Bir hökümdar öz aşpezine dostlarynyň myhmançylyga geljekdigini, olara iň süýji zatdan nahar taýýarlamagyny buýrupdyr. Aşpez hökümdaryň myhmanlaryny malyň dilinden taýýarlanan nahar bilen lezzetläpdir. Bir näçe gün geçenden soň, hökümdar ýene-de aşpezini çagyryp, indi öz duşmanlaryny myhmançylyga çagyrandygyny, olara iň ajy zatdan taýýarlamagy buýrupdyr. Aşpez olary hem malyň dilinden taýýarlanan nahar bilen lezzetläpdir. Myhmanlar gaýdanlaryndan soň, hökümdar aşpezinden bu hadysanyň sebäbini sorapdyr. Şonda aşpez: ” adamlary dost edýän hem, gowy zatlary wasp edýän hem, söýgi sözlerini aýdýan hem, halklary dostluk-doganlyga çagyrýan hem dil, dünýäde şondan süýji zat barmy? Şonuň üçin hem men siziň dostlaryňyzy dil bilen lezzetledim” diýip jogap beripdir. “Onda näme üçin meniň duşmanlarymy hem dil bilen lezzetlediň?” diýen soraga aşpez şeýle jogap beripdir: “Adamlary biri-biri bilen duşman edýän hem, ara bozýan hem, ýurtlary uruş belasyna sezewar edýän hem, ýalan töhmet edip, ýurt ýykýan hem dil. Şondan ajy zat dünýäde barmyka?” diýip jogap beripdir. Dogrudan hem, ata-babalarymyz ýagşy sözüň we ýaman sözüň tapawudyna örän gowy düşünipdirler. Magtymguly şahyrymyzyň kakasy Azady atamyz “birek-birege ýagşy söz aýdyň, ýagşy söz aýtmak Pygamberimizden gaýdýandyr” diýip wagyz eder ekeni. Adamyň haýwandan ara tapawudy onuň dil baýlygydyr. Niýeti düzüw adam hiç wagt hem Allanyň bize eçilen bu eşretini onuň bendesiniň garşysyna ulanmaz. Ata-babalarymyzyň arzuwlan, olaryň nesillerine miýesser eden Berkarar döwletde ýaşamak biziň paýymyza düşdi. Döwletimiziň hemme ugurlardan ýeten sepgitlerini indi bütin adamzat jemgyýetçiligi ykrar edýär. Ösen-ösen döwletler biziň ata Watanymyz bilen köp ugurly gatnaşyklary ýola goýýar, özara bähbitli hyzmatdaşlyk edýär. Biziň halkymyz Alla ýalkan halk-parahat, asuda durmuşda ýaşaýarys. Biziň döwletimiz Allanyň nazary düşen ýurt; milli guwançlarymyz-bedewimiz, halymyz, alabaý itimiz, ýer asty we ýer üsti baýlyklarymyz halkymyzyň hyzmatynda. Emma gynansakda, aramyzda halkymyzyň bu eşretli durmuşyny görüp bilmeýänler hem duş geläýýär. Häzirki wagtda hem käbir agzy boşlar: “Polisiýanyň ýol gözegçilik gullugynyň wezipesini ýene-de esgerleriň üstüne ýüklenjekmişin. Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň hyzmatlary, orta we ýokary okuw mekdeplerinde okuwlar tölegli boljakmyşyn. Talyp haklary we kömek pullary ýatyryljakmyşyn. Daşary ýurt pullary gymmatlajakmyşyn” diýen ýaly boş sözler peýda bolup başlapdyr. Hudaýa şükür, saçaklarymyz doly, bazarlarymyzda arzançylyk, islän zadyň tapylyp dur, ýurdumyz parahat: il-gün arkaýyn ýatyp turýar, toýlarymyz toýlara ulaşýar. Myş-myşlaryň tersine- aýlyk haklary, pensiýalar, kömek pullary we talyp haklary her ýylda yzygider 10 göterim köpeldilip gelinýär. Bilim ulgamy barada aýratyn durup geçesim gelýär. Bizde bilim ulgamy häzirki wagtda dünýä ülňülerine gabat gelýär. Hormatly ildeşler! Ata-baba gelýän pähimden ugur alalyň: “It üýrer, kerwen geçer”. Hakykady aýan edýän zat wagtdyr. Uly ynam bilen aýdasym gelýär: ata Watanymyzyň bagtyýar geljegi aramyzda duş gelýän käbir gybatkeşleriň ýüzüne gara çeker.

Köneler, Ishli tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir