Söhbedimiziň ugrukdyryjysy boljak içki sözbaşymyz milli Liderimiziň ganat beren parasatly jümlesi bolmak bilen, Bitaraplygymyzyň ähmiýetini beýan edýän iň manyly pähimdir. Bu pähimiň many-mazmunyna has-da aýdyň düşünmäge synanyşalyň. Filosofiýada şunuň ýaly düşünje bar: çaga ynsan hökmünde dünýä inýär. Ýöne welin, ol doglan pursady näme-de bolsa heniz adam bolmaga dalaşgärdir. Ol ýalňyzlykda adam bolup bilmez, oňa adam bolmagy öwrenmek gerek. Ony adamlar dünýäsine girizýän jemgyýetdir, diňe şol onuň özüni alyp barşyny ugrukdyrýar we sosial mazmun bilen doldurýar. Bu ýerde nygtaljak bolunýan pikir şu: adam diňe millet, halk, adamzat bilen bir jan, bir ten bolanda hakyky ynsandyr. Adam şolara daýanyp hereket edende özüniň içki düýp manysyny açyp, şahsyýetine hem öz halkyna, tutuş adamzada şöhrat getirip biler. Hawa, biz adam bolmagy, adam şekilli ýaşamagy jemgyýetden öwrenmeli. Bu babatda biziň — ýigrimi birinji ýüzýyllykda ýaşaýan türkmenleriň bagty çüwüpdir. Biz ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren kämil ruhy hem maddy gymmatlyklarynyň mirasdüşerleri. Ynsanperwerlik, oňşuklylyk, ejize goldaw bermek, adamkärçilik... ýaly ençeme gylyklar hem gan bilen geçen häsiýet bolmak bilen, «türkmençilik» diýen düşünjäniň esasyny düzýärler. Durşy bilen ynsanperwerlige ýugrulan türkmençilikde edebiň başynyň salamdan başlanmagynda hem uly many bar. Şahyryň çeper dili bilen aýdanyňda, milletimiziň sahawaty salamyndan duýulýar, salamda türkmeniň ýüreginiň ýylysy bar. Edebi dilimizde «sag-salamat» diýen sözleriň tirkeşdirilip ulanylmagy hem halkymyzyň asudalygy — salamatlygy baş baýlyga deňeýän saglygy bilen deň derejä göterip, uly ähmiýet berenliginiň ýene-de bir güwäsi. Çünki bularyň ikisi-de biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatlyklar. Akyldar al-Faraby şeýle diýýär: «Ata-babalarynyň gazanan at-abraýyna guwanyp, olara meňzemäge çalşan ynsan adamlaryň arasynda üstünlik gazanar we pederleriniň gazanan abraýyny has-da zyýada eder». Hakykatdan-da, akyldar mamla. Ata-babalarymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýörelgelerini «Bitaraplyk» taglymatynyň astynda jemläp, ony daşary syýasatynda ugur alýan esasy ýörelgesine öwren gadym oguz ýurdy üçünji müňýyllykda ylalaşdyryjy merkeze öwrüldi. Şol syýasaty amal edýän milli Liderimiz tutuş dünýäde ykrar edildi. Hawa, oňyn Bitaraplyk syýasatymyz dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan gyzgyn goldanylyp, adamzat üçin adalatly, parahat we gülläp ösýän geljegiň gözleginde Türkmenistanyň goşandyna, ygrarlylygyna we öňdebaryjylygyna ýokary baha berilýär. «Dünýäde ykrar edilen Lider» kitabynda beýan edilen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi U Hunbiniň garaýyşlary bu hakykatyň iň buýsandyryjy subutnamasy bolsa gerek: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurduň daşary syýasatyny beýleki döwletleriň daşary syýasatyndan tapawutlandyrýan esasy aýratynlykdyr. Daşarky dünýä we halkara bileleşigi Garaşsyz Türkmenistany hut şu tapawutly aýratynlyk bilen has giňden tanaýar. Hemişelik Bitaraplyk türkmen halkynyň aňyrdan gelýän parasatlylygyny şöhlelendirmek bilen, Türkmenistanyň häzirki döwürdäki bähbitlerine laýyk gelýär hem-de dünýä bileleşiginiň ösüş hereketlerine sazlaşykly utgaşýar. Hut şonuň üçin hem hemişelik Bitaraplyk syýasaty ägirt uly iteriji güýje eýedir». Türkmen döwletiniň parahatçylykly daşary syýasatyna bolan oňyn garaýyşlaryň sany näçe diýseň bar. Ol pikirleri aňyňda aýlap, milli Liderimiziň juda mamladygyna — türkmen Bitaraplygynyň hakykatdan hem halklary doganlaşdyrýan gudratdygyna magat göz ýetirýärsiň. Hakykatdan-da, Bitaraplyk syýasatymyz — tutuş ynsanyýetiň parahat durmuşynyň kepilidir, ertirki gününe ynamly garamakdyr, arkaýyn zähmet çekmek we nesillerimizi erkana ösdürip ýetişdirmek mümkinçiligidir. Hut şonuň üçin-de hormatly Prezidentimiziň ündeýşi ýaly, biziň her birimiz müňýyllyklara uzap gidýän taryhy geçmişimizden gözbaş alýan ynsanperwerlik ýörelgelerimiziň we bitaraplyk taglymatymyzyň bütin dünýäde dabaralanmagyna öz goşandymyzy goşmalydyrys. Bitaraplyk we parahatçylyk ýylynda ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerini bütin äleme ýaýmalydyrys!