“Türkmenistanyň durmuṣ-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ỹyllar üçin Milli maksatnamasy” ykdysady howpsuzlygy pugtalandyrmagy, ykdysadyỹeti diwersifikasiỹalaşdyrmagy ösen döwletleriň derejesine ỹetmek üçin her hili toplumlaỹyn çȁreleri geçirmegi göz öňüne tutỷar. Bu nukdaỹ nazardan her ỳylyň 1-nji ỹanwaryndan bỹujetden maliỹeleşdirilen edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyndaky kȁrhanalaryň we jemgyỹetçilik guramalaryň işgȁrleriniň zȁhmet haklarynyň, pensiỹalaryň we döwlet kömek pullarynyň, talyp haklarynyň möçberiniň 10 göterim ỹokarlandyrylmagy raỹatlarymyz üçin edilỹȁn aladalaryň durmuşa ornaşdyrylỹandygyny subut edỹȁr. Emma “Süri agsaksyz bolmaz” diỹilşi ỹaly bagtyỹar ilimiziň buỹançly döwrüne şek ỹetirỹȁn, halkyň içinde dowul döredip, “amerikan dollarynyň bahasy ỹokarlanyarmyş, pensiỹa we kömek pullar mundane beỹlȁk berilmeỹȁrmiş” ỹaly bolup bilmejek myş-myşlary ỹaỹradyp, halkyň parahat ỹaşaỹyş durmuşyny bozmak isleỹȁn kȁbir adamlara nebsiň agyrỹar. Olaryň hiç bir zada düṣünmȁn, anygyna ỹetmȁn edỹȁn gürrüňleri halkyň ỹüregini bulaỹar. Ýöne nȁhili boş gürrüň etselerde, olar biziň ajaỹyp durmuşymyza zeper ỹetirip bilmezler. Sebȁbi ata-baba, pederlerimiz bize terbiỹe mekdebi bolup, “Suw akar, daṣ galar”, “It üỹrer, kerwen geçer” diỹen ỹaly birnȁçe atalar sözüni miras galdyrypdyrlar. Biz hem ṣolaryň ỹoluny dowam etdirip, bolar-bolmaz myş-myşlara gulak gabartman, gybatçylardan gaça durup, ajaỹyp zamanamyza, içerki we daşarky syỹasatymyza dil ỹetirilmegine, halkyň arasyna dowul salynmagyna ỹol bermeli dȁldiris. Hormatly Prezidentimiz 2015-nji ỹylyň iỹun 5-ne, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ỹygnagyny geçirip, onda geçen 5 aỹyň jemleri boỹunça ỹurdumyzyň içerki ösüşiniň 9,5%, maỹa goỹumyň 7,8%, zȁhmet hakynyň 9,7% artandygyny nygtamak bilen, kabul edilen Prezident maksatnamasynyň giň gerimde ỹerine ỹetirilỹȁndigini belledi. Şeỹle-de Hormatly Prezidentimiz 2016-njy ỹylyň döwlet bỹujetini taỹỹarlamaga girişmegi aỹtmak bilen, zȁhmet haklarynyň, çaga pullarynyň, talyp haklarynyň we pensiỹlaryň 10% ỹokarlandyrmaga doly mümkinçiligiň bardygyny nygtady. Munuň özi Hormatly Prezidentimiziň “Döwlet adam üçindir” diỹen ỹörelgesiniň hakykat ỹüzünde durmuşa geçirilmegidir.
Serdar1505 9 years ago- Gaty dogry belleyan, gynansakda aramyzda bilimsiz agzy boshlar hem barda.