Halkymyzyň durmuş ýagdaýy gün-günden ýokarlanýar, her bir maşgalanyň eli uzadan ýerine ýetýär. Durmuşda has zerur bolan zatlarymyz-gazymyz, togumuz, suwumyz, duzumyz halka mugt berilýär. Esasy iýmitlerimiz- çöregimiz, etimiz we beýlekiler mugtuň bäri ýany. Beýleki döwletlerde maşgalanyň girdeýjisiniň esasy bölegi ýokardaky agzalanlara sarp edilýär. Allatagala adamyň tebigatyna görüpçilik diýen bir nägehany salypdyr. Aramyzda halkymyzyň bu eşretli durmuşyny görüp bilmeýänler hem duş geläýýär. Ata-babalarymyz :”Süri agsaksyz bolmaz” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Şeýle adamlaryň käbiri ýalan-ýaşyryk sözleri agzyndan çykarýarlar. “Aýdylan sözi ýel göterer” diýişleri ýaly, käbir suw meýilli gurbaga çalymdaş adamlar aýdylanlary has çişirip, üýtgedip gep ýaýratmak bilen bolýarlar. Öň hem şeýle bir tymsal bar. Bir obanyň çetinde “Pylanynmyň gyzy gaçypdyr” diýen gürrüň çykypdyr. Bu gürrüň obanyň ortasynda eýýäm “pylanynyň gelni gaçypdyr” diýip ýaýrapdyr. Obanyň beýleki çetinde bolsa “toba, toba! Pylanynyň kempiri gaçypdyr diýip, bu ýaşymyzda-ha eşitmändik” diýişip, ýaşulular ýakalaryna tüýkürişipdirler. Häzirki wagtda hem käbir agzy boşlar: “Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wezipesini ýene-de esgerleriň üstüne ýüklenjekmişin. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmatlary, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlar tölegli boljakmyşyn. Talyp haklary we kömek pullary ýatyryljakmyşyn. Daşary ýurt pullary gymmatlajakmyşyn” diýen ýaly boş sözler peýda bolup başlapdyr. Döwletimiz tarapyndan çykarylýan Permanlardyr kararlar bilen azda-kände tanyş adamlar bu zatlaryň hakykatyň golaýyndan hem barmaýandygyna aňry ýany bilen göz ýetirýän bolsalar gerek. Saçaklarymyz doly, bazarlarymyzda arzançylyk, islän zadyň tapylyp dur, ýurdumyz parahat: il-gün arkaýyn ýatyp turýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Myş-myşlaryň tersine- aýlyk haklary, pensiýalar, kömek pullary we talyp haklary her ýylda yzygider 10 göterim köpeldilip gelinýär. Bizde raýatlaryň mugt bilim almaga hukuklary baş kanunymyz - Konstitusiýamyz bilen kepillendirilendir. Bilim barada ýalan-ýaşyryk myş-myşlary ýaýradýan görüpleriň düşünjeleriniň pesdigini, olaryň hukuk taýdan bilimleriniň gözgynydygyny aýratyn belläsim gelýär. Hormatly ildeşler! Ata-baba gelýän: “Agzy bire taňry bir, agzalany gaňrybir” diýen pähimden ugur alyp, her birimiz öz ýerimizde berkarar Watanymyzyň mundan hem beýgelmegi üçin ak ýürekden zähmet çekeliň. Öýümiz, ilimiz, Watanymyz abadan bolsun, tutan işlerimiz bolsa rowaçlansyn!