsa, Watanma Janymy gurban etjek. Görşümiz ýaly, bu bentde Watanyňy ösdürmek, gülletmek üçin goluňdan gelenini gaýgyrmaly däldigi çeper beýan edilip, watanperwerligiň belent nusgasy görkezilýär. Bu gazallary diňlän nesillerimiziň watançylyk duýgusynyň pürepürlenip, eziz ýurdunyň, il-gününiň abadançylygy ugrunda janaýaman zähmet çekjekdigi ikuçsuzdyr. Islendik halk döredijilik eserlerine mahsus bolan, döwrüň ruhuny beýan etmeklik küştdepdilerde hem aýdyň duýulýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe toý-baýramlarda ýaňlanýan küştdepdilerde milletimiziň şu günki bagtly durmuşy giň beýanyny tapýar: Türkmenistan bagtyýar, Ösüşlerde galkynýar. Mähriban Arkadagym Ýurdumyzy gülledýär. Berkararlyk bady bar, Galkan göwün şady bar. Arkadag saýasynda Türkmenleriň bagty bar. Asmanymyz asuda, Parahatlyk bar munda. Ösüşleriň döwründe Beýgelýär her öwrümde. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Arkadagymyz medeni baýlyklarymyzy gorap saklamak we olary umumadamzat gymmatlygyna öwürmek, şeýle-de milli mirasymyzy dünýä ýaýmak ugrunda uly tagallalar edýär. Muňa döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň Mejlisiniň deputatlary bilen geçiren duşuşygynda «Milli maddy däl medeni mirasy gorap saklamak hakyndaky» Kanunyň taslamasyny taýýarlamak baradaky teklibi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda geçirilen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda eden çykyşyndaky: «Özboluşly dessanlarymyz, ajaýyp haly göllerimiz, küştdepdi ýaly tanslarymyz maddy däl medeni miras hökmünde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilse, maksada laýyk bolardy» diýip belledi. Hakykatdan-da türkmen topragynda döräp, asyrlaryň synagyndan geçen medeni gymmatlyklarymyz tutuş adamzadyň hormatyna mynasyp bolýar. Muny ýurdumyzyň çäginde guralýan halkara maslahatlardyr festiwallarda, şeýle-de daşary döwletlerde geçirilýän Türkmenistanyň Medeniýet günlerinde gaýry milletleriň wekilleriniň biziň milli gymmatlyklarymyza bolan garaýyşlaryndan-da aýdyň görýäris. Şol medeni çärelerde sungat ussatlarymyz milli küştdepdi tansymyz bilen täsirli çykyş edip, dünýä halklaryny haýrana goýýar. Golaýda Mary şäheriniň 2015-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty derejesini almagy mynasybetli geçirilen konsertde hem bu ýagdaýyň janly şaýady bolduk. Şol konsertiň ahyrynda pessaý äheň bilen başlanyp, depgini barha güýçlenen küştdepdi tansymyz ildeşlerimize, şeýle-de dürli ýurtlardan gelen myhmanlara ruhy lezzet paýlady. Bagtyýar zamanada milli medeniýetimizi we sungatymyzy dünýä çykarmaga giň ýol açan Arkadag Prezidentimiziň jany sag, başy dik, tutýan tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!