5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde halkyň dykgatyna ýetirlen habar – BMG-niň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisiniň 193 döwletiniň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň täze rezolýusiýasyny kabul edenligi begendiriji waka boldy. Çünki Türkmenistan döwletimiz dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylygy, asudalygy ündeýän, halklaryň arasynda dost-doganlygy dabaralandyrýän döwlet hökmünde tanaldy. Şonuň üçin ýurdumyz Aziýa sebitinde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün edýän Merkeze öwrüldi. Şu ýerde döwletimiziň goňşy döwletlere doganlyk goluny ýapýandygyny belläsimiz gelýär. Halklaryň durmuşy bilen berk baglanyşýan daşary ýurt saparlary bolup geçdi, şol duşuşyklarda oňyn çözgütli ençeme meselelere seredildi we olaryň çözgütleri tapyldy. Owganystan döwletine biziň döwletimiz tarapyndan yzygiderli kömek edilýär. Şol kömeklerin arasynda iýmit, lukmançylyk ugruna degişli kömekler, ýangyç, elektrik energiýasy, saglyk öýi, mekdepler we oňa gerek bolan enjamlar we beýlekiler kömek edilip gelinýär. Bu gün bolsa goňşy döwlete çaga dogruş öýüniň gurlup berilmegi meýillleşdirildi. Ine, şu zatlaryň ählisi Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk binýadynyň barha berkeýändigini, şol bir wagtyň özünde dabaralanýandygyny subut edýär. Türkmenistan başga bir döwletiň içki syýasatyna goşulmaýar, halkara harby birleşiklere girmeýär, dost-doganlyk, parahatçylyk syýasatyny ýöredýär. Döwletimiziň parahatçylyk syýasaty, Bitaraplyk derejesi ýurdumuzuň asuda bolmagyna, halkymyzyň hal ýagdaýynyň ýyl geldigiçe gowulaşmagyna, döwletimiziň ykdysadyýetiniň ösmegine getirýär. 5-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ösüş ýagdaýynyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda makro ösüşlere eýe bolunýandygy bellenildi. Ol 5 aýyň dowamyndaky işler bilen delillendirildi. 5 aýyň dowamynda obalaryň, şäherleriň, şäherçeleriň durmuş-ýaşaýyş derejeleri, dogrudan-da, gowulandy. Birnäçe ýollaryň durky täzelendi, abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Gerek ýerlerinde geçelgeler, köpüriler guruldy. Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş toplumlary emele geldi. Öňki ýaşaýyş toplumlaryndaky jaýlarda abatlaýyş işleri alnyp baryldy. Olaryň daşalary agardyldy, ýa-da ýörite örtgi bilen daşlandy, köçeler abatlandy. Jaýlaryň arasynda bäş ärdim aňrysy görünmeýän, sümme tokaýa öwrülen, üsti-üstesine, münder-münder edilip, başly-barat gurlan garažlar, gurluşyklar aýrylyp jaýlaryň aralary arassalandy, jaýlaryň aralaryndan şemal çaldy, umuman, köne etrapalaram täze şäherçelere deňleşdi. Suw geçiriji turbalar çalşylyp, halkyň suw bilen üpjünçilik ýagdaýlary-da has gowulandy. Aragatnaşyk ulgamy bilen baglanyşykly işleri-de şu mysallarymyza goşasymyz gelýär. Bu ugurda taryhy waka bolup geçdi. Ol hem türkmenistanlylaryň özleriniň emeli hemralarynyň Älem giňişligine çykmagy boldy. Ýurdumyzda halkyň aýlyk-günligi, çaga pullary, pensiýalar, talyp haklary wagtly-wagtynda tölendi. Şu mesele bilen Prezidentimiz çykyş etdi we halkyň aýlyk-günlüginiň, pensiýa pullarynyň, talyp haklarynyň täze ýyldan 10 göterim galdyryljakdygyny halkyň dykgatyna ýetirdi. Goý, ata Watanymyzyň ösüşleri mundan beýlägem dowam etsin!

Köneler, Ishli tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir