Halkyň arasynda käbir adamlaryň dowul turzup, iş haklarynyň azaldylmagynyň, talyp haklarynyň, pensiýalaryň ýatylmagynyň mümkindigi baradaky we beýleki ýalan-ýaşryk sözleri bu gün doly ýalana çykdy. Munuň şeýledigini, döwletimiziň Prezidentiniň ýolbaşçylygynda, 5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisi-de doly tassyklaýar. Mejlisde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş ýagdaýynyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda makro ösüşlere eýe bolunýandygy bellenildi. Ol 5 aýyň dowamyndaky işler bilen delillendirildi. Ýurdumyzda halkyň aýlyk-günligi, çaga pullary, pensiýalar, talyp haklary wagtly-wagtynda tölenilip gelinýär. Şu mesele bilen Prezidentimiz çykyş etdi we halkyň aýlyk-günlüginiň, pensiýa pullarynyň, talyp haklarynyň täze ýyldan 10 göterim galdyryljakdygyny halkyň dykgatyna ýetirdi. Bu ugurda zerur işleri ýola goýmaklygy degişli ýolbaşçylara tabşyrdy. Halkymyzyň hal-ýagdaýy, adamlaryň eşretli ýaşaýşy üçin döredilýän şertdir mümkinçilikler belläp geçerliklidir. Türkmen maşgalasynda azyndan, bolmanda bir adamyň işlemäge mümkinçiligi bar. Bir adamyň iş haky bilenem maşgalanyň hojalyk ýagdaýy doly dolandyrylyp bilinýär. Çörek we çörek önümleri, süýt-gatyk, et, ýag, şeker we beýleki önümler hojalykdaky bir adamyň zähmet hakyna, ol iş haky iň kiçi möçberli iş haky bolanlygynda-da, (600 manat) maşgalany dolandyrmaga mümkinçilik döredýär. Galyberse-de, daýhançylyk, maldarçylyk bilen meşgullanjakmy, möçberi ujypsyzja salgyt bilen ýer işläp, ekin ekmäge, suwdan peýdalanmaga, mal-gara seretmäge, et, süýt, ýumurtga, gök-önüm öndürmäge, telekeçilik bilen meşgullanmaga doly şertlerimiz bar. “Ilim-günüm, öý-ojagym” diýip, zähmet çekýän adam hor-har bolanok. Ynha, ýokarda görkezilen mysallar halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulanmagy ugrunda döwletimiz tarapyndan ençeme işleriň alnyp barylýandygyny dolulygy bilen görkezýär. Bu ugurda her bir türkmenistanlyny işjeň zähmete çagyrýarys. Goý, ata Watanymyzyň ösüşleri mundan beýlägem dowam etsin, şol ösüşlere biziň her birimiziň mynasyp goşandymyzyň bolmagy gerek!