Bu günki gün müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip gelen milli halyçylyk sungatymyz Bütindünýä halklarynyň üns merkezinde. Muňa italian syýahatçysy Marko Polonyň: «Bu ýerde iň inçe we reňk babatda hem iň owadan halylar öndürilýär» diýmegi, ýa-da bolmasa italian suratkeşleri L.Memisiniň «Madonna», wenesiýaly suratkeş K.Kriwelonyň «Habar», niderland suratkeşi G.Golbeýniň «Posly» diýen eserlerinde türkmen halylarynyň suratlandyrylmagy aýdyň subutnamadyr. Dünýäni haýrana goýýan halyçylyk sungatymyz, haly dokamak işi öz gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar. Ilkinji halylar gadymy zamanlarda ýaşan çarwa we ýarym çarwa oturymly halklaryň arasynda ýüze çykypdyr diýen çaklamalar bar. Şol has irki dokalan halylardan biziň günlerimize çenli saklanyp galany 1947-nji ýylda daglyk Altaýyň Pazyryk depesinde ýerleşen guburdan tapylan halydyr. Bu haly häzirki wagtda iň gadymy dokalan haly hasaplanylýar. Alymlaryň tassyklamalaryna görä bu haly biziň eýýamymyzdan öňki VI asyrlara degişlidir. Türkmen halylary özüniň täsin şekillendirilişi, ajaýyp reňkleri, berkligi, owadanlygy bilen beýleki ýurtlaryň halylaryndan tapawutlanýar. Şeýle hem türkmen halylarynda birnäçe tapawutly aýratynlyklary görmek bolýar. Ýagny, halynyň nagyşlarynyň şekilleri gadymy türkmen halkynyň döreden ýazuw elipbiýidir. Türkmen halysynyň üsti bilen gadymy türkmen ýazuwynyň şekillerini okamak bolar. Has dogrusy bu şekiller öz gözbaşyny Oguz han türkmeniň elipbiýinden alypdyr diýlip hasap edilýär. Mundan başga-da guşlar hem türkmen haly nagyşlarynyň görnüşi bolup durýar. Şol sebäpden-de halylarda esasy nagyşlaryň biri guşly göl diýlip atlandyrylýar. Türkmen halylarynda ulanylýan reňkler gözel tebigatymyzdan alnandyr. Şonuň üçin hem jana melhem ot-çöplerimizden alnan reňklerden dokalan halylarymyz gözellik, ajaýyp reňklilik, solmazlyk, öwüşginlilik ýaly häsiýetlere eýedir. Enelerimiz, mamalarymyz halyny senet derejesinden ösdürip, sungat derejesine ýetiripdirler. Milli halyçylyk sungatymyzyň häzirki günlerimize çenli gelip ýetmeginde türkmen gelin-gyzlarymyzyň yhlasly zähmeti, mähir-söýgisi ýatandyr. Halydan dokalan duztorba, namazlyk, kejebelik, asmalyk, gap-gaçlar salynýan torbalar, eňsi ýaly haly önümleri türkmeniň diňe bir mukaddes öýüniň-ojagynyň däl, eýsem göwün dünýäsiniň-de bezegidir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli ýerlerinde Türkmen halysynyň baýramy giňden bellenilip geçilýär. Bu bolsa dünýäniň iň abraýly muzeýlerini, köşklerini bezäp duran türkmen halylarynyň derejesiniň, halyçylyk sungatynyň hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda has-da belende göterilýändiginiň, ösdürilýändiginiň nyşanydyr. Türkmeniň milli buýsanjy bolan Türkmen halysynyň baýramy gutly bolsun, halyçy gelin-gyzlarymyzyň daraklary batly ýaňlansyn, işleri ileri bolsun!

Köneler, kitaphanachy tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir