Halyçylyk - türkmen halkynyň örän irki senetleriniň biridir. Onuň gadymylygyny Diýarymyzyň çäklerinde duş gelýän neolit döwrüniň gapgaçlaryndaky nagyşlar hem subut edýär. Gadymy döwürlerden başlap, haly sungaty türkmen halkynyň ruhy we maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülipdir. Haly önümlerini taýýarlamak çarwaçylyk bilen meşgullanan türkmenleriň esasy işi bolup, onda aýalgyzlaryň nesilden-nesle geçip gelýän çeperçilik eserleri şekillendirilipdir. Nepis halylary durmuşa çykýan gyzlar öz elleri bilen dokap, gaýyn öýüne äkidipdirler. Özi-de, uzak geçmişiň dowamynda türkmenler nirelere göç etseler-de, nirelerde döwlet gursalar-da, haly olaryň durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolupdyr. Orta asyrlarda türkmenleriň birtopary Günbatar Aziýa ýurtlaryna göçüp baryp, şol ýerlerde mesgen tutunypdyrlar. Şu mynasybetli türkmen halysynyň ýaýraw çägi has giňäpdir. Şol türkmenleriň halyçylyk sungaty barada söz açyp, akademik W.W.Bartold şeýle ýazýar: «Şu günki Türkmenistandan günbatarda ýaşan türkmenler barada taryhy çeşmelerde has köp ýatlanylýar, çeşmeleriň içinde tutuş türkmen halkynyň taryhy üçin iň gymmatly maglumat XIII asyrda ýaşap geçen arap geografy Ibn Saidiň eseridir. Onuň Kiçi Aziýa türkmenleriniň dürli ýurtlara satlyga äkidilýän halylary baradaky habarlary has gyzyklydyr. Ýazaryň: «Kiçi aziýaly türkmenleriň bu sungaty Orta Aziýadan getiren bolmagy ähtimaldyr» diýip tassyklamagy taryhy hakykata dogry gelýär». XIV-XV asyrlarda garagoýunly we akgoýunly türkmenler Ermenistanyň çäklerinde ýaşapdyrlar. Belli italýan syýahatçysy Marko Polo özüniň «Syýahat» diýen işinde Gündogar Anadolyny «Türkmenleriň ýurdy» diýip atlandyrmak bilen, türkmen halysy barada şeýle habar berýär: «Siz bilýärsiňizmi, bu ýerde iň inçe we dünýäde iň owadan halylar dokalýar». Jahankeşde ol ýerde türkmenler bilen goňşuçylykda ermenileriň hem ýaşandygyny belläp geçýär. Şeýle goňşuçylyk gatnaşyklarynyň netijesinde, halklaryň maddy we ruhy medeniýetleri, köplenç, biri-birine öz täsirini ýetiripdir. Ony türkmen haly nagyşlarynyň ermeni halyçylyk sungatyna ýetiren täsiriniň mysalynda-da aýdyň görmek bolýar. Berlin muzeýinde saklanýan XIV-XV asyrlara degişli ermeni halysyny şeýle täsirleriň. açyk-aýdyň mysaly hökmünde görkezmek bolar. Bu halyda «sagdak», «alagowurdak», «saýlaň» ýaly türkmen haly nagyşlary öz beýanyny tapypdyr. Bu halynyň edil türkmen halysy ýaly goýy gyzyl reňkde bolmagy, türkmen halysynyň täsirinden gelip çykan bolsa gerek. Çünki türkmenleriň el işlerinde, milli lybaslarynda gyzyl reňkiň agdyklyk edendigini taryhyň islendik döwründe-de görmek bolýar. Türk taryhçysy Faruk Sümer «Oguzlar - türkmenler» diýen kitabynda XIV asyrda Anadola syýahat eden arap syýahatçysy Ibn Battutanyň ýazgylaryna salgylanyp, şeýle ýazýar: «XIV asyryň ikinji ýarymynda we XV asyryň başlarynda Türkiýe türkmenleriniň lybaslary, umuman, Orta Aziýa türkmenleriniňki ýalydy. Hatda olaryň aýal-gyzlary-da sary-gyzyl reňkli ädik geýýärdiler. Başlarynda gyzyl tahýa bardy». Bu alym türkmenleriň halyçylyk bilen meşgullanyp, gymmat bahaly halylary başga ýurtlara satuwa çykarandyklaryny hem belläp geçýär. Taryhçy alym Öwez Gündogdyýew öz işlerinde «Arsah» halylary barada gymmatly maglumatlary berip, ony türkmen we ermeni halkynyň ýakyn gatnaşykda we agzybirlikde ýaşandyklarynyň nyşany hökmünde görkezýär. Ermeni halyçylary türkmen haly nagyşlaryny has soňraky döwürlerde hem ulanypdyrlar. Bu bolsa taryhyňmähli döwründe-de iki halkyň elmydama dostlukly gatnaşykda bolandygynyň we medeniýetleriniň birek-birege täsir edendiginiň şaýatnamasydyr. Gözelligiň, nepisligiň nusgasy bolan ajaýyp türkmen halylary gadym döwürlerde dürli ýurtlaryň şalarynyň köşklerini bezän bolsa, häzirki döwürde-de daşary ýurtly döwlet baştutanlarynyň ençemesiniň kabulhanalarynyň esasy bezegi, mynasyp gymmatlygy bolup durýar. Biziň halylarymyz dünýä bazaryndada iň hyrydarly harytlaryň biri bolup, zeminiň ýaşaýjylarynyň köpüsiniň öýüne baky ýazy peşgeş berýär. Şonuň üçin-de türkmen halýlary uly meşhurlyga eýe hem-de dostlugyň ilçisi bolup dünýä dolýar.